Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň habar bermegine görä, mejbury pagta ýygymy Lebap welaýatynda bir okuwçynyň öz janyna kast etmegine sebäp bolupdyr.
Saýat etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň 6-njy orta mekdebiniň 6-njy klasynda okaýan Täzesuwly obasynyň ýaşaýjysy 12 ýaşyndaky Ylhamow Bähram 16-njy sentýabrda bazar güni özüni asdy.
Obadaşlarynyň anonim ýagdaýda gürrüň bermegine görä, owal onuň ejesi Türkiýä eklenç gözlegine gidipdir. Bu oglanyň ruhy ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetiripdir. Munuň üstesine, kakasy hem 13-nji sentýabrda oglanjygy mamasy bilen babasynyň ýanynda goýup, Stambula işlemäge gitdi diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.
Soňky wagtlarda atasy we enesi oglany pagta ýygmaga ibermek üçin yzygiderli ýagdaýda basyş edipdir. Biziň söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, garrylara 12 ýaşly oglanyň okaýan mekdebiniň ýolbaşçylary çagany pagta ýygmaga ibermek talaby bilen basyş görkezipdir. Ene-atasyndan aýralygyň üstesine pagta ýygymy üçin edilýän güýçli basyşlar ol okuwçyny janyndan irizipdir.
Wakanyň bolan güni okuwçy oglanjyk günortan babasy bilen mamasynyň ýanyndan atasynyň bolýan ýerine gidipdir. Ol ýerde oturyp, garpyz bilen el ýaly çörek iýipdirler. Ondan soň ol aýakýoluna diýip aýaguja gidip, şol ýerde hem öz janyna kast edipdir.
Aradan 20-25 minut geçenden soň atasy ony çagyrsa, ses üýn-çykmandyr. "Bar hany, agaňy gör, hajathana ýykyldymy, näme jogap berenok“ diýip, atasyny inisini onuň yzyndan ugradypdyr. Inisi baryp görse, agasy bireýýäm mal tamda özüni asan ekeni.
Azatlyk Radiosy merhumyň obadaşy, Stambulda ýaşaýan aktiwist Rozybaý bilen söhbetdeşlik geçirdi. Onuň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda Türkmenistanyň oba ýerlerinde daşary ýurtlara gazanç gözläp giden ene-atalaryň çagalarynyň bu hili aýralykdan agyr ruhy ejir çekmegi az duş gelmeýär. Mekdep tarapdan dürli bahanalar bilen edilýän basyşlar, pul ýetmezçiligi bolsa bu ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bir wagtda pagta ýygym kampaniýasy hem başlanýar we mekdepler ene-atalardan çagalaryny pagta ýygmaga ugratmagy talap edip başlaýarlar diýip, Rozybaý gürrüň berdi.
"Mekdep ene-atalary daşary ýurtlarda zähmet migrantlygynda bolan okuwçylaryň ruhy ýagdaýy bilen gyzyklanmaýar, olary mejbury ýagdaýda her dürli köpçülikleýin çärä sürýär. Pagta ýygymy möwsüminde çagalar irden okasa, öýleden soň pagta meýdanlaryna sürülýär" diýip Rozybaý gürrüň berýär.
Şu günler Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň, çaga zähmetiniň ulanylmaýyny ýyllarboýy tankyt edýärler.
Türkmenistanyň kanunçylygynda çaga zähmetini ulanmak gadagan edilýär. Emma hukuk goraýjy guramalar bu kanunçylygyň iş ýüzünde hereket etmeýändigini aýdýarlar.
Azatlyk radiosy pagta ýygymy wagtynda mejbury zähmetiň ulanylyşy barada yzygiderli habar berýär.
12-nji sentýabrda Azatlyk Daşoguzdaky etraplaryň birnäçesinde çagalary gyssagly ýagdaýda pagta ýygmaga sürendiklerini habar berdi.
Şol bir wagtda, Halkara hukuk toparlary prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň Nýu-Ýorka edýän saparyna gabatlap, Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy 1-nji oktýabrda protest çäresini geçirmegi meýilleşdirýär.
Sözi jemlesek, ähli synanşyga garamazdan, özüni asan okuwçy barada degişli resmileriň garaýşyny öwrenmek Azatlyk Radiosyna başartmady.