Türkmenistanda dermanlaryň barha gymmatlaýan we gytalýan mahaly, Daşoguzda käbir derman söwdegärleri möhleti geçen dermanlaryň soňky ulanyş senesini üýtgedip satýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky habarçysy habar berýär.
“Dermanlaryň gyt hem gymmatlygyny hasaba alyp, bazarda derman satýan söwdegärler sene möhletini täzeden ýazdyryp, möhleti geçen dermanlary satyp başladylar. Tabletkaly dermanlaryň bolsa, ýokarsyndaky we aşagyndaky senesi aýrylan. Has takygy, dermanyň soňky ulanyş möhleti ýazylan tabletkalary gyrkyp aýyrýarlar. Meselem, 10 tabletkaly derman bolsa, onuň ýokarsyndan we aşagyndan 2 tabletkany kesip aýyrýarlar we diňe 6 tabletka edip satýarlar. Kesilip aýrylan 4 tabletkany bolsa, ýeke-ýekeden satýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz aýtdy.
Ol tabletka dermanlaryndan başga-da çüýşe ýa-da plastik gaplardaky derman serişdeleriniň senenamasynyň üýtgedilýändigini aýdyp, sözüni dowam etdirýär:
“Bular damardan damjalaýyn goýberilýän we çüýşä gaplanan siroplar, ýagny gymmat dermanlardyr. Şeýle-de, olaryň arasynda şikeslerde, adam tenindäki ýakynlarda ulanylýan mazlar, kremler bar” diýip, habarçymyz belledi.
Ol dermanlaryň soňky ulanyş möhletiniň üýtgedilip satylmagyna “ýurtda dermanlaryň bahasynyň barha gymmatlamagy sebäp bolup biler” diýip, köp adamlaryň dermanlary satyn almaga maddy mümkinçiligi ýoklugy zerarly olaryň köplenç öz wagtynda satylmaýandygyny aýdýar.
“Häzir dermanlaryň 90%-i diýen daşary döwletlerden getirilýär we ol gyzyl pula [daşary ýurt walýutasyna] durýar. Möhleti geçen dermanlary bolsa, yzyna daşary döwletlere ugratmak mümkin däl diýen ýaly. Galyberse-de, dermanhanalarda dermanlar hem gytalýar. Haýsy dermany sorasaň, ‘bizde ol derman ýok’ diýip jogap berýärler. Munuň hem sebäbi dermanlar aşa gymmat gelýär, şol sebäpli olaryň köp görnüşini import etmeýärler. Adamlarda getirilen dermanlary satyn almaga-da pul ýok. Şeýlelikde, dermanlaryň möhleti geçýär, ýöne muňa garamazdan, möhleti geçen dermanlar hakyky bahasyndan sähel arzan satylýar” diýip, habarçymyz türkmen häkimiýetleriniň bu tejribäniň öňüni almak boýunça haýsydyr bir çäre görýändigi häzirlikçe göze ilmeýär hem diýdi.
Galyberse-de, şu günler welaýatyň onkologiýa kesellerini bejermek üçin niýetlenen keselhanasynda näsaglar üçin dermanlaryň ýetmezçilik edýändigine hem üns çekilýär.
Azatlyk Radiosy gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda maglumat almak üçin Daşoguz welaýat häkimliginiň Saglygy saklaýyş bölümi we Onkologiýa keselhanasy bilen habarlaşanda, bu edaralaryň resmileri bu maglumatlary häzirlikçe ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler.
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň barha ýiti duýulýan mahaly, soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri beýleki azyk we senagat harytlary bilen bir hatarda, dermanlaryň bahasynyň gymmatlamagy we olaryň käbir görnüşleriniň gytalmagy dowam edýär.
Maglumat üçin aýtsak, soňky bir ýyl çemesi wagtyň dowamynda ýurtda dermanlaryň bahasy öňküsinden 100% ýokarlandy.
Saglyk öýlerinde döwlet eýeçiligindäki Saglyk ätiýaçlyk pasportyna girýän dermanlar boýunça resept ýazylyp berilse-de, şol dermanlaryň köp görnüşleriniň döwlet eýeçiligindäki dermanhanalarda satylmaýandygyny ýaşaýjylar gürrüň berýärler.
Geçen aýyň ahyrynda Azatlygyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki çeşmesi Tiz lukmançylyk kömegi ulaglarynda işleýän lukmanlaryň köplenç dermansyz hyzmat edýändigini we munuň döwlet tarapyndan hiç hili dermanyň berilmezligi bilen baglanyşyklydygyny habar berdi.