Daşoguz: Çörek nobatynda ýakalaşyk boldy, adamlar gazabyny ‘il ýaşulylaryndan çykardy’

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

14-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň un zawodyna degişli çörek dükanynyň öňünde dörän nobatda ýakalaşyk boldy. Çöregiň nobatyna garaşýan adamlar birek-biregi paýyş sözler bilen kemsitdi. Adamlar “Il ýaşulysy” adyny alan käbir gartaşan ýaşulylariň çöregi binobat satyn almak synanyşygyny yza serpikdirdi. Ýygnananlar olary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklara “sebäpkär bolmakda” aýyplady. Bular barada Azatlygyň welaýatdaky habarçysy has giňişleýin maglumat berýär.