Türkmen türmelerinde dereksiz ýitirim edilenleriň sanawy ýene giňeldi

Türkmenistanda tussag edilensoň dereksiz ýitenler

Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýiten hasaplanylýan, ýagny tussag edilmeginden soňky ykbaly doly nämälim galýan adamlaryň halkara guramalary tarapyndan ýöredilýän sanawy ýene-de giňeldi.

Adam hukuklaryny goraýjy birnäçe abraýly halkara guramasynyň gatnaşmagyndaky "Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasynyň 12-nji sentýabrda köpçülige hödürlän täzelenen hasabatyna ýene 9 adam goşuldy we jemi 121 adama ýetdi.

Kampaniýanyň bu sanawy şu günler Warşawada ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça geçirýän ýyllyk maslahatynyň çäginde köpçülige mälim edildi.

Hasabatyň awtorlary sanawda 121 adamyň ady görkezilýän hem bolsa, Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim edilen tussaglaryň hakyky sanynyň has köpdügi belleýärler.

"Ýurtda graždan azatlyklarynyň berk basylyşy we daşary ýurtly adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň hem synçyaryň goýberilmezligi göz öňünde tutulanda, çap edilen sanawyň doly däldigini hasaba almaly. Biziň çaklamalarymyza görä, Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň sany ýüzrleçe adama ýetýär" diýlip, kampaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

Hasabatdaky maglumatlar Türkmenistanda soňky 16 ýylyň dowamynda tussag edilen we daşky dünýäden, şol sanda öz ýakynlaryndan doly üzňelige düşen adamlara degişli. Olar birnäçe topara bölünýär: birinji topary 2002-nji ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplanyp tussag edilenler düzýär - 60 adam; ikinjisini dini ekstremizmde günälenip tussag edilenler - 30 adam; üçünji topary öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp tussag edilen öňki döwlet resmileri - 26 adam; ýene bir topary graždan aktiwistleri - 3 adam düzýär.

"Olary diri görkeziň!" halkara kampaniýasy Türkmenistanda adamlaryň häkimiýetler tarapyndan zor bilen ýitirm edilmegi problemasy boýunça soňky ýyllarda käbir özgerişligiň bolandygyny belleýär.

Hususan-da, uzak wagtlap dereksiz ýiten hasaplanan adamlaryň käbiriniň tussaglykda ýogalmagyndan soň ozalky ýyllardan tapawutlylykda jesetleri garyndaşlaryna jaýlamak üçin berilip başlandy. Sanawda şeýle tussaglaryň 20-den gowragy barada jikme-jik maglumat berilýär. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda tussaglykda ýogalan we jesedi maşgalasyna berlen Türkmenistanyň ýangyç-energiýa pudagyna gözegçilik eden öňki wise-premýer Ýolly Gurbanmyradow barada berlen maglumatda, hususan-da şeýle diýilýär: "Gurbanmyradowyň jesedi jaýlananda 50 kilogramdan aşmaýardy, emma ol tussag edilende 120 kilogramdy".

Şeýle-de, zor bilen ýitirim edilmeler meselesinde soňky ýyllarda emele gelen özgerişlikleriň ýene biri ozlaky ýyllarda sanawa girizilenleriň käbirine ýaňy-ýakynda öz garyndaşlary bilen görüşmäge rugsat berlendigi baradaky maglumatlar bilen bagly.

"Olary diri görkeziň!" kampaniýasy öz sanawynda aýratyn bir topara bölünen 10-dan gowrak adamyň öz ýakynlary bilen görüşmegine rugsat berlendigi barada Türkmenistanyň häkimiýetlerine salgylanyp, habar berdi.

Bu tussaglaryň arasynda, hususan-da "gülençiler" bilen baglylykda tussag edilen biznesmenler Resul Atageldiýewiň we Batyr Ataýewiň atlary agzalýar.

Kampanýa azalan adamlaryň öz garyndaşlary bilen görüşmegine rugsat berlendigi baradaky maglumaty tükmen häkimiýetleriniň berendigini, emma munuň garaşsyz çeşmelerden tassyklanmandygyny belleýär.

​Halkara jemgyýetçiligi dünýäde zor bilen ýitirim edilmeler problemasyna 2010-njy ýylda aýratyn üns berip başlady. Şonda BMG ýörite rezolýusiýany kabul etdi we problema ünsi çekmek üçin 30-njy awgustda bellenýän ýörite senäni esaslandyrdy.

ÝHHG-niň Ynsan ölçegleri boýunça Warşawada geçirýän häzirki ýyllyk maslahaty 10-21-nji sentýabr aralygynda dowam eder. Oňa agza ýurtlaryň resmi delegasiýalary we adam hukuklary boýunça hökümete degişli bolmadyk toparlar gatnaşdyrylýar.

Çäräniň çäginde 11-nji sentýabrda Türkmenistanyň ombudsmeni Ýazdursun Gurbannazarowa birinji gezek çykyş etdi, emma ol özüniň bu wezipedäki işlerine we ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyna oňyn baha berdi.

Türkmenistan öz taryhynda ilkinji ombudsmenine 2017-njy ýylda eýe boldy we ýurduň adam hukuklary boýunça baş wekili wezipesini döretmegini adam hukuklary boýunça iň uly öňegidişlikleriniň arasynda agzady. Şol bir wagtda-da ombusmeniň wezipesi onuň garaşsyzlygyny we wezipe borçlaryny berjaý edende hiç bir döwlet edarasyna hem resmilere hasabat bermezligini göz öňünde tutýar. Garaşsyz synçylar Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň garaşsyz bolmagynyň zerurdygyny nygtaýarlar.