Türkmenistanda 6-nji sentýabrda ýurduň energetika senagatynyň ösüşine bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat açyldy; ýaşaýjylar elektrik ýetmezçiliginden barha kän kösenýändiklerini, munuň üstesine ulanan elektriginiň bahasyny töläp bilmeýän hojalyklaryň hem barha köpelýändigini habar berýärler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çäre mynasybetli çap edilen gutlagynda bir tarapdan, obalarda, şäherçelerde we etrap merkezlerinde energiýa paýlaýjy ulgamlaryň, transformator beketleriniň durkunyň düýpli täzelenjegi wada berilýär, ikinji tarapdan, içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilýändigi, munuň elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermäge giň mümkinçilik döredýändigi tassyklanýar.
Azatlygyň Lebapdaky we Marydaky çeşmeleri elektrik üpjünçiliginiň bu iki welaýatda has çylşyrymlaşandygyny habar berýärler. Aýdylmagyna görä, bu iki welaýatdaky elektrik problemalary ýyllarboýy çözülmän gelýär we soňky iki ýylda tok üpjünçiligi ýagdaýy has-da agyrlaşdy.
“Elektrik togy gije-gündiziň dowamynda kesilip, birnäçe sagatdan berilýär. Tomsuna adamlar holodilnikden peýdalanyp bilenoklar. Bu olar üçin esasy problema. Serişde tygşytlamak üçin hojalyklarda bir gezekde köpräk nahar bişirip, ony iki gün iýmek kada öwrüldi. Şeýtseň arzanrak bolýar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylar aýdýarlar.
“Ýöne et saklamak has kynlaşdy, esasanam tomsuna. Köp adam täze et iýmän, gowurdak edinip goýmaga ýykgyn edýär” diýip, çeşme aýtdy.
“Elektrik esasan agşamlaryna berilýär, sebäbi adamlaryň telewizor görmegini, Arkadagyň ýolbaşçylygy astynda “gazanylan üstünlikler” bilen tanyş bolmagyny isleýärler” diýip, Azatlygyň maryly diňleýjisi aýdýar. Ýöne ol toguň berlen wagtynda hem güýjüniň pes bolýandygyny, adamlaryň häzirden gyş möwsümiň aladasyny edýändiklerini, sebäbi gyşda elektrik üpjünçiliginiň tomusdakydan hem ýaramazlaşýandygyny gürrüň berdi.
Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow, Görogly, Gurbansoltan eje we Boldumsaz etraplarynda bolsa, etrap merkezlerinde we obalarda elektrik togunyň we gazyň gündizlerine kesilip, diňe agşam sagat 18-de berilmegi adaty zada öwrüldi diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
“Adamlar yssyda zaýa bolan et, süýt önümlerini zyňmaly bolýarlar. Gaz bolmasa, nahary odun ýakyp, ojakda bişirip bolýar, emma tok bolmasa kyn bolýar” diýip, Daşoguzdaky çeşme aýdýar.
Onuň sözlerine görä, gaz we elektrik edaralarynyň işgärleri tok we gaz kesilmeleriniň gürelmegini “gyşa taýýarlyk görülýändigi” bilen düşündirýärler.
“Aslynda gyşa görülýän taýýarlyk ýok, gazy we togy kesilen sebitlere elin aýlanyp çykdym, emma ol ýerlerde gaz we tok edaralarynyň ýekeje işgärine-de duşmadym” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan ýerli inženeriň düşündirişine görä, toguň ir sagat 10-da kesilip, agşam 18-de berilmeginiň sebäbi etraplaryň elektrik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn bazasynyň göz öňüne getirip bolmajak derejede tozmagy bilen bagly.
“Liniýada ýa elektrik geçiriji enjamalrda näsazlyk ýüze çyksa, iň zerur ätiýaç şaýlary beýle-de dursun, 1 metr alýumin sim hem tapylanok, emma ýokardan “gyşda tok kesilmesin” diýip buýruk berýärler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen inžener gürrüň berdi.
- Obalardaky, etrap merkezlerindäki transformatorlaryň ýagyny hem edara işgärleriniň aýlygyndan tutup täzeledik, welaýatdaky başlygymyz "haýsy işgär pul bermese, işden boşadyň” diýdi - diýip, elektrik edarasynyň inženeri Azatlygyň çeşmesine aýtdy.
Bir-birinden garaşsyz çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Daşoguzdaky tok ýetmezçiligi sowadyjy ulanyp, et-süýt söwdasy bilen meşgullanýan, awtoulaglara tehniki hyzmat edýän kärhanalary bolan telekeçileriň köpüsiniň iş ýerlerini ýapmagyna alyp geldi, welaýat häkimiýetleri arz edip baranlara öz ellerinden gelýän işiň ýokdugyny, häkimligiň binalarynda hem toguň pesdigini aýdýarlar.