Täjigistan Türkmenistandan ýük ulaglarynyň serhetde saklanmagyna degişli problemany çözmegi soraýar

Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhedi (arhiw suraty)

Täjigistanyň Transport ministrligi Daşary işler ministrliginiň üstünden Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyna hat ugradyp, türkmen-eýran we türkmen-özbek serhetlerinde ýük daşaýan ulaglaryň saklanmagyna degişli ýagdaýy çözmegi sorady.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habar bermegine görä, resmi hat hepdäniň başynda ugradylypdyr. Bu barada 4-nji sentýabrda habar beren Täjigistanyň transport ministrligindäki çeşme türkmen häkimiýetlerinden jogabyň ýokdugyny aýtdy.

"Türkmenistanyň häkimiýetleri biziň agyr ýük ulaglarymyzyň saklanmagyna degişli ýagdaýa häzirlikçe reaksiýa bermediler. Resmi hatymyza entek jogap hem ýok" diýip, çeşme aýtdy.

Ministrligiň maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri bir hepdä golaý wagtlap Täjigistanyň onlarça awtoulagyna, şol sanda başga ýurtlardan Täjigistana barýan ýük daşaýjy ulaglara serhetden geçmäge rugsat bermeýärler.

ALTERNATIW ÝOLLAR

Bu mesele Täjigistanyň Daşary işler ministrliginde duşenbe güni maslahat edildi. Ministrlikde Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Täjigistana barýan ýük daşaýjy transportyň ýurduň üstündäki tranzitiniň gadagan edilmeginiň sebäplerini düşündirmändigini mälim etdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda Daşary işler ministrligi bu meseläni häzire çenli açyk gozgamady. Azatlyk Radiosyna türkmen häkimiýetlerinden resmi kommentariý almak başartmady.

Şol bir wagtyň özünde-de, Täjigistanyň Transport ministrligi Täjigistana barýan sürüjilere alternatiw ýollardan peýdalanmagy maslahat berýär. Eýranyň we Azerbaýjanyň serhedinden geçip, Orsýetiň, Gazagystanyň we Özbegistanyň üstünden Täjigistana barmak teklip edilýär. Bu ýol Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan ýolundan ençeme esse uzak bolýar.

​Häzirki wagtda Türkmenistanyň Eýran bilen serhedinden her gije-gündizde 30 sany ýük ulagynyň geçmegine rugsat berýändigi habar berilýär.

ONLARÇA ULAG GEÇIP BILMÄN GALÝAR

Eýran-türkmen serhedinden geçip bilmän galan täjigistanly ýük ulaglaryň sürüjileri özleriniňTürkmenistanyň territoriýasyna goýberilmezliginiň sebäbiniň nämälim galýandygyny aýdýarlar.

2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolan iki sürüjiniň aýtmagyna görä, olaryň Lýutfabad-Artyk serhet geçelgesinden geçip bilmeýändigine bir hepdeden köp wagt bolupdyr.

Gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolanlaryň biriniň aýtmagyna görä, serhet geçelgesiniň golaýynda Türkmenistanyň territoriýasyna, soň Täjigistana aşmak üçin "rugsada" garaşýan 100 çemesi ulag jemlenipdir.

"Bize sebäplerini düşündirmeýärler. Biz Türkiýeden ýük daşarys, bu ýurtdan gaýdyşyn Eýranyň, soň Türkmenistanyň, ol ýerden soň Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana barýarys" diýip, ulag sürüjisi aýtdy.

"DIŇE TÄJIGISTANA BARÝAN ULAGLARY GEÇIRMEÝÄRLER"

Täjigistanly ýene bir sürüji, öz adynyň agzalmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolup, türkmen serhetçileriniň diňe Täjigistana ýük alyp barýan awtoulaglary geçirmeýändiklerini habar berdi. Onuň sözlerine görä, Özbegistana, Gyrgyzystana we beýleki ýurtlara ýük alyp barýan ulaglar geçýär. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň söhbetdeşleri özleri bilen bilelikde Täjigistana ýük alyp barýan eýranly we türkiýeli awtoulaglaryň hem serhetden geçip bilmän galandygyny belleýärler.

"Bu ýerde 100 çemesi ulag jemledi: 20 golaý täjik ulagy, galanlary Türkiýeden we Eýrandan" diýip, sürüjileriň biri aýdýar.

Olaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Eýran bilen serhedindäki beýleki barlag-geçiş nokatlarynda-da ýagdaý şeýle.

"Sarahs serhet geçelgesinde Täjigistanyň Türkiýeden satyn alan ýolagçy awtobuslary hem dur. Olary hem geçirmediler" diýip, sürüjileriň biri aýtdy.

24-nji awgustda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana sapar edip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi. Emomali Rahmon Araly halas etmek boýunça fonduň agza döwletleriniň sammitinde eden çykyşynda regionyň ýurtlaryny Merkezi Aziýada harytlaryň we hyzmatlaryň hereket erkinliligini gazanmak üçin ýük daşamak we tranzit meselelerinde hyzmatdaşlygy aktiwleşdirmäge çagyrypdy.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda şu günki gün hyzmatdaşlyk boýunça gol çekilen 70-den gowrak dokument bar. 2017-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 40 million dollar töwereginde boldy.