Azatlygyň ýol heläkçiligi baradaky habaryndan soň, hökümete ýakyn websaýt reaksiýa görkezdi

Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäherinde mugallymlary pagta ýygmaga alyp barýan awtobusyň ýeňil maşyn bilen çakyşyp agdarylandygy barada habar bermeginden takmynan 1 sagat soň, türkmen hökümetine ýakyn websaýt wakany dessine ret edip, ýörite makala çap etdi.

2-nji sentýabrda “Turkmenportal.com” websaýty habaryň Azatlygyň websaýtynda çap edilmeginiň edil yz ýany, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkezine salgylanyp, awgust aýynyň dowamynda, şeýle-de 1-nji sentýabrda tutuş ýurtda uly göwrümli hiç bir ýol heläkçiliginiň bolmandygyny habar berdi.

“Awgust aýynyň dowamynda, şeýle-de sentýabryň başynda ýurduň hiç bir ýerinde awtobuslaryň, marşrutkalaryň we taksileriň gatnaşmagynda ýekejede uly göwrümli ýol hadysasy bolmady. Türkmenabatda, hamana, awtobusyň agdarylmagy netijesinde boldy diýilýän ýol hadysasy baradaky maglumatlaryň hakykat bilen hiç hili arabaglanyşygy ýok” diýip, websaýt ministrligiň işgäri diýilýän Jepbar Halilowyň sözlerini sitirledi.

Şeýle-de, “Türkmenportal” daşary ýurtly elektron habar çeşmelerinde ýolagçylardan doly awtobusyň iki gezek agdarylandygy barada maglumatlaryň hem bardygyny belleýär we Ýol gözegçilik polisiýasynyň öňki işgäri diýilýän pensionere salgylanyp, munuň “bolmajak zatdygyny” ýazýar.

“Şäher ýol hereketiniň düzgünlerine görä, ýeňil awtomobiliň özünden onlarça esse köp agramdaky awtobusy agdaryp biljekdigini göz öňüne getirmek kyn. Şol sebäpli içi adamdan hyryn-dykyn doly awtobusyň iki gezek agdarylandygy baradaky maglumat hyýaly bir zat ýaly görünýär” diýip, saýt Ýol gözegçilik polisiýasynda 25 ýyl kriminalist bolup işländigi aýdylýan pensioner Hojaberdi Ataberdiýewiň sözlerini sitirledi.

Belläp geçsek, Azatlyk özüniň Lebap welaýatyndaky çeşmesine salgylanyp, 31-nji awgustda Türkmenabat şäherinde mugallymlary pagta ýygmaga alyp barýan awtobusyň “Nissan Versa” kysymly ýeňil maşyn bilen çakyşyp agdarylandygyny habar berdi.

Azatlygyň websaýtynda çap edilen maglumatdan hem mälim bolşy ýaly, çeşmämiz ir sagat 7 töwereginde, Bitarap Türkmenistan (ozalky Kastandowa) köçesinde, 62-nji çagalar bagynyň golaýynda bolan bu wakada awtobusyň iki gezek däl-de, diňe agdarylandygyny gürrüň berdi.

Ýol hadysasy barada habar beren "Türkmenistandan alternatiw habarlar" websaýty hem awtobusyň diňe agdarylandygyny mälim etdi.

Aýdylmagyna görä, ýol hadysasynda hiç bir adam heläk bolmady. Ýöne awtobusdaky ýolagçylaryň köpüsiniň çynlakaý ýaralanandygy barada maglumat bar.

Türkmenabat şäheriniň 29-njy mekdebiniň adamlary, 20-den gowrak mugallym we beýleki işgärler “Gaz 53” markaly awtobusda pagta ýygymyna barýardy. Ýaraly bolanlar derhal hassahana ýerleşdirildi, wakanyň bolan ýerine derrew birnäçe “Tiz kömek” maşyny geldi diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Şaýatlaryň sözlerine görä, ýol hadysasyna köçe hereketini sazlaýan çatryk çyralarynyň – swetoforlaryň näsazlygy sebäp boldy, çünki olar çatrygyň iki tarapyndakylara hem ýaşyl çyra yşaratyny beripdir. Şu sebäpden hem maşynlar uly tizlikde çakyşyp, hem awtobus, hem ýeňil maşyn ýoluň gyrasyna zyňlypdyr.

Bu ýol heläkçiligi Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda köpçülikleýin pagta ýygymyna girişmek barada “ak pata” bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Aýdylmagyna görä, mekdep işgärlerini pagta ýygymyna alyp barýan awtobuslar iki ekeni we bu bolan ýol hadysasyndan soň, ikinji awtobusdaky mugallymlary pagta ýygmakdan boşadyp, derrew öýlerine ugradypdyrlar. Olara bolan waka barada hiç kime hiç zat aýtmazlyk tabşyrylypdyr.

Belläp geçsek, Azatlygyň habaryndan soň, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan websaýtyň, ýagny “Türkmenportalyň” dessine reaksiýa görkezip, ýörite makala çap etmegi bilen baglanyşykly ýagdaý mundan ozal hem bolupdy.

Şu ýylyň 3-nji iýulynda Azatlyk Radiosynda Owganystanyň Badgys welaýaty bilen araçäkleşýän Mary – Serhetabat (ozalky Guşgy) – Tagtabazar türkmen serhedinde ýüze çykan atyşykda 25-e golaý türkmen esgeriniň wepat bolandygy barada maglumat çap edildi.

Bu habaryň Azatlygyň saýtynda çap edilmeginden takmynan 3 sagat geçenden soň, “Türkmenportal” saýty türkmen-owgan serhedinde bolan hadysany dessine ret edip, ýörite makala çap edipdi.

Şonda bu websaýt Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wekili diýilýäne salgylanyp, ony “Türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlar asudalygynda galýar” diýip sitirledi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ne şu ýylyň iýul aýynda türkmen-owgan serhedinde bolan waka, ne-de 31-nji awgustda Türkmenabat şäherinde bolan ýol hadysasy barada resmi beýanat bilen çykyş edýärler. Ýurduň resmi media serişdelerinde hem bu wakalary ne tassyklaýan, ne-de inkär edýän maglumatlar berilýär.