Ilat üçin 'mugtçulygy ýatyran' Berdimuhamedow awtomobil ýaryşyna gatnaşjaklara 'muzdsuz ýangyç' eçilýär

Ýangyç stansiýasynyň işgärleri. 2013.

Türkmenistanyň prezidenti 31-nji awgustda öz gatnaşjak “Amul-Hazar” awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň hem-de olara hyzmat edijileriň awtoulaglarynyň mugt ýangyç bilen üpjün edilmeigini buýurdy.

Bu buýruk içeri işler ministri Isgender Mulikowyň prezidente “Amul-Hazar 2018” halkara rallisine görülýän taýýarlyklar barada hasabat berip, sürüjilik şahadatnamasyny hem-de sport awtomobiliniň tehniki pasportuny gowşuran, Berdimuhamedowyň bolsa 1-nji sentýabryň öňüsyrasynda okuwçylary okuw kitaby bilen üpjün etmezlikde tankytlanan bilim ýolbaşçylaryna käýinçdir duýduryş beren wagtyna gabat geldi.

Şeýle-de bu jomartlyk ýurtda azyk önümleriniň, hususan-da ösümlik ýagynyň, unuň we çöregiň, towuk etiniň uzyn nobatlary barada çykýan habarlaryň ýygjamlaşan wagtyna gabat geldi.

Mundan öň türkmen telewideniýesi prezidentiň fransuz sportsmeni Žan-Lui Şlesseriň sowgat beren sport awtoulagyny öz çyzgysy esasynda täzeden gurnap, ogly Serdar bilen Garagumda synagdan geçirişini, bäsleşige taýýarlygyň çäginde öz gurnan maşynynda we başga bir maşynda türgenleşik geçişni görkezipdi.

Berdimuhamedowyň pikiriçe, Türkmenistanda geçiriljek awtomobil ýaryşy “asyrlaryň dowamynda Aziýany we Ýewropany birleşdiren taryhy ýoluň häzirki döwürde gaýtadan dikeldilmegine ýardam berer”.

Onuň bu ýaryş bilen bagly iň täze kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy “Amul-Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyna Türkmenistandan we daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň hem-de olara hyzmat edijileriň awtoulaglaryny we tehnikalaryny ýaryş bilen bagly Türkmenistanda bolýan döwründe 200 tonna çenli A-95 benzini hem-de 200 tonna çenli EKO-5 kysymly milli dizel ýangyjy bilen, hakyky sarp edilen möçberine görä muzdsuz üpjün etmeli bolar.

Bir tarapdan, prezidentiň bu ýaryşa gatnaşjaklara edýän jomartlygy täzelik däl, sebäbi ol ozal, ýerli synçylaryň sözleri bilen aýdylsa, “ýurduň ilatyna belli bir möçberde ýangyç mugtçulygynyň eşretini görkezmek bilen tanaldy”.

Ýöne Berdimuhamedowyň benzin mugtçulygy 2008-nji ýylda, şol wagta çenli bir bulgur gazly suwdan hem arzan bolan benziniň 8 essä golaý gymmatlamagy bilen utgaşdyryldy. Emma ýagdaý bu görnüşde hem uzak saklanmady we 2014-nji ýylyň aprelinde mugt benzin jomartlygy ýatyrylmaly boldy; 2015-nji ýylyň başyndan bolsa benziniň bahasy 60 prosent çemesi gymmatlady.

Mundanam başga, energiýa nyrhlanarynyň global arzanlamagy hem-de milliardlarça dollara durýan proýektlere harçlanan ummasyz uly serişdeler zerarly garaşsyzlyk ýyllarynda görülmedik ykdysady kynçylyklara uçran Türkmenistan 2017-nji ýylyň oktýabrynda ilata garaşsyzlygyň başyndan bäri berilýän tebigy gaz, elektrik togy we suw ýeňilliklerini ýatyryp, bu we beýleki hyzmatlara täze tarifleri girizdi.

Döwlet baştutany bu kararyny şonda ilata berilýän sosial ýeňillikleriň azat bazar gatnaşyklaryna geçilmegine päsgelçilik döredýändigi, üstesine, ýurtda ýeterlik iş orunlarynyň döredilendigi we adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň has gowulandyrylandygy bilen düşündirdi.

Emma muňa garamazdan, Berdimuhamedowyň düşündirişinden tapawutlylykda, Azatlyk radiosynyň çeşmeleri ilatyň gaz, elektrik töleglerini wagtynda tölemekde uly kynçylyk çekýändiklerini habar berýärler.

Şu aralykda resmi Türkmenistan bu ýyl 1-nji sentýabra, Bilimler gününe hem o diýen taýýarlykly gelinmändigini tassyk etdi.

Döwlet baştutanynyň kararyna görä, wise-premýer P.Agamyradow wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekde kemçiliklere ýol bereni üçin berk käýçin aldy, bilim ministri M.Geldinyýazowa bolsa duýduryş berildi. Ýöne olaryň anyk nähili kemçiliklere ýol berendigi we olary nädip düzetmelidigi anyklaşdyrylmaýar.

Bellemeli ýeri, bilime gözegçilik edýän iň ýokary ýolbaşçylara berlen käýinç we duýduryş Azatlyk radiosynda mekdeplerde okuw kitaplarynyň ýiti ýetmezçiligi, mugallymlaryň tozan kitaplary çatyp-ýamap, çagalara paýlaýandygy hakynda berlen maglumatyň yz ýanyna gabat geldi.