21-nji awgustda Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki uly nobatda duranlaryň biri orta ýaşlaryndaky zenan huşuny ýitirdi. Bu barada Azatlyk Radiosyna şaýatlaryň birnäçesi habar berdi, şeýle-de bu ýagdaýy görkezýän wideo ýazgy gowuşdy.
“Ol ogluny okuwa ibermek üçin wiza aljak diýip, iki hepdeläp nobata durdy. Onuň nobaty ýetmän nerwiden agzyndan, burnundan gan geldi” diýip, şol gün ilçihananyň öňünde ýüze çykan ýagdaýa şaýat bolan adamlaryň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Şaýatlar zenanyň tiz kömek ulagynda keselhana äkidilendigini, emma onuň ýolda aradan çykandygy habar berdiler. "Bu zenan ýogaldy. Onuň gan basyşy gitdigiçe güýçlendi, ol özünden gitdi we ýolda jan berdi" diýip, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan şaýatlaryň ýene biri gürrüň berdi. (Redaksiýa söhbetdeşleriniň we çeşmeleriniň gizlinlik şertlerini we howpsuzlygyny berjaý etmek üçin olaryň atlaryny agzamakdan saklanýar).
Azatlyk Radiosy Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde özüni erbet duýan zenanyň ýogalandygy baradaky maglumaty häzirlikçe resmi taýdan tassykladyp, ýa-da ret etdirip bilmedi.
Täjigistanyň ilçihanasynda bu maglumaty kommentirlemekden çürt-kesik boýun gacyrdylar. "Men bu barada asla kommentirlejek däl" diýip ilçihananyň özüni tanatmadyk wekili Azatlyk Radiosyna telefonda aýtdy we dessine trubkany taşlady.
Şaýatlaryň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, şu günler ilçihananyň öňünde wiza almak isleýän ýüzlerçe adamlyk nobatlar döreýär, käbirler nobatyna garaşyp, ilçihananyň öňünde birnäçe hepdeläp durmaly bolýarlar, emma şondada wiza alyp bilmän kösenýärler.
Azatlyk Radiosy bu zenanyň adynyň Gözeldigini we onuň Lebap welaýatynyň ýaşaýjysydygyny anyklady, emma onuň familisiýasy we anyk ýaşy häzirlikçe nämälim galýar.
Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki uly nobatlar täze okuw ýylynyň öňüsyrasyna gabat geldi. Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri wiza almak üçin ilçihana ýüz tutýanlaryň esasy böleginiň studentlerdigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä wiza almak işi birnäçe hepdä çekýär.
Şaýatlaryň ýene biri: “adamlar 45-49 gradus yssyda gije-gündiz nobata durup wiza alýarlar. Meniň özüm jigimi alyp gelmek üçin 15 günläp azap çekdim", diýip gürrüň berdi.
Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi özüni erbet duýansoň keselhana äkidilen zenanyň ogluna yzýany täjik wizasynyň berlendigini habar berdi: "Onuň ýanynda ogly bardy. Bu zenanyň huşuny ýitirmeginden soň, onuň ogluna dessine wiza berdiler".
Ýaňy-ýakynda Täjigistanyň wizasyny almagy başaran türkmenistanlylaryň birnäçesi wiza almak meselesinde uly nobatlara durmak kösençliginden başga päsgelçilikleriň hem döreýändigini aýdyp, ilçihananyň käbir işgärleriniň para talap etmek ýaly hereketlere baş goşýandygyny belleýärler.
Soňky günlerde Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan söhbetdeşlerimiziň birnäçesi şol bir adamyň adyny agzadylar.
"Maksat pully adamlardan para alýar. Onuň haýsy wezipede işleýändigini bilemok, ýöne ol dokumnetleri we konsulhana üçin anketalary toplaýar. 50-30 dollar berseň wizaň çykar diýip wada berýär", diýip täjik wizasyna 30 günläp garaşan söhbetdeşimiz aýtdy.
Beýleki söhbetdeşimiz "ilçihanada adamlary gynap, para alýan Maksat göwnüne ýaraýan gyzlary jynsy gatnaşyga çekmäge synanyşýar. ol meniň bir dostumyň gyz doganyny jynsy gatnaşyga çagyryp, wiza alyp bermegi wada edipdir" diýip gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy söhbetdeşleri tarapyndan agzalan adamyň şahsyýetini we wezipesini häzirlikçe anyklap bilmedi. Onuň edendigi aýdylýan hereketlerini hem resmi taýdan tassyklap bolmady.
Täjigistan türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda bilim almak üçin barýan esasy ýurtlarynyň biridir. Garaşsyz çeşmeleriň magumatlaryna görä, Täjigistanda bilim alýan türkmenistanlylaryň sany 4000 adam çemesi diýlip görkezilýär.
Türkmenistanyň orta mekdeplerini her ýyl 100 müň çemesi adam tamamlaýar, ýurduň ýokary we orta hünärmenlik mekdeplerine bolsa ýylda 8 müňden sähel gowrak okuwçy alynýar. Şu sebäpden ýurduň onlarça müň ýaşaýjysy bilim almak üçin ýurduň daşyna gidýar.