Türkmenistanda ýokary we ýörite orta okuw jaýlaryna giriş synaglarynyň tamamlanmagy bilen, geçen hepde ýurduň ähli uniwersitetlerinde, institutlarynda we hünär mekdeplerinde diýen ýaly okuwa kabul edilen ýaşlaryň sanawy yglan edildi.
1-nji sentýabrda yhlas bilen okuwa başlamaga taýýarlanýan studentler ýokary okuw jaýyna çagyrylan ilkinji gününden, ýagny 25-nji awgustdan başlap “arassaçylyk” we Garaşsyzlyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşmaga mejbur edildi.
“Ýokary okuw jaýynyň-da, ýörite orta okuw jaýynyň-da howlusynyň içini edil gül pürkülen ýaly etmeli, hapa-haşal otuň ýeke dänesi hem göze ilmeli däl. Onuň daşyndan hem, ýokary okuw jaýynyň ýerleşýän ýeriniň gapdalyndan geçýän köçeleri, ýagny okuw jaýynyň territoriýasynyň daşyndan onuň haýadynyň daşyndaky köçeleriň ugruny hem bir kemsiz arassalamaly edipdirler. Şeýle-de, okuw geçilýän auditoriýalaryň içindäki partalary, oturgyçlary we beýleki zatlary çygly esgi bilen süpürip, tozany aýyrmaklyk tabşyrylypdyr” diýip, şu ýyl ýurduň dürli ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen ýaşlaryň ençemesine salgylanyp, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň belli bir bölegine berlen tabşyryk bolup, bu çäre 1-nji sentýabra çenli her gün irden sagat 8-den öýlän sagat 2-ä çenli dowam edýär.
Studentleriň galan bölegi bolsa, şu ýyldan başlap 27-nji oktýabrda däl-de, 27-nji sentýabrda bellenilmeli edilen Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli paýtagtyň “Dagdan” stadionynda geçirilýän taýýarlyk çärelerine gatnaşmaly edildi.
“[Dagdan stadionyna] bararsyňyz, şol ýerde pylan okuw jaýyndan diýseňiz, marşirowkalary geçýän türgenler ýa-da şäher häkimligi, ministrlik derejesindäki işgärler siziň barandygyňyz hakynda sanawda bellik ederler hem-de kimleriň gelendigini, kimleriň gelmändigini bize duýdurarlar diýip, aýdypdyrlar. Garaz, studentler günüň birinji ýarymynda sagat 8-den ortaça sagat 13:00-a çenli marşirowkalary geçýärler” diýip, synçy Bugaýew belledi.
Türkmenistanda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň gatnaşyjylarynyň tas ýarysyny diýen ýaly ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynyň studentleri emele getirýär. Şeýle-de, olar şäherde geçirilýän "arassaçylyk işlerine" hem çekilýärler.
Bu bolsa, ýaşlaryň öz okuw wagtynyň aglaba bölegini auditoriýalarda däl-de, çärelerde geçirmäge mejbur edilýändigini görkezýär. Studentler çärelerde geýmeli milli lybaslaryny ýa-da sport eşiklerini hem öz hasabyna almaly bolýarlar.
Belläp geçsek, Azatlyk Radiosyna şu ýyl Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara studentleriň näçesiniň gatnaşjakdygyny anyklamak başartmady. Emma 9-14-nji sentýabr aralygynda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” awtorallisine görülýän taýýarlyk çärelerine her welaýatdan 7000 “çäreçiniň” sanawyny tabşyrmak barada häkimliklere ýörite görkezmäniň gelip gowşandygyny, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary habar berdiler.