Daşoguzda gögeren ekinler traktor bilen sürülýär, daýhanlardan para soralýar

Illýustrasiýa suraty

Daşogzuň häkimiýetleri tarapyndan ýaşaýjylaryň gapysyndaky ekinleri sürmek kampaniýasy dowam edip, bu çäre welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna hem baryp ýetdi.

Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmesiniň tassyklamagyna görä, şu günler etrap häkimliginiň resmileri ilatyň öz jaýynyň golaýynda eken gök-bakja we beýleki ekinleriniň üstünden traktor bilen geçip, gögerip oturan ekinleri gyrýarlar.

“Etrap häkimliginiň işgärleri ýaşaýjylaryň gögeren ekinini traktor bilen sürýärler. Olar muny halky gorkuzyp, olardan para almak maksady bilen edýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşi bu çäräniň soňky günlerde barha güýçlenmegi netijesinde ýüzlerçe aýalyň welaýat häkimliginde protest çäresini geçirendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Ýüzlerçe türkmenbaşyly aýal ýygnanyşyp, welaýat häkiminiň ýanyna baryp, parahatçylykly protest geçirdi. Olar Daşoguz welaýat häkimi bilen duşuşyp, öz nägileligini bildirdiler” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk Radiosyna bu wakanyň haçan bolandygyny anyklaşdyrmak, şeýle-de gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Daşoguz welaýat häkimliginden we Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginden kommentariýa almak häzirlikçe başartmady.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatyndaky häkimiýetleriň ekin meýdanlaryna reýd geçirip, daýhanlara pul jerimesini salýandygy barada Azatlyk Radiosy mundan iki aý owal hem habar beripdi.

Şonda Azatlygyň çeşmesi ýylyň gurak gelmegi sebäpli Boldumsaz, Akdepe, Ýylanly etraplarynyň daýhanlarynyň göz öňünde tutan hasylyny alyp bilmändigini, şol sebäpleri olaryň öz maşgalasyna goşmaça girdeji bolar diýen niýet bilen, boş ýatan mellek ýerlerine şaly ekendigini habar beripdi. Ýöne söhbetdeşimiz häkimiýetleriň alyp barýan soňky çäresi netijesinde ýaşaýjylaryň bu arzuwlarynyň puja çykandygyny aýdypdy.

Boldumsaz, Akdepe, Ýylanly etrap häkimlikleriniň we prokuraturalarynyň resmileri boş ýatan ýerlere şaly eken daýhanlara 10 müňden 20 müň manada çenli salnan pul jerimesini 1-nji iýula çenli tölemegi tabşyrypdylar. Şeýle-de, olaryň mellek ýerlerine barýan suwuň sakasy buldozer tehnikasy bilen gömülip, ekinleri guradylypdy.

Azatlygyň çeşmeleri welaýatyň dört etrabynda geçirilýän bu reýdleriň suw ýetmezçiliginiň barha ýitileşmegi bilen baglanyşyklydygyny, bularyň, hususan-da, ýokary wezipeli adamlaryň we olaryň ýakynlarynyň müňlerçe gektar ýere eken şalysyny wagtynda suwarmak üçin alnyp barylýandygyny gürrüň berdiler.

Bu tagallalaryň çäginde türkmen häkimiýetleriniň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky onlarça kilometre uzap gidýän ekerançylyk ýaplarynyň boýunda suw garawullaryny goýýandygy hem habar berildi.

“Häkimligiň tabşyrygy boýunça, her brigadadan her gün iki adam çen bilen 100 km aralyga uzaýan ýabyň boýunda gije-gündiz garawul durup, suwa gözegçilik etmeli, olar oba adamlarynyň ýa daýhan hojalyklarynyň nasos goýup, ýapdan suw almagyna ýol bermeli däl” diýip, çeşmämiz ýönekeý raýatlaryň mellek ýerlerine suw bermegiň dilden berlen görkezme esasynda gadagan edilendigini şu aýyň başynda gürrüň beripdi.

Türkmen hökümetiniň soňky hepdelerde geçiren hökümet maslahatlarynda ýurtda oba-hojalygy ösdürmek, ekin meýdanlaryny özleşdirmek, daýhanlary dökün, tehnika bilen üpjün etmek meselesine berk gözegçilik edilýändigi barada çykyşlar edilse-de, ýylyň gurak gelmegi, suw ýetmezçiligi netijesinde dörän meseleler we onuň nähili çözülendigi barada hiç zat aýdylmaýar.