Eýran Türkmenistana gaýtawul berip, “Türkmengazy” Halkara arbitraž suduna berdi

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda iki ýyl bäri dowam edýän gaz dawasy bilen baglanyşykly Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Halkara arbitraž suduna arza bilen ýüz tutdy. Bu waka Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bu mesele boýunça Halkara arbitraž suduna arza bilen ýüz tutandygyny resmi ýagdaýda yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

IRNA habar agentliginiň 20-nji awgustda beren maglumatyna görä, Eýran hem öz gezeginde Türkmenistany akdyrýan gazyny öňünden duýduryş bermezden kesmekde, gazyň hiliniň pesliginde we onuň bahasynyň ýokarlandyrylmagynda aýyplaýar.

“Iki ýurduň arasyndaky gaz dawasy 2008-nji ýylda Türkmenistanyň gazyň öňünden ylalaşylan bahasyny sekiz esse gymmatlatmagy bilen başlapdy. Şonda Türkmenistan Eýranyň 1,8 milliard dollar möçberinde karzynyň bardygyny aýdypdy. Beýleki tarapdan, ‘swap’ görnüşinde Eýranyň üstünden Azerbaýjana akdyrylýan türkmen gazynyň hili hem bir pursat örän ýaramazlaşdy” diýlip, Eýranyň habar agentligi belleýär.

Şeýle-de, habarda bu barada kazyýetiň höküm çykarmagynyň iki ýyla çekjekdigi we şol döwürde Türkmenistandan hiç hili gaz import edilmejekdigi hem nygtalýar.

Eýranyň “Mehr” habar agentliginiň 15-nji awgustda beren maglumatyna görä, “Türkmengazyň” resmileri Eýran bilen aradaky gaz dawada ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijesiz bolandygyny aýdyp, bu mesele boýunça Halkara arbitraž suduna arza bilen ýüz tutandyklaryny resmi ýagdaýda yglan etdiler.

Şol bir wagtyň özünde, Eýranyň resmi habar agentliginiň türkmen tarapynyň etdi diýýän bu sud arzasy barada Türkmenistanyň häkimiýetleri häzire çenli dymyp gelýärler. Has takygy, “Türkmengazyň” Halkara arbitraž suduna ýüz tutandygy barada ne Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň elektron gazetinde, ne-de ýurduň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda maglumat berilýär. Bu barada ýurduň radiokanallarynda we telekanallarynda hem hiç hili mesele gozgalmaýar.

Ýatlap geçsek, 2016-njy ýylyň aýagynda Aşgabadyň we Tähranyň arasynda gazyň tölegleri boýunça dörän dawa bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistan Eýrana tebigy gaz akdyrmagyny “birden” bes edipdi. Şonda Aşgabat Tähranyň türkmen gazy üçin 1,8 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýdypdy.

Şondan soň Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa akdyrylýan tebigy gazy keseni üçin, Türkmenistan Tährana jerime tölemeli bolar diýip, Aşgabady halkara arbitraž suduna berjekdigini gaýta-gaýta tekrarlapdy. Aşgabat hem öz gezeginde Eýrana akdyrylýan türkmen gazynyň çäklendirilmek ähtimallygy barada, Tährana öňünden duýdurylandygyny aýdypdy.

Şonda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýörite beýanat ýaýradyp, “2013-nji ýyldan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň Eýran yslam respublikasyna öň akdyrylan türkmen gazy üçin, bergisini tölemekde zerur bolan tagallalary etmedi” diýipdi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa, 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda Türkmenistan ýurtdaky gaz ýetmezçiliginden peýdalanyp, ylalaşykda kesgitlenen bahany telim esse gymmatlatdy diýdi. Munuň netijesinde, öň 1000 kub metr tebigy gaz üçin 40$ möçberinde töleg alnan bolsa, onuň möçberi 360$ çykarylypdyr.

Bu dawanyň fonunda Eýranyň ýokary derejeli resmileri türkmen gazyna zerurlygyň ýokdugyny aýdyp, telim tapgyr çykyş etseler-de, geçen ýylyň 5-nji noýabrynda Eýranyň döwlete degişli Milli gaz kompaniýasynyň direktory Hamid Reza Araki Türkmenistan bilen dörän gaz dawasyny sud zalynda däl-de, gepleşikler arkaly çözmek isleýändigini mälim edipdi.

Şondan bir aý geçensoň, ýagny 4-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew Eýran yslam respublikasynyň Milli gaz kompaniýasy bilen baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklara we şertnama laýyklykda, türkmen tebigy gazynyň Eýrana ozal ugradylan möçberlerine töleg boýunça ägirt uly mukdarda algylaryň bardygyny aýtdy.

“Eýran tarapynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda, meseläni çözmek boýunça belli ylalaşyga gelinmedi. Bu meseläniň özara kabul ederlikli oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen eýranly hyzmatdaşlar Halkara arbitraž suduna ýüzlenmegi teklip edýärler” diýip, Arçaýew belläpdi.

Şonda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysyna Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň Halkara arbitraž suduna ýüzlenmek baradaky teklibini goldamak we munuň üçin degişli resminamalary taýýarlamak babatda “anyk tabşyryklary” berendigi aýdyldy.

Türkmenistan tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýänem bolsa, 2016-njy ýylda Orsýeti, 2017-nji ýylda Eýrany ýitirenden soň, häzirki wagt tebigy gazy eksport etmekde diňe bir alyja, ýagny Hytaýa garaşly bolmagynda galýar.