Türkmen studenti astrahanly zenanyň şaý-seplerini ogurlamakda aýyplanýar

Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Astrahan regionynda 67 ýaşyndaky ýerli zenanyň şaý-seplerini ogurlamakda aýyplanýan türkmenistanly studentiň sud öňüne çykarylýandygyny, rus media serişdeleri habar berýärler.

“astrakhan-24.ru” websaýtynyň Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň regional departamentine salgylanyp, 16-njy awgustda çap eden maglumatyna görä, Trusowskiý etrabynyň ýaşaýjysy, adatça bolşy ýaly, irden işe gidýär we günortan wagty onuň agtygy jaň edip, jaýyň bir penjiresiniň döwülendigini aýdýar. Şondan soň jaý eýesiniň şaý-sepleriniň we gymmatbaha iki konýagyň ýitirim bolandygy anyklanýar.

Aýdylmagyna görä, geçirilen derňew işleriniň netijesinde jaýdaky barmak yzlarynyň şäheriň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan studentiň barmak yzlaryna gabat gelýändigi aýdyňlaşdyrylýar.

“Türkmenistanly student wagtal-wagtal bu jaýda bolýardy. Astrahanly zenan studentiň ejesiniň haýyşy esasynda oňa göz-gulak bolup, munuň üçin onuň ejesinden pul alýardy. Birnäçe wagt geçensoň, student ähli zady boýun alýar we özüniň zenandan pul soramak üçin gelendigini, ýöne ol öýde bolmany üçin howludaky çekiji alyp, penjiräni döwendigini we jaýyň içine girendigini aýdýar” diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanly studentiň jaýdan alan şaý-seplerini 7000 ruble, ýagny ortaça 104 amerikan dollaryna satandygy we onuň jaýa ýetiren umumy zyýanynyň 30 müň ruble, ortaça 440 dollara barabar bolandygy aýdylýar.

Emma habarda bu wakanyň haçan bolandygy we bu iş boýunça sud diňlenişiginiň haçan geçirilýändigi hem-de türkmen studentiniň şahsyýeti we onuň soňky ykbaly barada maglumat berilmeýär. Azatlyk Radiosynyň bu mesele boýunça Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasyndan kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmady.

Belläp geçsek, bu waka Türkmenistanda walýuta alyş-çalyş mümkinçiliklerine girizilen çäklendirmeler sebäpli daşary ýurtlarda, şol sanda Orsýetde bilim alýan türkmen studentleriniň dürli maliýe kynçylyklary, şol sanda plastik kartlarynyň petiklenmegi, Türkmenistandan döwlet bankynyň üsti bilen iberilen tölegleriň wagtynda geçmezligi, munuň netijesinde olaryň okuwdan çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada habarlaryň peýda bolýan mahalyna gabat geldi.

Şu ýylyň iýun aýynda Russiýanyň Saratow regionyndan we Täjigistandan Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanly studentler maliýe kynçylyklary sebäpli käbir gyzlaryň ten söwdasyna, käbiriniň bolsa, ogurlyk etmek, gorkuzyp almak ýaly dürli jenaýatlara baş goşýandygyny habar beripdiler.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Russiýadaky habarçysynyň 17-nji awgustda beren maglumatyna görä, şu günler rus bazaralarynyň tas ählisinde diýen ýaly söwdegärler türkmen talyplarynyň bank kartlaryny kabul edip, olar bilen hasaplaşyklary amala aşyrmakdan ýüz öwrüp başlapdyrlar.

“Söwdegärler türkmen kartyny kabul etseler, onda öz terminallarynyň döwülýändigini we özleriniň köp çykdaja galýandygyny, şeýle-de wagtlaryny ýitirýändigini aýdýarlar. Şonuň üçinem türkmen kartlaryny kabul etmekden ýüz öwrüp başlapdyrlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, rus satyjylarynyň öňünde öz bank kartlaryny kabul etmegi ýalbaryp, aglap duran türkmen studentlerini hem görse bolýar.

“Şeýle türkmen studentlerini görmek üçin bazarlaryň kartoşka satylýan bölümlerine baraýmaly. Sebäbi Russiýada iň arzan haryt – kartoşka. Studentleriň köpüsiniň kartoşkadan başga azyk önümini satyn almaga puly ýok. Bagtyň çüwüp, bankomatlardan pul çekip bilseň, her günki alýan puluň 50 rubl, ortaça 0,75 dollar. Russiýada bu pula zat bermeýärler” diýip, habarçymyz sözüni jemleýär.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki media serişdeler daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen studentleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylary we olaryň sebäpleri barada dymyp gelýärler.