Awtoralliniň geçjek ýolunda her welaýatdan 7000 adam “şowhunly tomaşaçy bolar”

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine görülýän taýýarlyklaryň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny, oňa her welaýatdan 7000 çemesi adamyň gatnaşmaly edilendigini, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary aýdýarlar.

Читайте также на русском

Balkan welaýat häkimliginiň adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran käbir işgärleriniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, bu barada 15-nji awgustda “Aşgabatdan ýurduň welaýatlarynyň häkimliklerine ýörite görkezme gelip gowuşdy”.

“Şu günden başlap welaýatlaryň ählisinde awtoralliniň geçjek ýolunda konsert berjek, uly şagalaň döretjek medeni toparlary kesgitlemegi hem-de olaryň geljek hepdäniň üçünji gününden gijä goýman, welaýat merkezine ýygnap, şolar bilen ýörite repetisiýalary, ýagny taýynlyklary geçmäge başlamaklyk hakynda görkezme berlipdir” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew Balkan welaýat häkimliginiň işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, häkimligiň işgärleri eýýäm şu günden işe girişip, Balkan welaýatyna degişli etrap häkimliklerine aýdym-saz toparlarynyň, çeper höwesjeňleriň, tansçylaryň sanawyny duşenbe gününe çenli welaýat häkimligine ýetirmegi we çarşenbe gününden başlap şol “çäreçileriň” Balkanabat şäherinde taýýarlyklara başlamalydygyny tabşyrdylar.

Aşgabatdan berlen ikinji görkezmede bolsa, welaýat häkimlikleriniň her birine 1-nji sentýabra çenli azyndan 7000 sany adamyň, ýagny “çäreçiniň” sanawyny taýýarlamak tabşyryldy.

“Bu görkezmä laýyklykda, olar awtoralliniň geçjek ýoluna çykarlar we awtoralli deňlerinden geçip barýarka, tomaşaçy hökmünde şowhun döretmeli çäreçiler bolar” diýip, Bugaýew olaryň aglabasyny döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň düzjekdigini belledi.

Türkmen mediasynda awtoralliniň geçjek ýolunyň umumy uzynlygynyň 1500 kilometrden gowrakdygy we onuň Garagum çölüniň giň sähralyklaryndan geçjekdigi aýdylýar.

Ýerli synçylaryň we döwlet işgärleriniň käbirleri Türkmenistanda sentýabryň birinji on günlüginde howanyň gyzgynlygynyň, adatça, 40 gradusdan aşak düşmeýändigini belläp, munuň ençeme sagatlap günüň aşagynda durmaly boljak “çäreçilere” oňaýsyz täsir ýetirjeginiň ikuçsyzdygyny belleýärler.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň 9-14-nji sentýabry aralygynda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” awtorallisine görülýän taýýarlyklaryň çäginde geçen aýyň ahyrynda sport çäreleri geçirilip başlanyp, munuň bilen baglanyşykly welaýatlaryň, şäherdir etraplaryň aralygyndaky ýollaryň ýapylmagy henizem dowam edýär. Bu bolsa, welaýatlardan Aşgabada we beýleki etraplara sapar etjek ýolagçylara uly kynçylyklary döredýär.

Býujet işgärleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň we mekdep okuwçylarynyň çärelere mejbury gatnaşdyrylmagy, ýollaryň ýapylmagy we munuň ilata dürli bökdençlikleri döretmegi bilen baglanyşykly ýagdaý geçen ýylyň sentýabrynda hem bolupdy. 17-27-nji sentýabr aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna türkmenistanlylaryň müňlerçesi tomaşaçy hökmünde gatnaşdyrylypdy.

Türkmen häkimiýetleri awtoralliniň “ýurduň halkara sport abraýyny has-da belende göterjekdigini” nygtap gelýärler, ýöne Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwri bu sport çärelerine sarp edilýän maliýe serişdeleri barada hiç zat aýtmaýarlar.

Ýurduň media serişdeleri hem bu barada dymyp, halkara sport çärelerine işgärleriň, studentleriň, okuwçylaryň mejbury gatnaşdyrylmagy we onuň ilata ýetirýän täsirleri hakynda hem mesele gozgaman gelýärler.