Orsýetde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary täze kynçylyklara duçar boldular. Azatlyk Radiosynyň Orsýetdäki habarçysynyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda, hususan-da Astrahan regionynda bilim alýan türkmen ýaşlary registrasiýa almakda kynçylyga uçrapdyr, bu ýagdaý hususy jaýlarda kireýne ýaşaýanlara degişli bolupdyr.
Читайте также на русском
"Daşary ýurtly studentler bilen işleşýän [uniwersitetiň] halkara bölümi kireýne alnan jaýda ýaşaýanlar bilen öý eýesiniň arasynda baglaşylan şertnamany talap edýär. Üstesine, okuw jaýynyň işgärleri öý eýesiniň özüniň hem gelmegini talap edýärler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu talap, göz öňünde tutulan wagt aralygynda hasaba durmak işini hasam kynlaşdyrýar.
Orsýetiň migrasion düzgünlerine görä, daşary ýurt raýaty ýedi iş günüň dowamynda resmi hasaba durmaly.
"Jaýyny kireýne berýän käbir öý eýeleri türkmenistanly ýaşlaryň düşen çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanýarlar", diýip habarçymyz belleýär.
"Garyndaşlarym jaýy öňden bäri kireýne alýarlar we her aýda 250 dollar töleýärler. Ol ýerde alty adam ýaşaýar. Indi öý eýesi bizi öz jaýynda hasaba goýdurmak üçin goşmaça pul talap etdi. Biz pulumyzyň ýokdugyny aýdanymyzda, ol bize galan pulumyzy hem gaýdyp bermedi. Şeýdip biz hem pulsuz, hem-de öýsüz galdyk. Öz gyzyllarymyzy lombarda tabşyryp, umumy ýaşaýyş jaýa geçmäge mejbur bolduk" diýip, söhbetdeşlerimiziň biri öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan studentler okuw jaýlarynyň türkmenistanly studentleriň registrasiýa edilmegi üçin öňe sürýän goşmaça talaplarynyň sebäplerini türkmenistanly ýaşlaryň köpüsiniň umumy ýaşaýyş jaýlarda ýaşamakdan saklanýandygy bilen baglanyşdyrýarlar. Studentler muňa öz sebäpleriň bardygyny belleýärler.
"Umumy ýaşaýyş jaýlar boş dur. Maliýe kynçylyklar sebäpli studentler birleşip jaýy kireýne alýarlar we her aýyna töleýärler. Üstesine, şu tomus studentleriň köpüsi işlemek üçin bu ýerde galdy. Käbirler gije sagat ikä çenli işleýärler. Umumy ýaşaýyş jaýlaryň gapylary bolsa 11-de ýapylýar" diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, okaýan uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýy üçin ýarym ýylyna 10 müň rubl tölemeli. Munuň daşyndan bahasy 5500 rubl ätýaçlandyryş polisini satyn almaly. Okuw üçin bir semestriň tölegi, okuw jaýyna görä, 40 000 we 55 000 müň rubl aralygynda.
"Töleg kyncylyklary sebäpli uniwersitetimiz okuw tölegi üçin käbir ýeňillik berdi we bize başda 10 müň rubl tölemäge, galanyny Türkmenistanyň bankynyň üstünden geçirmäge rugsat berdi" diýip, söhbetdeşlerimiziň biri aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Orsýetdäki habarçysy şu ýyl, hususan-da Astrahan regionyna okuwa baran türkmenistanly ýaşlaryň sanynyň geçen ýylkysyndan has köpdügini habar berdi.
Azatlyk Radiosy türkmenistanly ýaşlaryň habar berilýän kynçylyklary barada Orsýetiň we Türkmenistanyň resmilerinden kommentariý we düşündiriş alyp bilmedi.
Türkmenistanyň hökümeti ýurduň daşynda bilim alýan raýatlarynyň sany barada statistika maglumatlaryny çap etmeýär. Ýurt resmileri we milli habar beriş serişdeleri türkmenistanly studentleriň ýurduň daşynda duçar bolýan kynçylyklaryny hem agzamaýar.
Garaşsyz habar beriş serişdeleriniň birnäçe ýurduň resmi statistikasyna salgylanyp berýän sanlaryna görä, Orsýet türkmenistanly ýaşlaryň bilim almak üçin iň köp barýan ýurdy bolup durýar. Gündogar.org saýtynyň maglumatyna görä, 2017-2018-nji okuw ýylynda bu ýerde 15 müň türkmenistanly bilim alypdyr. Şeýle-de, türkmen ýaşlarynyň arasynda bilim almak üçin iň meşhur ýurtlaryň arasynda Türkiýe, Belarus, Ukraina agzalýar.
Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň orta mekdeplerini ýylda tamamlaýanlaryň sany 100 müň adam çemesi, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda göz öňünde tutulýan orunlaryň sany bolsa 8 müňden sähel aşýar.
Geçen okuw ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň daşynda bilim alýan türkmenistanly studentleriň iň köp ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklarynyň arasynda bank kartlarynyň petiklenmegi, Türkmenistandan döwlet bankynyň üsti bilen iberilen tölegleriň wagtynda geçmezligi, munuň netijesinde türkmenistanly ýaşlaryň okuwdan çykarylmagy barada yzygiderli habar berilipdi.
Yzýany, tölegsizlik sebäpli okuwdan çykarylyp Türkmenistana dolanyp baran ýaşlaryň milli banklardan öz puluny yzyna alyp bilmän kösenýändigi mälim boldy.