Aşgabatda ulag eýelerinden ýol salgydynyň tölenendigi baradaky güwänama talap edilýär

Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ulaglary saklap, sürüjilerden 100 manat möçberindäki ýol salgydyny töländigi baradaky güwänamany talap edip başladylar.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz paýtagtdaky iki habarçysynyň tassyklamagyna görä, bu çäre soňky üç gün bäri amala aşyrylyp, polisiýa işgärleri güwänamasy bolmadyk ulag eýelerinden bu salgydy özlerine tölemegi talap edýärler.

“Tanyşlarymyň gürrüň bermegine görä, köçe ýol hereketi gullugynyň inspektorlary şol tölegi kabul edende, ony resmileşdirýärler hem-de iki nusgadan ybarat ýörite güwänama ýazylyp, onuň biri inspektoryň özünde galýar, beýlekisem sürüjä berilýär. Awtoulag eýesi: ‘Men şony töledim, ýöne ýanymda bankyň güwänamasy ýok’ diýse, onda köçe ýol hereketi gullugynyň inspektorlary köçäniň rugsat edilen ýerinde ulagy goýmaklygy hem-de özleriniň awtoulaga degişli bolan dokumentlerini tabşyryp, güwänamany gidip getirmäge hem borçly edilýärmişin” diýip, Türkmenistanda bolup geçýän täzelikler we wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Ýöne ol gürrüňi gidýän ýol salgydynyň 2018-njy ýylyň ýanwar aýynda güýje girendigini we munuň diňe ulagyň tehniki guratlyk derejesini barladanyňda, ýagny her ýylyň ahyrynda soralandygyny, häzirki ýaly ýörite barlaglaryň ilkinji gezek geçirilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran Aşgabatdaky ýene bir habarçymyzyň tassyklamagyna görä, Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bu güwänamanyň näme sebäpden özleri tarapyndan talap edilýändigi hakynda anyk düşündiriş bermekden saklanyp, bu barada telewideniýede bildiriş edilendigini aýdýarlar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz aýrybaşga iki habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly ulag eýeleriniň ençemesi bolsa, gürrüňi gidýän güwänamanyň talap ediljekdigi barada, adat bolşy ýaly, ne ýurduň telekanallarynda, ne-de radiokanallarynda bildiriş edilendigini aýdýarlar.

“Haýsydyr bir täze düzgüni güýje girizip, ilatdan talap etmezden ozal, halky bu barada habarly etmeli. Eger habarly edilenden soňra-da resmi talap ýerine ýetirilmeýän bolsa, şonda çäre görülmeli. Beýdip adamlary öňünden duýdurman, güpbasdy edilse, onda bu, hamana, döwlet öz halkyny duzaga düşüren ýaly bolýar” diýip, özüni Resul diýip tanyşdyran aşgabatly sürüji Azatlygyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bu güwänamanyň häzirki wagtda talap edilip başlanmagynyň iki sebäbiniň bolmagynyň ähtimaldygyny çaklaýarlar.

Birinjiden, türkmen häkimiýetleri ýurduň ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwri döwlet gaznasyna girýän girdejini artdyrmaga synanyşýarlar. Ikinjiden, bu talap şu ýyl ilkinji gezek sentýabr aýynda belleniljek Garaşsyzlyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyklaryň başlanmagy bilen, düzgün-tertibi berkitmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Aşgabat şäheriniň Ýol gözegçilik gullygy bilen habarlaşanda, bu barada haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Türkmen paýtagtynda awtoulag eýelerinden agzalýan güwänamanyň talap edilip başlamagy, ýurtda ilatyň hususy awtoulaglary bilen bagly girizilýän çäklendirmeleriň depgininiň we görnüşiniň barha güýçlendirilýän mahalyna gabat geldi.

Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri 77-lik döwlet belgisi bilen başlanýan hususy eýeçilikdäki ulaglary ýygnamakdan başlap, gara reňkli ulaglary sürmegi gadagan etmek ýaly ençeme çäklendirmeleri girizdi.