Resmi media awtoralliniň ähmiýetini nygtasa-da, taýýarlyklaryň ilata ýetirýän täsirlerini agzamady

Aşgabatda gecirilen “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan mediaforum. Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugyndan alnan surat.

5-nji awgustda Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Resmi mediada bu çäräniň ähmiýetini nygtaýan uzyn makalalar çap edilse-de, onuň türkmenistanlylara ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýdylmady.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň berýän maglumatyna görä, mediaforuma şu ýylyň 9-14-nji sentýabry aralygynda geçiriljek awtomobil ýaryşyny guraýjylar we oňa gatnaşyjylar, iri daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň açylmagynyň öň ýanynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “işjeň gatnaşan saýlama ýaryşlary hem-de synag ýaryşlary” hakynda wideofilm görkezildi. Mediaforumda türkmen resmileri we ýaryşa gatnaşjak daşary ýurtly wekiller, şol sanda “Afrika Eko reýs” awtoralli ýaryşlarynyň baş direktory we guramaçysy Žan-Lui Şlesser dagy çykyş etdi.

TDH-nyň habaryna görä, mediaforumyň barşynda žurnalistler üçin “Amul — Hazar 2018” rallini guraýjylara sowal bermäge mümkinçilik döredildi we hususan-da, rumyn metbugaty Şlesserden ýaryşlara Berdimuhamedowyň gatnaşjakdygy barada gyzyklanyp, “çärä gatnaşyjylaryň hatarynda türkmen prezidentini görüp boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny" sorady.

Şlesser soraga: “Biz prezidentiň gatnaşmagyna örän begenerdik. Onuň gatnaşjakdygyna umyt edýärin. Şeýle bolsa, men örän şat bolardym. Munuň tassyklanmagyna umyt edýärin. Elbetde, gatnaşmak baradaky karary prezidentiň özi çözer, emma biz, şeýle çözgüde örän begenerdik” diýip, jogap berdi.

Otludaky ýolagçylar

Türkmen resmileri ýurduň ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwri gurnalýan bu ralliniň “ýurduň dünýädäki abraýynyň artmagyna ýardam berjekdigini” öňe sürýärler. Emma emeldarlar, adat bolşy ýaly, ralli üçin näçe maliýe serişdesiniň sarp ediljekdigi we onuň döwlet býujetine näçä düşjekdigi barada kelam söz aýtmaýarlar.

Şeýle-de, resmi mediada Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň daşary ýurtlardan köpsanly syýahatçylary mynasyp kabul etmäge taýýarlanýandygy nygtalsa-da, bu ýaryşa görülýän taýýarlyk işleri bilen baglylykda, türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgalmaýar.

Daşoguz-Aşgabat awtomobil ýolunda, “Amul-Hazar” awtorallisine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglylykda, geçen hepdäniň duşenbe gününden bäri ulag gatnawy togtadyldy diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi habar berýär.

Resmi bolmadyk maglumata görä, awtomobil gatnawynyň togtadylmagy Daşoguzdan gyssagly Aşgabada gitmek zerurlygy ýüze çykan adamlar, hususan-da näsaglar, ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin paýtagtda ekzamen tabşyrmaly ýaşlar üçin uly kynçylyklary döredýär, şol sanda goşmaça çykdajylara sebäp bolýar.

Maglumat üçin aýtsak, “Amul-Hazar” awtorallisi Türkmenistanyň gündogaryndan günbataryna tarap geçip, çölüň giň sähralyklaryndan geçjek ýoluň umumy uzynlygy 1500 kilometrden gowrakdyr. Türkmen mediasy ýaryş ýolunyň başlanjak ýeri barada takyk maglumat bermese-de, onuň jemleýji böleginiň Hazar deňziniň kenaryndan geçjekdigini we pellehananyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda boljakdygyny habar berýär. Häzirki günde ýaryşa gatnaşyjylaryň sany takmynan 80-e barabar bolup, ýaryşa awtoulaglaryň 20-25-si çykar.