Türkmenistanda raýatlaryň ýurduň daşyna çykmakda duçar bolýan kynçylyklary, has takygy Aşgabadyň halkara aeroportunda türkmen raýatlarynyň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň gaýtalanmagy dowam edýär.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran okyjymyz Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ugradan hatynda, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynyň birine okuwa kabul edilen gyz doganynyň Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmändigini habar berdi.
Azatlyk Radiosynda okyjynyň şahsyýeti we bu wakanyň anyk haýsy senede bolandygy barada maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli muny köpçülige ýetirmekden saklanýar.
“Gyz doganym gerekli resminamalary taýýarlap, Türkiýä gelmek üçin wiza, okuw jaýy, çakylyk haty, sponsor ýaly ähli dokumentleri alyp, geçen hepde atam, enem bilen Türkiýä uçmak üçin Aşgabadyň aeroportuna barýar. Ýöne Migrasiýa gullugynyň işgärleri dokumentlere seredip, ‘Siz ýaşulular geçiň, gyzyň galýar’ diýip, jogap berýärler. Sebäbi näme diýlip soralanda, ‘Sebäbi ýok, geçiň ýa-da sizi-de geçirjek däl’ diýip gygyrypdyrlar” diýip, okyjymyz 31-nji iýulda ugradan hatynda belleýär.
Onuň sözlerine görä, ene-atasy gyzlaryny okuwa ýerleşdirip, özleriniň yzyna dolanjakdygyny aýtsalar-da, hiç netije bermändir.
“Şondan soň, atam-enem we gyz doganym Aşgabatdaky Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýanyna gidip, sebäbini soranda, olara ‘Buýruk ýokardan gelen, men hiç zat edip bilmeýän. Häzir ýaş gyzlaryň daşary ýurda gidip okamagy gadagan edildi’ diýipdirler. Bular ýaly waka ýeke däl. Häzir Türkmenistanda ýaşaýan we daşary ýurduň ýokary okuw jaýyna okuwa kabul edilen ýaş gyzlar Migrasiýa gullugy tarapyndan daşary ýurda goýberilmeýär” diýip, okyjymyz bu barada hiç hili resmi düşündirişiň hem berilmeýändigini aýdyp, sözüni jemleýär.
Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge synanyşýan türkmenistanly ýaşlaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly şuňa meňzeş wakanyň 25-nji iýulda hem bolandygy habar berilýär.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, şonda Aşgabadyň halkara aeroportunda 19 sany abituriýent Stambula uçjak uçara goýberilmedi.
“Migrasiýa gullugynyň wekilleri oglanlara diňe harby gullugy tamamlanyndan soň ýurduň daşyna çykyp biljekdigini aýdýarlar. Ýöne muňa garamazdan, uçara goýberilmedikleriň arasynda harby gullugyny tamamlan oglanlar hem bar. Gyzlaryň hem ençemesi uçara goýberilmedi. Olaryň ýurtdan çykarylmazlygynyň sebäplerini düşündirip bilmediler, diňe ýurtda eýýäm kada öwrülen “Bolanok” diýmek bilen çäklendiler” diýip, neşir öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 31-nji iýulda ýazýar.
Aýdylmagyna görä, şondan soň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň wekilleri uçara goýberilmedik gyzlaryň we oglanlaryň biletlerini yzyna almaga razy bolýarlar. Ýöne olar edilýän hyzmat üçin diýip biletiň bahasyndan 15%-i saklap galýarlar.
Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Aşgabadyň halkara aeroportunyň Migrasiýa gullugy we “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň wekilleri bilen habarlaşanda, bu maglumaty ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.
Emma soňky aýlarda ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň daşyna eklenç gözleginde gaýdýan raýatlaryň artýandygy barada maglumatlaryň peýda bolýan mahaly, türkmenistanlylaryň uçara goýberilmeýändigi bilen bagly wakalaryň ençemesi Azatlyk Radiosyna mälim boldy.
Şu ýylyň iýun aýynyň başynda Aşgabadyň aeroportunda üç gezek Türkiýä gitmäge synanyşan, emma olaryň hiç birinde-de uçara goýberilmedik daşoguzly bir adamyň öz janyna kast edendigini, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy habar beripdi.
Fewral aýynda paýtagtyň aeroportunda aglabasy lebaply we daşoguzly zenanlardan ybarat ýolagçylar özleriniň uçara goýberilmezligine gahar-gazap bildirip, protest geçirdiler.
Türkmenistanyň Migrasiýa işgärleri ýolagçylaryň reýslerden düşürilmeginiň sebäpleri barada köplenç anyk we resmi düşündiriş bermeýän hem-de bu çäräniň barha giň ýaýraýan mahaly, paýtagtyň halkara aeroportunda ‘seni uçara mündirerin” diýen wada bilen adamlary aldap, olardan pul alýan käbir ‘hilegär’ toparlaryň hem peýda bolandygy habar berildi.
Türkmenistan her bir raýatyň hereket azatlygyny, öz ýurdunyň daşyna çykmak we ýaşajak, işlejek, okajak ýerini saýlamak boýunça hukuklaryny kanun taýdan berjaý edýändigini ýygy-ýygydan tekrarlap gelýär. Hatda bu barada iň soňky gezek şu ýylyň 7-nji maýynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda guramanyň Adam hukuklary geňeşiniň Ähliumumy syny boýunça Işçi toparynyň öňünde Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi wekili çykyş etdi.
Muňa garamazdan, Türkmenistan halkara guramalarynyň ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda adam hukuklary babatynda dünýäde iň bir ýaramaz orunlary eýeläp gelýär.