Ekspert Türkmenistandaky inflýasiýanyň derejesini ýene-de hasaplady; Inflýasiýanyň özi näme?

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň professory Stiw Henki 23-nji iýulda Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesiniň 124 % bolandygyny aýtdy. Onuň soňky hasaplamalaryna görä, Türkmenistan inflýasiýanyň derejesi boýunça dünýäde Wenezuelladan, Eýrandan we Sudandan soň dördünji ýerde durýar.  Henki mundan ozal 1-nji iýunda bu görkezijini 294 % diýip, ony dünýäde ikinji iň ýokary inflýasiýa häsiýetlendiripdi.