Daşoguz: Aşgabatly barlagçylar gaýtdy, bahalar 15-30% gymmatlady, daýhanlar suw üstünde 'pilleşmä çenli baryp ýetýärler'

Daşoguz. Bazaryň derwezesi

Daşoguzdaky bazarlara Aşgabatdan iberilen barlagçylar yzyna dolandy we satyjylar öz mejbury arzanladan harytlarynyň bahalaryny derrew 15-30 prosent aralygynda gymmatladylar diýip, Azatlygyň ýurduň demirgazygyndaky çeşmesi habar berýär.

Читайте также на русском

Aşgabatly barlagçylar bar wagtynda harytlarymyzy mejbury ýagdaýda arzan satyp, uly zyýana galdyk, indi şol ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin bahalary gymmatlatmaly bolýarys” diýip, bazarda söwda edýän satyjylaryň biri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Şeýle-de çeşme dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň ýene gymmatlandygyny, şol bir wagtda Daşoguzdaky walýutaçylaryň hiç bir zatdan gypynç ýa gorky etmän, aç-açan işleýändigini, olara barlagçylardan zyýan ýetene meňzemeýändigini gürrüň berdi.

Dollaryň nyrhy bilen bilelikde bazarlarda satylýan önümleriň hem ählisi gymmatlaýar, satyjylar bu gymmatlaşygyň geljekde hem dowam etjekdigini aýdýarlar.

Şu gün bir harydy gymmat diýip alman gaýtsaň, ertesi onuň ýene gymmatlandygyny görüp galýarsyň” diýip, bu ýagdaýy anonim şertde gürleşen ýerli ýaşaýjylaryň hem biri tassyk etdi.

Adamlaryň iýýän azyk önümleriniň bahalary bilen bir hatarda mallaryň, towuk, guş iýmleriniň hem bahalary eýýämden “keýigiň şahyna çykdy” diýip, çeşme aýtdy.

Daşoguzda şu günler bugdaý kepeginiň 1 kilogramy 5-6 manatdan satylýar, künjara bolsa bu bahadan hiç ýerde tapdyrmaýar” diýip, hojalygynda mal saklaýan ýaşaýjylaryň biri Azatlyga gürrüň berdi.

“Bir bogy ýorunjanyň bahasy 13 manat, bu bir mala bir gün iýmäge ýetýär, adamlar mallaryny, towuklaryny bazara çykaryp, basymrak olardan dynmagyň aladasyny edip başladylar, sebäbi mal, guş iýmini tomusda şu bahadan alsalar, gyşyna iýmiň has gymmatlajagyny çak edýärler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Munuň üstesine, Daşoguzda gowaçalara suw tutmak bilen bagly dörän problemalaryň henizem çözülmändigi, ekerançylyk ýaplarynyň gurap ýatandygy habar berilýär.

Suw ýeterlik bolmansoň, göýdügen gowaçalar 15 santimetrden ýokary ösüp bilmedi, häzir hatda Sadulla Rozmetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärende ýerlerinde ekilen gowaçalar hem öwerlik däl, beýleki ýerle barada gürrüň hem edip oturasy iş ýok” diýip, kärendeçileriň gowaça meýdanlaryna aýlanyp gören çeşme aýdýar.

Onuň tassyklamagyna görä, ýaplarda suw ýok, suwuň bolan ýerlerinde bolsa dawa-jenjel köpelýär: “Oba adamlary suw üstünde bir-birleriniň göwnüne degýärler, käte ýagdaý ýakalaşma, pilleşmä çenli baryp ýetýär” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Boldumsazyň, Gubadagyň obalarynda her gün diýen ýaly suw üstünde dawa turýar, adamlar etrap häkimlerine ýüz tutýarlar, emma olar “Ýyl gurak geldi, suw ýok, biz näme edeli?” diýip jogap berýärler.

Netijede, suwuň ýeterlik bolmazlygy, howanyň aşa gyzmagy bilen, bu etraplardaky ekinler köpçülikleýin ýagdaýda guraýar.

"Gowaçanyň suwarylan ýerlerinde hem hemişe gowy ösüş ýok, sebäbi azot dökünleri ýetmezçilik edýär" diýip, daşoguzly kärendeçi adynyň aýdylmazlyk şerti bilen ýagdaýy düşündirdi.

Dizel ýangyjy hem ýeterlik däl, şu sebäpden welaýatyň gowaça meýdanlarynyň 70 prosentine golaýynda kultiwasiýa - keşleriň arasyny agdaryp-bejermek işleri geçirilmedi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Etrap häkimleri bu ýagdaýadan çykalgany daýhan birleşikleriniň başlyklaryny çagyryp, günde-günaşa ýygnak geçirmekden gözleýärler, emma gep-gürrüňden ne gowaça, ne-de halka kömek bar, daýhanlar bu ýylam pagtadan bergili çykjaga meňzeýär diýip, Azatlygyň çeşmesi bilen gürleşen daşoguzly daýhan aýtdy.