Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde indi birnäçe günden bäri elektrik togy kesildi.
Читайте также на русском
Ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, Balkanabat şäheriniň köp kwartallarynda esasan hem 118, 119, 120-nji kwartal diýilip atlandyrylýan ýaşaýyş massiwiniň ýaşaýjylary elektrik togunyň kesilmeginden aşa kösenýärler.
Bu ady agzalan kwartallarda ýylyň ýylyna hem ýaşaýjylar elektrik togunyň pesliginden kösenýärler. Elektrik togunyň pesligi barada ýaşaýjylar häkimiýetlere ýyllar boýy arza-şikaýat bilen ýüz tutup gelýärler.
"Emma, düýpli abatlaýyş işleri geçirilmänden soňra, bu ýaşaýyş massiwinde hem, şäheriň beýleki ýaşaýyş massiwlarynde hem, ilatyň elektrik togy bilen üpjünçiligi ýaramaz bolmagynda galýar. Şol bir wagtda Balkanabat şäheriniň golaýynda gurlan elektrik öndüriji beketden daşary döwletlere elektrik togunyň berilýändigi hem aýdylýar. Daşary döwletlere elektrik toguny bermegi ýola goýan bolsalar-da, şäheriň öz ýaşaýjylaryny elektrik togy bilen üpjün edip bilenoklar. Hemişe ilat kösenip ýör" diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran Balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.
Elektrik togunyň kadaly berilmeýändiginiň sebäpleri bolsa, elektrik toguny geçiriji simleriň, transformatorlaryň indi onlarça ýyldan bäri könelip hatardan çykmagy bilen bagly. Emma bu kemçilikleri düzetmek üçin düýpli işler geçirilmän gelýärdi.
Indi 4 günden bäri kwartallaryň käbir ýerlerinde elektrik simlerini täzeleýärler.Tomussyň iň bir jöwzaly günlerinde bu işleriň geçirilmegi ýaşaýjylar üçin juda uly kösençlikleri döredýär. Sowadyjylar, split sistemaly kondisionerler işlemeýär.Telewizora tomaşa edip bolmaýar. Häzirki wagtda Orsýetde geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatyna tomaşa edýän ýaşaýjylar oňa tomaşa etmekden kesildiler.
Ýaş çagaly enelerem, ýarawsyz garrylaram aşa kösenýärler. Azyk önümleriniň zaýaçylygy artdy. Ýaş çagalara berilýän süýtler turşaýar. Et-kolbasa önümlerini holodilniksiz saklap bolmaýar. Bu önümleriň zaýaçylygy diňe bir öý-hojalyklarda däl, bazarlarda telekeçileriň söwdasynyň ýatmagyna, önüm zaýaçylygyna alyp geldi.
"Ozaldan ätiýaçlyk üçin haryt satyn alyp, sowadyjylarda goýan kolbasa, mesge, doňdurma ýaly önümleriniň zaýaçylygyndan zelel çeken telekeçiler sanardan kän. Şu azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanan döwründe olar zaýa bolan önümleriniň öwezini haçan dolup biljekdikleriniň hasabyny hem çykaryp bilmän, başlaryny ýaýkap otyrlar" diýip, ýaşaýjy sözüne goşýar.
"Tomussyň yssy günleri daşarda çybyn-çirkeýden ýatyp bolmaýar. Otaglarda yssydan ýatyp bilmän indi 4 gün bäri şäheriň elektrik togy bar raýonlaryndaky tanyş-bilişlerimiziň öýlerine gidip ýatyp gelýäris. Obadan gelen gelinlerimizi çagasy bilen atasy öýlerine ugratdyk. Geçirilýän işleriň haçan tamam bolup, elektrik togunyň haçan kadaly beriljegini iş geçirip ýören işgärler ilata düşündiriş berip bilmeýärler. Işler juda haýal alnyp barylýar" diýip, ol bu geçirilýän abatlaýyş işleriniň tomsuň iň bir yssy günlerinde geçirilmeginden ilatyň juda nägile bolýandygyny hem belläp geçýär.
"Ýyl boýy howanyň aramrak wagtlary bu işleri düzetmek barada alada edilmeýär. Haçan howanyň 50 gradusa ýetýän wagty, toguň ýetmezçiligi halys pese gaçan wagty, bir çäreler geçiren bolýarlar. Ol geçirilýän işler hem düýpli işler däl. Ýöne halky kösemek" diýip, ol janygýar.
Belläp geçsek şu ýylyň 5-nji Iýulynda geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinde döwlet ýolbaşçysy işinde goýberen düýpli kemçilikleri sebäpli diýip, Balkan welaýatynyň welaýat häkimini işinden boşadypdy.