Berdimuhamedow korrupsiýa garşy göreşmek wadasyny gaýtalady, alym-berim 'doly güýjünde dowam edýär'

Prezident G.Berdimuhamedow howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirýär. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti 2-nji iýulda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, harby we hukuk goraýjy edaralarda 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seretdi diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty habar berýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu mejlisi ýurduň Milli howpsuzlyk ministriniň wezipesinden aýrylyp, harby çininiň peseldilen, dollaryň “gara bazary” bilen howpsuzlyk resmileriniň arasyndaky bikanun baglanyşyk baradada resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär edilmedik habarlaryň ýaýran wagtynyň yz ýanlaryna gabat geldi.

Emma internet neşiriniň habarynda prezident Berdimuhamedowa berlen hasabatyň detallary, şonuň bilen bir wagtda MHM-niň jogapkärçilige çekilendigi avdylýan resmileri we beýleki korrupsiýa faktlary agzalmaýar, garşysyna iş gozgalan resmileriň atlary aýdylmaýar.

Şol bir wagtda, “Trend’ habar gullugynyň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň 3-nji iýuldaky sanyna salgylanyp ýazmagyna görä, mejlisde ýene bir gezek soňy gelmeýän korrupsiýa, parahorluk faktlary agzalana meňzeýär.

Döwlet eýeçiligindäki internet neşiriniň habarynda Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýewiň döwlet baştutanyna alty aýyň dowamyndakorrupsiýa garşy görlen çäreler barada hasabat berendigi aýdylýar, emma korrupsiýada aýyplanan resmileriň bolandygy ýa bolmandygy anyklaşdyrylmaýar.

Döwletiň internet neşirinden tapawutlylykda, “Trend” habar gullugynyň maglumatyna görä, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde hasabat döwrüniň käbir korrupsiýa faktlary agzalypdyr. Mysal üçin, aprel aýynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Naýypdaky suwaldylan gaz saklanylýan we ýüklenilýän terminalynyň ýolbaşçylarynyň biri, terminaldan eksporta ugradylýan gazyň päsgelçiliksiz ýüklenmegi üçin, daşary ýurt kompaniýasynyň alyjysyndan para alypdyr.

Emma gazet bu diýilýän paranyň möçberini, şeýle-de bu işe anyk näçe resminiň dahylly bolandygyny, şeýle ýagdaýyň haçandan bäri dowam edendigini we döwlete ýetirilen maddy zyýanyň möçberlerini aýtmaýar.

Mundanam başga, “Türkmennebitönümleri” kärhanasynyň baş edarasynyň Parahat nebit desgasynda bölüm başlygynyň öz wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly ulanmagynyň üsti açylypdyr. Hasabatda aýdylmagyna görä, ýangyç stansiýalarynda benzin we dizel ýangyjyny kem guýmak we sürüjileriň hasabyna tygşytlanan ýangyjy satmak üçin ýörite gural goýlupdyr.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Azatlygyň çeşmeleri ýurduň ýangyç guýulýan stansiýalarynda sürüjileriň awtoulaglaryna guýulýan ýangyjyň kem guýulmagynyň tas kada öwrülendigini, polisiýanyň ýol gözegçiliginde parahorlugyň güýçlenendiginihabar berdiler,emma häkimiýetler bu aýdylýanlary ne inkär etdi, ne-de tassyklady.

Şeýle-de “Trend” ýanwar aýynda 2017-nji ýylyň dekabrynda oba hojalygy we suw serişdeleri ministrliginden boşadylan Nursähet Sapardurdyýewiň öz wezipe ygtyýarlyklaryny ulanyp, tabynlykdaky edaralaryň başlyklarynyň kanuny bähbitlerine zyýan ýetirmek bilen,daşary ýurt kompaniýalaryndan we telekeçilerden uly möçberlerde para almagynyň habar berlendigini belleýär. Ýöne bu diýilýän paranyň we döwlete ýetirilen zyýanyň möçberleri hemanyklaşdyrylmaýar.

Prezident Berdimuhamedow howpsuzlyk geňeşiniň mundan öňki mejlislerinde korrupsiýa we parahorluga ýol berilmejegini, bikanun işe baş goşan resmilere eýeleýän wezipelerine garamazdan berk çäre görüljegini wada berdi.Ol bu wadasyny 2-nji iýulda hem gaýtalady we korrupsiýa baş goşan hem para alan döwlet gullukçylarynyň berk jezalandyryljakdygyny aýtdy.

Emma ýerli synçylar Türkmenistanda geçen ýylyň maý aýynda yglan edilen korrupsiýa göreşiniň başdaky depginini gowşadandygyny belleýärler.Olaryň sözlerine görä, geçen ýylyň tomsunda ykdysady jenaýatlara garşy döwlet gullugy döredileninden soň birbada aýyplanýan resmiler açyk atlandyrylyp, olaryň eden jenaýatlary, döwlete ýetiren zyýanlary barada anyk maglumatlar berlip başlandy.

Emma soňra, has anygy şu ýylyň aprelinde bu gullugyň başda bellenen başlygy Mämmethan Çakyýew wise-premýerlige geçirilip, onuň ýerine M.Hudaýgulyýew bellenildi we korrupsiýa garşy alnyp barylýandygy aýdylýan göreş gowşadylan ýaly bolup göründi.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan iň bir korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda agzalýar we Azatlyk bilen gürleşýän ýerli ýaşaýjylar parahorlugyň çagalar bagyndan başlap, iň ýokary derejelere çenli giňden ýarandygyny öňe sürýärler.