Daşoguzlylar tomsuň jöwzasynda ýyllarboýy çözülmeýän tok meselesinden ykdysady zyýan çekýärler

Türkmenistan. Köne transformator.

Azatlyk radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy şu ýyl ilatyň elektrik üpjünçiliginiň öňki ýyllara garanda hem ýaramazlaşandygyny, toguň tas her gün diýen ýaly kesilýändigini habar berýär.

Azatlyk radiosy welaýatdaky tok ýetmezçiligi barada mundan öň hem eneçeme gezek ýazypdy.

Soňky aýlar ilatyň ulanýan elektrik togy ýygy-ýygydan kesilýär, ýöne toguň kesilmedik wagty hem kuwwaty peseldi, geçen ýyl tok biraz güýçlüdi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran daşoguzly çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, toguň güýji ozallar esasan oba ýerlerinde pes bolardy, emma bu ýyl welaýat merkezinde, Daşoguz şäherinde hem toguň kuwwaty gaty peseldi diýip, bu maglumaty Azatlygyň demirgazyk welaýatdaky ikinji bir çeşmesi hem tassyk etdi.

Türkmenistanlylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, tomsuň häzirki ýaly jöwzaly yssy günlerinde, öýlerdäki sowadyjylaryň dyngysyz işledilmegi bilen baglylykda, ilata berilýän toguň güýji köplenç peselýär. Bu ýagdaý adamlaryň diňe ýaşaýyş we iş jaýlaryny salkynlatmak, salkyn jaýda oturmak ýa ýatmak mümkinçiliklerini çäklendirmän, eýsem tiz zaýalanjak azyk önümlerini saklamaklarynda hem uly kynçylyk döredýär.

Kondisionerlerimiz, holodilniklerimiz işlemeýär, hatda öýlerdäki çyra lampalary hem juda körek ýanýar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen 60 ýaşly daşoguzly ýaşaýjy aýtdy.

Elektrik üpjünçiliginiň peselmegi welaýatda telekeçilik, söwda işleri bilen meşgullanýan adamlar üçin hem uly alada boldy, sebäbi ýeterlik tok bolmasa, olaryň satyp girdeji edinjek bolýan et, süýt, ýag önümlerini zaýalaman saklamak tasdan mümkin däl.

Awtomobillere tehniki hyzmat edýän, maşyn ýuwýan hususy kärhanalaryň eýeleri bolsa, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşip, tok pes bolansoň, işlerini togtatmaly bolandyklaryny gürrüň berdiler.

Häzir maşyn ýuwulýan ýerleriň islendigine barsaň, gapysynda ýumruk ýaly gulp asylgy durandygyny görýärsiň. Gulpdan başga, ol ýerde ‘Bize garaşmaň, tok pes’ diýen ýazga hem gözüň düşýär” diýip, ýerli çeşme aýtdy.

Şeýle-de habarçymyz häzir welaýat we etrap häkimlikleriniň edara jaýlarynda ýörite tok güýçlendiriji enjamlaryň oturdylandygyny habar berýär. Haçanda raýatlar häkimlige baryp, toguň pesliginden şikaýat etseler, olar: “Aňyrdan pes, biziň elimizdäki zat däl, görüp dursyňyz, häkimlikde hem tok pes we kesilýär” diýip jogap berýärler.

Käbir häkimliklerde bolsa raýatlara “biz-ä tok köpeldiji enjam bilen tok çykarýan generator edindik, sizem bir emelini taparsyňyz-da” diýip, öz başlaryny özleriniň çaramagyny maslahat berýärler.

Adamlar toguň kesilmeginden we peselmeginden uly ykdysady zyýan çekýär, bu zyýanyň öwezini kim tölemeli?” diýip, sorag berýän ýaşaýjylar hem bar.

Salgyt almaly, toga pul töletmeli bolsa, häkimiýetler seniň hiç bir sözüňi diňlemeýärler, dükanyňy ýapmak, işiňi duruzmak, hojalyklaryň toklaryny kesmek bilen dessine çäre görýärler, emma özlerine düşýän işi etmeli bolanda beýle däl” diýip, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan 60 ýaşly kärendeçi aýtdy. “Düzetsinler-dä, çözsünler-dä tok meselesini basymrak, puluny alýarlar-a!” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şol bir wagtda häzir Daşoguzda tok üçin bergisi bolan hojalyklarynyň elektrik togunyň kesilýändigi, hatda “bir gün garaş, ertir pul tapaýyn” diýenleriň hem sözüniň diňlenmeýändigi habar berilýär.

Türkmenistan ilatyň tok bilen üpjünçiligi ýyllarboýy uly mesele bolmagynda galýar we bu ýagdaý häkimiýetler tarapyndan hem bölekleýin boýun alynýar. Mysal üçin, prezident Berdimuhamedow şu ýylyň başynda, Azatlygyň habaryndan soň, wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe berk käýinç berip, ýurduň elektrik stansiýalaryny düýpli barlamagy talap etdi. Şeýle-de Amangeldiýewe, elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi gaýtalansa, wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.