Mary-Şatlyk ýolunyň güzaplary

Aşgabat-Mary ýoly.

Marynyň welaýat merkezi Mary şäherinden 25 kilometr günbatarda ýerleşýän Şatlyk şäherçesiniň ýaşaýjylary awtoulag gatnawyndan aşa kösenýändiklerini aýdýarlar.

Şatlyk şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň agramly bölegi, Sakarçäge etrabyna barýan asfalt ýoluň ugrunda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary hem, esasan, Mary şäherine gatnap işleýärler.

“Oba ýaşaýjylaryna obalarda güzeran aýlamaga hiç bir mümkinçilik bolmandan soňra, olar mümkin bolan işlerde, ýarym aýlyk bilen işlemeli bolsalar-da, bir gurply hojalygyň çagasyna seretmeli bolsalar-da, bäş şaýy üçin iş tapan ýerlerine, esasan hem Mary şäherine gatnamaly bolýarlar” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şatlyk şäherçesi bilen Mary şäheriniň arasynda ozal her ýarym sagatdan gatnaýan awtoulag bardy. Emma, soňky ýarym ýylda bu awtoulaglaryň gatnawlary ýaramazlaşdy.

Kä günlerde awtobus bir ýa iki gezek gatnasa, kä günlerde ol asla hem gatnamaýar. Ýolagçylar awtobusyň boljagyny-bolmajagyny hem doly bilmän, duralgalarda garaşyp sergezdan bolýarlar.

Ozal Mary-Şatlyk aralygyna awtobusyň ýol kireýi hem 1 manatdy. Indi, onuň gatnawy ýaramazlaşsa hem şu ýylyň ýanwar aýyndan benziniň bahasynyň ýokarlanmagy bilen, awtobusyň bu aralyga ýol kireýi üç manat boldy.

Ýolagçylar bu nyrhy aşa ýokary hasaplasalar-da, Marynyň awtotransport kärhanasynyň ýolbaşçylary benziniň ýokarlanmagyny bahana edip, ýol kireýlerini ýokarlandyrýarlar.

“Ýolagçylar Marynyň awtotransport kärhanasyna arza şikaýat bilen ýüz tutan halatynda, Marynyň awtostansiýasynyň ýolbaşçysy täzelendi. Emma, täze ýolbaşçynyň gelmegi bilen hem, ýolagçylar üçin hiç bir üýtgän zat bolmady” diýip, özüni Gylyç diýip tanyşdyran ýaşaýjy aýdýar.

Gylyjyň aýtmagyna görä, ol Mary şäherindäki kärhanalaryň birinde işleýär: “900 manat aýlyk alýaryn. Onuň hem agramly bölegi ýol kireýine gidýär. Awtobusyň ýol kireýiniň 3 manada galdyrylmagy hem ýolagçylar üçin ýeňil düşenok. Emma hususy awtoulaglarynda kireý edýän sürüjiler bu aralyga 5 manat ýol kireý soraýarlar. Awtobuslar gatnamasa hususy taksilere mejbury münmeli bolýarys. Her ýüzüne 5 manat ýol kireý töläp işe gatnajak bolsaň, alýan aýlygyňdan çagalara çörek puly hem galmaýar. Nädip güzeran aýlamaly, nädip işlemeli. Döwlet ýolbaşçylary adamlaryň iş üpjünçiligi barada hem, ýolagçylaryň awtoulag gatnawlary barada hem asla alada etmeýärler” diýip, Gylyç sözüne goşýar.

Marşrut awtoulaglar 2 manat bilen bu aralyga gatnaýarlar. Emma, olar Şatlyk şäherçesine girmän, şäherçäniň golaýyndan geçýän uly ýoluň ugrunda düşürýärler. Şäherçä girmeli ýaşaýjylar bolsa, ýene-de 2 kilometr ýaly aralygy pyýada geçmeli bolýarlar.

“Işden çykyp, bazardan azyk önümlerini hem satyn alyp gaýdýan oba ýaşaýjylaryna her gün iki kilometre golaý ýoly, agyr goşly ýöremek juda kyn düşýär” diýip, ýaşaýjylar zeýrenýärler.