Türkmenistanly ýaş aktiwist Ömruzagyň kakasy oglunyň tussag edilmeginden soň ýogaldy

Ömruzak Omarkulyýew

Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden we türkmen häkimiýetleriniň çakylygy boýunça Türkmenistana barandan soňra tussag edilen Omrüzak Omarkulyýewiň kakasy aradan çykdy.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, 50 ýaşly Şirinbaý maý aýynyň birinji ýarymynda ýogalypdyr. Onuň takyk ýogalan senesini we ölüminiň sebäbini anyklap bolmady. Käbir çeşmeler onuň öz oglunyň tussag edilmegi zerarly ýüreginiň çydamandygyny aýdýarlar.

Häzirki wagtda Ömruzak Omarkulyýewiň Lebap welaýatynyň Dostluk şäherindäki öýi howpsuzlyk gulluklarynyň gabawynda saklanýar we merhumyň ýasyna barýan adamlar soraga çekilýär.

"Onuň kyrkyny berdiler. Emma ýasyna barmagy başaran adamlar ümsümlikde, gepleşmän aýat okap gaýtdylar. Häkimiýetler patanyň çykdajylaryny öz üstüne alyp, ýöne gep-gürrüň bolmasyn diýip garyndaşlaryna berk tabşyrypdyr. Häzirem ol öý howpsuzlyk gulluklaryň gözegçiligi astynda saklanýar, haçan barsaň daşynda graždan eşikli adamlar hem pyýada, hem-de ulagly aýlanýarlar. Baran adamy dessine surata düşürip, polisiýa soraga çekýärler we "Näme üçin bardyň? Maksadyň näme? Daşary ýurtda kimiň bar? Ozal nähili gatnaşykdadyň? Kimler bilen habaryňyz bar?" diýip soraýarlar. Bu ýagdaýdan ýaňa indi olaryň goňşularyna hem adam barmakdan çekinýär", diýip Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň başga bir çeşmesi methumyň kyrkynyň bellenmeginiň öňüsyrasynda beren maglumatynda häkimiýetleriň gysyşy astynda köp adamyň ýasa barmakdan asla çekinýändigini aýtdy.

"Düýn jumalygy boldy, obadaşlary 'onuň ogly syýasata goşuldy' diýip, köpüsi ýasa barmakdan hem çekinýärler. Omruzagyn sudy yapyk bolup, ene-atasyna ogluna 20 ýyl iş kesilendigini, 5 ýylynyň ýapyk režimli boljagyny aýtdylar. Emma görüşmäge-de rugsat bermediler. Bu ýagdaýda Şirinbaý ýüregi çydaman ýykylypdyr we etrap keselhanasynda özüne gelmän üç günden soň ýogalypdyr. Indi organ işgärleri hiç kime aýtmaň, diýip garyndaşlaryny gorkuzýarlar" diýip, howpsuzlyk sebäpli gizlinlik şerti bilen habarlaşan çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşri Şirinbaýyň Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň gonamçylygynda jaýlanandygyny habar berdi.

Birnäçe çeşmelerden gowşan maglumatlara görä, Ömruzak Omarkulyýew ýapyk suduň netijesine 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, Owadan Depe türmesinde saklanýar. Onuň tussaglyk möhletiniň bäş ýylynyň ýapyk režimde bolmagy göz öňünde tutulýar.

Ömruzak Omarkulyýew Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden türkmenistanly ýaş aktiwistdir. Ol Türkiýäniň Gorkut Ata adyndaky Osmaniýa uniwersitetiniň ikinji kursunyň studenti.

Omruzak 21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynda çykyş edip, öz döreden guramasy barada gürrüň beripdi we öz döreden guramasynyň işine Türkmenistanyň ilçihanasynyň gyzyklanma bildirip, goldaw hödürländigini buýsanç bilen gürrüň beripdi. Emma yzýany, ýagny 14-nji fewralda Türkmenistanyň ilçihanasynyň howandarlygynda Türkmenistana barandan soňra Ömruzak ýurtdan gaýdyp çykarylmady. Ömruzak bu barada Azatlyk Radiosyna mart aýynda habar ýetirdi. Şondan soň türkmenistanly ýaş aktiwistden hiç hili habar bolman, üç aýa golaý wagtdan soň onuň tussaglykda saklanýandygy belli boldy.

Omruzak Omarkulyýew özüniň Türkmenistana barmagynyň maksadynyň Türkmenistanda 25-nji martda geçirlen parlament saýlawlaryna syn etmek we Türkiýede bilim alýan türkmenistanlylaryň ses berişlige gatnaşmagyny guramalaşdyrmak ýaly işlerden ybarat bolandygyny gürrüň beripdi. Ol Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyklaryň çäginde geçirlen resmi maslahatlaryň birine gatnaşandan soň Türkiýä gaýtmakçy bolupdy, emma ýurtdan goýberilmedi we yzýany ýitirim edilipdi.

Bellemeli ýeri Ömriuzak Omarkulyýewiň Türkmenistana barmagy ýuduň saýlaw komitetiniň resmi çakylygy boýunça we Ankaradaky türkmen konsulhanasynyň başlygynyň guramaçylygynda amala aşyryldy. Azatlyk Radiosynyň konsulhana jaň edip, Ömriuzak Omarkulyýewiň ykbaly barada maglumat almak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.