Gytçylygyň fonunda hökümetçi websaýt ‘bolçulykdan’ söz açýar, özbek TW-si ‘çörek nobatlary’ hakda reportaž taýýarlady
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar ýurtda dowam edýän gytçylykdan şikaýat edýän wagty, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan bir websaýt Türkmenistanda azyk-haryt bolçulygynyň dowam edýändigini aýdyp, 20-nji iýunda maglumat çap etdi. Onuň ertesi güni, 21-nji iýunda Özbegistanyň döwlet telewideniýesi türkmen ykdysadyýetindäki kynçylyklar barada taýýarlanan reportažy efire berdi.