Un-çörek gytçylygynyň fonunda bugdaý hasyly boýunça borçnamalar ýerine ýetirilip başlandy diýilýär

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda un-çörek gytçylygynyň dowam edýän mahaly, ýurduň mediasy käbir etraplaryň kärendeçileriniň bugdaý hasyly boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigini habar berýär.

14-nji iýunda “Türkmenistan Altyn Asyr” websaýty Mary welaýatynda galla oragynyň barşynda ilkinji zähmet ýeňşiniň gazanylandygyny – Tagtabazar etrabynyň kärendeçileriniň kabul ediş bölümlerine täze hasyldan bugdaýyň 10 müň 800 tonnadan gowragyny getirip, özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendiklerini habar berdi.

“Galla oragynyň oňat depginleri Sakarçäge etrabynda hem saklanýar. Ol oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça ýurtda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Oragyň beýleki öňdebaryjylarynyň hatarynda Oguzhan we Ýolöten etraplarynyň daýhan birleşikleri bar” diýlip, habarda bu ýerde kärendeçileriň güýzlük bugdaý ekişliginde bugdaýyň “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3” we beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdirýändigi nygtalýar.

Resmi maglumata görä, sebit boýunça eýýäm dänäniň 154 müň tonnadan gowragy taýýarlanyp, gündelik ösüş 22,5 müň tonnadan gowrak bolup durýar. Emma muňa garamazdan, sebitde un-çörek gytçylygy dowam edýär we bu aýratyn-da, Ýolöten etrabynda göze ilýär.

“Baýraç obasynyň ýaşaýjylary iýun aýynyň ortasynda maý aýy üçin berilmeli un normasyny aldylar. Bütin maý aýy çöreksiz oturdyk. Gurbumyzyň çatdygyndan gymmat bahaly gazak unundan satyn almaga mejbur bolduk. Ony hem her gün satyn almaga serişdämiz bolmady. Indi iýun aýynyň normasyny haçan alyp biljegimiz belli däl” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran Ýolöteniň Baýraç obasynyň ýaşaýjysy 14-nji iýunda gürrüň beripdi.

Aýdylmagyna görä, döwlete degişli çörek dükanlarynda-da, bir ele iki buhanka çörek berilýär. Ony hem oba ýerlerinden etrap merkezine gidip aljak bolsaň, ep-esli ýol kireýi bermeli bolýar.

“Ýol kireýine etjek çykdajyňy we çöregiň bahasyny nazara alanyňda, bu hem gazak ununy satyn alanyňdan arzan düşmeýär” diýip, ýaşaýjylar her aý adam başyna berilmeli 5 kilogram un normasyny almakda hem kynçylyklaryň dowam edýändigini aýdýarlar.

Mundan üç gün ozal, ýurduň demirgazyk welaýaty Daşoguzda bolsa, adam başyna her aýda diňe 3 kg unuň satylýandygyny, munuň hem ähli ýerde tapdyrmaýandygyny, hatda Boldumsaz etrabynda çörek aljaklardan pasportyň soralýandygyny, bu sebitdäki çeşmämiz habar beripdi.

“Un Daşoguzda pula-da tapdyrmaýar. Häzir raýatlar bir aý öňünden nobata ýazylyp, adam başyna 3 kilogramdan berilýän una garaşýar, emma gelýän un ýok. Welaýatymyzyň halky agyr ýagdaýa düşdi” diýip, çeşme Daşogzuň bazarlarynda ak jöweniň hem-de mekge jöweniň bahalaryny hem ep-esli ýokarlanandygyny gürrüň berdi.

Resmi mediada şu ýyl ýurduň harmanyna 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny almagyň göz öňünde tutulýandygy tekrarlansa-da, ýurtdaky un-çörek ýetmezçiligi barada hiç hili mesele gozgalmaýar.