‘Türkmentelekomyň’ kabel telewideniýeleriniň tölegleri duýdansyz 100% gymmatladyldy

Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda “Türkmentelekomyň” eýeçiliginde tamlaryň üçeklerine oturdylan antennadan çekilen kabel telewideniýeleriň tölegleri duýdansyz 100% gymmatladyldy.

1-nji maýdan başlap “Türkmentelekomyň” esasy kabel telewideniýesiniň bir aýlyk tölegi 5 manatdan 10 manada, ikinji we üçünji kabel liniýalarynyňky 1 manatdan 5 manada ýokarlandyryldy.

Türkmenistanda bolup geçýän täzeliklere ýakynda syn edýän Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, bu barada raýatlara öňünden hiç hili duýduryş berilmedi. Munuň üstesine-de, resmiler tölegleriň tölenmändigini aýdyp, bu gymmatlamadan habarsyz ýaşaýjylaryň kabel telewideniýelerini hem duýdansyz öçürdiler.

“2018-nji ýylyň iýun aýynyň 10-dan soňra kabel telewideniýesini köpçülikleýin ýatyrmak, ýagny şonuň öýüňe gaýdýan liniýasyny öçürmeklik köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Iki-üç günläp işlemänsoň, adamlar “Türkmentelekomyň” degişli edaralaryna jaň edip başladylar. Ýaşaýjylar ‘Näme üçin meniň telewizorym işlänok?’ diýip sorasa, olaram ‘Siziň tölegiňiz tölenmedik’ diýdiler. Adamlaryň köpüsi ‘O nähili meniň elimde töleg depderçäm bar. Men pylan aýyň, pylan güni baryp töledim’ diýse-de, ‘Ýok, bahalar üýtgedi’ diýipdirler” diýip, synçy Bugaýew bu ýagdaýlary başdan geçiren ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Maglumat üçin ýatlatsak, Aşgabatda jaýlaryň üçeklerinden we diwarlaryndan çanak antennalaryň mejbury sökülip aýrylmagynyň yz ýany, onuň ýerine ýaşaýjylara iki mümkinçilik hödürlenipdi. Olaryň biri “AşTu-nyň” telefon liniýalary arkaly berilýän telekanallar bolsa, beýlekisi “Türkmentelekomyň” eýeçiliginde tamlaryň üçeklerine oturdylan antennadan çekilen teleýaýlymlardyr.

“Türkmentelekomyň” kabel telewideniýeleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýan ýaşaýjylaryň bu soňky gymmatlama barada näme sebäpden özlerine öňünden aýdylmandygy barada beren soraglaryna, agzalýan edaranyň işgärleri: “Biz aýtmalydyram öýütmedik. Sebäbi kesilse, özüňiz habar tutarsyňyz, şonda aýdarys diýdik” diýip, jogap berýärler.

Şeýle-de, jogapkär işgärler ýaşaýjylara iýun aýynyň 20-ne çenli maý we iýun aýlary üçin goşmaça tölegleri tölemelidiklerini we şondan soň olaryň kabel telewideniýeleriniň gaýtadan işläp başlajakdygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda, “Türkmentelekomyň” edarasyndan haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Ýöne belläp geçsek, Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalar tarapyndan ýaşaýjylara berilýän hyzmatlaryň tölegleriniň duýdansyz gymmatladylmagy bilen baglanyşykly ýagdaý ilkinji gezek gaýtalanmaýar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynyň başynda çagalar baglarynyň tölegleri, ýaşaýjylara öňünden hiç hili bildiriş edilmezden, Aşgabatda 10 manatdan, ýurduň welaýatlarynda 8 manatdan birden 80 manada ýokarlandyryldy.

Şol aýyň ahyrynda bolsa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Dil merkezinde üç aýlyk dil we kompýuter kurslarynyň tölegleri okuw ýyly başlap, öňki nyrhdaky tölegler amala aşyrylandan tas bir aý soň, duýdansyz üç esseden hem köp ýokarlandyryldy we ene-atalardan eýýäm geçen aý üçin hem goşmaça töleg talap edildi.