Türkmenistanda dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy pese gaçýar

Türkmenistanda dollar söwdegärleri

Soňky günlerde Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň pese gaçmagy dowam edýär. 12-nji iýunda dollar söwdegärleri 1 amerikan dollaryny 21-22 manatdan satyn alyp, 25 manatdan hem satýarlar.

Belläp geçsek, 4-nji iýunda Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty Daşoguzda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy rekord derejä ýetip, 1 amerikan dollary 29 manada barabar bolupdy.

Azatlyk Radiosyna dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň pese gaçyp başlamagynyň bolaýmagy mümkin sebäplerini anyklaşdyrmak häzirlikçe başartmady.

Emma soňky hepdelerde Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary dollaryň “gara bazardaky” söwdegärleriniň 1 amerikan dollaryny satyn alan nyrhyndan 2 manat gymmada satýandygyny, köplenç ýagdaýda bolsa, satmakdan saklanýandyklaryny habar beripdiler.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2016-njy ýylyň başynda dollaryň nagt görnüşli çalşygyny doly ýatyrandan soň, ýurtda daşary ýurt walýutasynyň nagt söwdasy gadagan edildi. Türkmenistanyň Merkezi banky bolsa, dollaryň resmi kursuny 3,5 manat möçberinde saklap gelýär.

Ýurduň banklary ilatyň belli bir möçberdäki türkmen manadyny nagt däl görnüşde daşary ýurt walýutasyna öwürmäge mümkinçilik döretse-de, bu pul serişdesini nagtlaşdyrmak hem-de olardan nagt däl hasaplaşyklar arkaly peýdalanmak düzgünleri doly diýen ýaly çäklendirildi.

Dollaryň “gara bazardaky” nyrhy resmi kursdan ýedi esse gymmada satylýan mahaly, Türkmenistanda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlar gün-günden gymmatlaýar we olaryň käbir görnüşleri bolsa, düýbünden gytaldy.

Şol bir wagtda, ýurtda nagt pul ýetmezçiliginiň hem ýiti duýulýandygyny, ýerli synçylar we ýaşaýjylar belleýärler.

Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan halkara synçylar häzirki wagt ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, halkara ekspertleri ýurtda ýyllyk inflýasiýanyň aşa galandygyny belleýärler.

Jon Hopkins uniwersitetiniň professory Stiw Henki türkmen manadynyň hümmetsizlenmeginiň ýyllyk görkezijisini çap edip, Türkmenistanda ýyllyk inflýasiýanyň derejesiniň 294 %-e baryp ýetendigini we onuň ýokary galan inflýasiýanyň derejesi boýunça dünýäde ikinji ýerde durýandygyny mälim etdi.