Türkiýä goýberilmedik daşoguzly bir adam öz janyna kast etdi

Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň aeroportunda üç gezek Türkiýä gitmäge synanyşan, emma olaryň hiç birinde-de uçara goýberilmedik daşoguzly bir adamyň öz janyna kast edendigini, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy habar berýär.

Читайте также на русском

“Bu welaýatyň Akdepe etrabynyň bir ýaşaýjysy Türkiýä gitmekçi bolup, üç sapar aeroportdan türke goýberilmeýär. Ol hiç wagt goýberilmejegini eşidensoň, gije sagat 1 töweregi gapysyndaky agaçdan özüni asyp öldürdi” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran habarçymyz gürrüň berdi.

Belläp geçsek, bu waka aprel aýynyň ikinji ýarymynda bolan bolsa-da, Azatlyk Radiosyna bu baradaky maglumatlar häzirki wagtda gelip gowuşdy. Şeýle-de, bu waka bilen ilteşikli şahsyýetiň ady belli bolsa-da, Azatlyk Radiosy howpsuzlyk jähtinden ony köpçülige mälim etmekden saklandy.

Habarçymyz 31 ýaşyndaky merhumyň ýakyn adamlara salgylanyp, onuň Türkiýä gitmek üçin prosentine karz pul alyp, uçar biletlerini satyn alandygyny, ýöne ýurtdan goýberilmändigi sebäpli alan karz puluny yzyna berip bilmändigini we şol sebäpli öz janyna kast edendigini aýdýar.

“Ol maşgalasynda gün-güzeranynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, hatda çagalaryny bir wagtyna hem naharlap bilmeýär. Şeýle-de, çagalarynyň mekdebe geçen ýyllardan galan ýyrtyk egin-eşikler bilen gatnaýandygyna namys edip, bir süýthordan uly prosentine karz pul alýar. Şeýdip türke gitmekçi bolup, gerek resminamalary taýýarlaýar. Emma onuň bu synanyşygy başa barmaýar. Onuň alan karzyny tölemäne gapysynda ýeke towugy hem bolmansoň, Türkmenistanda başga iş tapsa-da, aljak aýlygynyň alan karzynyň prosentine-de ýetmejegine göz ýetirensoň, öz janyna kast edýär” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Merhumyň ýakynlarynyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, ol öz janyna kast etmänkä, ýurtdaky işsizlikden we garyplykdan ýadandygy barada jikme-jik hat ýazyp, soňra dünýäsini täzeläpdir.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatyndaky habarçylary we çeşmeleri ýurtda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady krizisiň fonunda, şu ýylyň başyndan bäri köpçülikleýin ýagdaýda eklenç gözleginde daşary ýurtlara gidýän daşoguzlylaryň sanynyň köpelendigini, olaryň arasynda býujet işgärleriniň hem bardygyny aýdýarlar.

“Käbir daýhan birleşiklerinde pagtaçy kärendeçileriň tas ählisi kärende ýerlerini tabşyryp gidipdirler. Häzirki wagt welaýatda ýekelenmän, otalman duran gowaça meýdanlary bar. Olar adam girmegine zar. Iş gözleginde gidýänleriň käbirleri maşgalasy bilen gidýärler. Býujet işgärleri hem işini taşlap, gidip başladylar” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Ýerli synçylar we ýaşaýjylar tarapyndan “türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň köpçülikleýin ýagdaýda migrantlyga ýykgyn etmeginiň öňüni almak” diýlip häsiýetlendirilýän çäreleriň çäginde soňky aýlarda daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmen raýatlarynyň uçara goýberilmän, yzyna gaýtarylmagy bilen baglanyşykly wakalar ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi

Geçen aýyň ahyrynda Aşgabadyň halkara aeroportynda Türkiýä goýberilmedik bir aýal maşgalanyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, soňy bilen aradan çykandygyny, Azatlyk Radiosynyň biri-biriden habarsyz ençeme çeşmesi habar berdi.

Ýene şol aý Aşgabadyň halkara aeroportunda türkmenistanly zenanlaryň birnäçesiniň ýurduň daşyna goýberilmändigi bilen bagly wakalaryň ikisi Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtyň aeroportynda aglabasy lebaply we daşoguzly zenanlardan ybarat ýolagçylar özleriniň uçara goýberilmezligine gahar-gazap bildirip, protest geçirdiler.

​Galyberse-de, soňky aýlarda Aşgabatda türkmenistanlylaryň uçara goýberilmeýändigi barada habarlaryň artýan mahaly, paýtagtyň halkara aeroportynda ‘seni uçara mündirerin” diýen wada bilen adamlary aldap, olardan pul alýan käbir ‘hilegär’ toparlaryň hem peýda bolandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri türkmenistanlylaryň uçara goýberilmezligi, sebäpleri we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada häzirki güne çenli dymyp gelýärler.