Azatlyk Radiosynyň Daşoguzda aň-bilim edaralarynyň zenan işgärlerinden “milli lybaslaryň” geýilmegi talap edilýändigi barada taýýarlan ençeme maglumatyndan soň, bu welaýatyň häkiminiň orunbasary prokuratura tarapyndan derňelýär.
Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky biri-birinden garaşsyz iki çeşmesiniň tassyklamagyna görä, Daşoguz welaýat häkiminiň bilim we medeniýet boýunça orunbasary Jeren Kakalyýewa regionyň mekdeplerindäki mugallymlardan we çagalar baglaryndaky terbiýeçilerden birmeňzeş geýim formasyny talap edende, aň-bilim edaralarynda geçirilýän çäreler üçin çagalaryň ene-atalaryndan pul ýygnamak çäresinde aşa ‘yhlasly’ bolmakda aýyplanýar.
Ýatladyp geçsek, maý aýynyň 1-ne Azatlyk Radiosy Daşoguzda orta we umumy bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň, hususan-da, aýal-gyzlaryň birmeňzeş geýim formasyna geçmäge, ýagny ýakasyna nagyş edilen halady, köýnegi we nagyşly milli balagy geýmäge mejbur edilýändigini habar beripdi.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiziň maglumatyna görä, häzirki wagt kollektiwleýin edilen arza-şikaýat esasynda prokuratura, çeşmämiz tarapyndan “guduz açan” diýlip häsiýetlendirilýän, häkimiň orunbasaryny derňemek işlerini dowam etdirýär.
“Kakalyýewa mugallymlaryň we terbiýeçileriň milli nagyşly balak geýmelidigi barada mekdep we çagalar baglarynyň ýolbaşçylaryna diňe dilden görkezme bermek bilen çäklenmän, onuň özi ýörite barlaglary geçirdi. Ol balaklaryň hakykymy ýa-da däldigini, ýagny rezinkaly manžetmi ýa-da balakdygyny barlady. Kakalyýewa bu barlaglary aýagy bilen geçirdi, ýagny işgärleriň köýnekleriniň etegini aýagy bilen ýokary galdyrdy. Käbirleri muňa gahar-gazaply reaksiýa bildirdi. Şonda mugallymlar toparlanşyp arza tabşyrdy” diýip, söhbetdeşimiz belledi.
Azatlyk Radiosynyň Daşogzuň welaýat häkimligindäki başga bir çeşmesi Kakalyýewanyň bilim işgärleri bilen geçiren ýygnagynda mugallymlaryň ikisi bilen ýakalaşyp, olaryň köýnegini ýyrtandygyny we paýyş sözler bilen haýbat atandygyny gürrüň berdi.
“Kakalyýewa talap edilýän formany berjaý etmedik mugallymlary iliň öňüne çykaryp, ‘Sen näçe aýlyk alýaň? Işiňden boşadaryn, sizleri welaýatda hiç ýerde işe almaz ýaly ederin’ diýipdir. Şonda mugallymlar aýlygynyň maşgalasyna zordan ýetýändigini aýdyp, ýakynda pul tapyp forma edinjekdiklerini belläpdirler. Şonda Kakalyýewa ‘Sizler başga zada diýilse, pul tapardyňyz’ diýip, paýyş sözler bilen olaryň şahsyýetini kemsidipdir. Şonda mugallymlar ‘Agzyňdan çykýan zady gulagyň eşidýärmi?’ diýen äheňde erjeşjek bolýar. Soňra Kakalyýewa mugallymlaryň ikisiniň saçyndan çekip, köýnegini ýyrtýar we ‘Sizleri ýok etdirerin. ‘Bozuk’ diýen günä bilen türmä basdyraryn’ diýip, olary ýygnakdan kowup goýberýär” diýip, bu ýagdaýa şaýat bolan söhbetdeşimiz gürrüň berdi.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran Daşoguz welaýat häkimligindäki çeşmämiz bu wakanyň yz ýany, gaharlanan mugallymlaryň Kakalyýewanyň üstünden prokuratura arza tabşyrandygyny, emma aradan köp wagt geçmänkä, olaryň beren arzalaryny yzyna alandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
“Welaýatyň bilim pudagynyň käbir işgärleriniň aýtmagyna görä, prokuratura resmileri mugallymlara arzany yzyna almasalar, özlerine erbet boljakdygyny aýdyp, haýbat atypdyrlar” diýip, çeşmämiz Daşogzuň resmileri üçin kanunyň işlemeýändigini aýdyp, sözüni jemledi.
Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylýan ýagdaýlar dogrusynda Daşoguz welaýat häkimligi we Daşoguz welaýat prokuraturasy bilen habarlaşanda, bu barada häzirlikçe haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.
Ýeri gelende bellesek, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky aýal-gyzlaryň daşky görnüşi bilen baglylykdaky çäklendirmeleri mundan birnäçe ýyl ozal girizip başlan bolsa-da, soňky aýlarda munuň gerimini barha güýçlendirdiler.
Geçen aýyň başynda Türkmenistanda orta we umumy bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň, hususan-da, aýal-gyzlaryň birmeňzeş geýim formasyna geçmäge mejbur edilýändigi habar berilse, ondan öň ýurtda aýal-gyzlaryň suwa düşülýän geýimlerini, has takygy bikini-kupalnikleri we şortylary ýurduň çäklerine getirmek gadagan edilipdi.
Şeýle-de, aprel aýynda Türkmenistanda döwlet edaralarynda işleýän aýal-gyzlara dyrnaklaryny we kirpiklerini ösdürmegine, saçlaryny has açyk reňke boýamagyna girizilen gadagançylykdan soň, gümrükden açyk reňkli saç boýaglarynyň, şeýle-de kirpikleri we dyrnaklary ösdürmek üçin niýetlenen serişdeleriň-de geçirilmeýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.
Galyberse-de, bu çäklendirmeleri berjaý etmedik zenanlaryň işden kowulmagy, hem-de jerimelere sezewar edilmegi ýaly faktlaryň bardygy barada hem Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri habar beripdi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde ýokarda gürrüň edilýän ýagdaýlar dogrusynda, has takygy aýal-gyzlaryň daşky görnüşi bilen baglylykdaky çäklendirmeler, munuň olaryň durmuşyna we maşgala býujetine ýetirýän täsirleri barada mesele gozgalman gelýär.