Türkmenistanyň müftüsi şu ýyl adamlaryň bermeli oraza pitreleriniň möçberi barada karar çykardy, ol karara laýyklykda bu ýyl berilmeli piträniň möçberi geçen ýylyň Oraza aýyndaka garanda iki esse köpeldildi diýip, ýurt içindäki çeşme Azatlyk radiosyna habar berdi.
Читайте также на русском
Onuň sözlerine görä, "Maşgala eklemek barha kynlaşýar, durmuş agyr, ykdysady kynçylyklar ilaty aljyradýar, müfti bolsa piträniň möçberini artdyrýar" diýip, adamlar näguile bolýar.
Bu maglumat ýurtda dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň 22 manada çykan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi, şol bir wagtda amerikan walýutasynyň resmi kursy 3,5 manat bolmagynda galýar, bazarlardaky harytlaryň bahalary bolsa yzygiderli gymmatalýar.
Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, geçen ýyl Türkmenistanda her adam 2 manat möçberinde pitre bermeli bolan bolsa, bu ýyl adam başyna berilmeli piträniň möçberi 5 manat möçberinde kesgitlenipdir.
“Beýle möçberde pitre bermek diňe baý adamlara parz, köp adamda munça pul ýok” diýip, ýerli çeşme aýdýar.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda adamlarpitre-zekady öz ýaşaýan ýeriniň ymamyna berýärler.
“Eger-de tygşytlan puluň möçberi 10 müň mant bolsa, şol puluň kyrkdan biri zekat berilýärdi, bu ýyl şeýle möçberdäki puluň 30-dan bir bölegini zekat bermeli etdiler. Öýünde 400 gram altyny, 800 gram kümşi bolan adamlar hem zekat bermeli” diýip, ýerli çeşme habar berdi.
Şeýle-de ol ozallar türkmenistanlylaryň oraza pitresini we zekady mätäç, ýetim-ýesir, kemmagal adamlara, ýakynlaryndaky kömege mätäç garyndaşlaryna, obadaşlaryna berendiklerini, bu meselede olara hiç kimiň görkezme bermändigini, köp kişiniň bu işi özünden bilip edendigini ýatlatdy.
“Adamlarda dini düşünjäniň derejesi gitdigiçe peselýär, dini kitaplar, hadyslar köp adama eleýterli däl. Olary satmak gadagan, adamlar dine ynanmakdan gorkýaralar” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Azatlyk radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkmenistan bilen duldegşir ýurt Owganystanda oraza pitresiniň berlişi bilen gyzyklandy.
Kabuldaky habarçymyz Şaýmerdanguly Myradynyň tejribeli dindarlar bilen söhbetdeşlikden soň beren maglumatyna görä, bu ýurtda oraza pitresi adam başyna iki kilogram bugdaý möçberinde ýa-da amerikan dollarynyň 70 senti möçberinde kesgitlenilýär. Ýöne ol oraza pitresini ýoksullaryň bermeýändigini, diňe barly adamlaryň berýändigini hem sözüne goşdy.
Owganystanly dindarlaryň tassyklamagyna görä, 40 müň dollary bar adam 1 müň dollar zekat bermeli, ýöne ol bu puly hakykatdan hem garyp, mätäç adama bermeli.
“Dogry, ýakynda mätäç adam bolmasa, piter-zekady metjidiň ymamyna bermek hem bolar, emma bu puly ymama bermeli diýen düzgün dinde ýok” diýip, Myrady bilen söhbetdeş bolan ahun aýtdy.
Mundanam başga, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan dindar oraza pitresiniň we zekadyň, başga sadakalaryňozaly bilenözýakynlaryňdaky mätäje berilmelidigini, eger ýakynyňda mätäç adamlar bolmasa,bigäne, ýöne hakykatda mätäç adamlara kömek etmelidigini aýratyn nygtady.
Azatlyga oraza pitresiniň täze möçberi baradaky maglumaty ýetiren çeşme soňky döwürde Türkmenistanda oraza tutýanlaryň sanynyň örän azalandygyny, müň öýli obalarda agyz bekleýänleriň sanynyň 30-40-dan geçmeýändigini hem habar berdi.
Emma Azatlyk bu maglumaty başga çeşmeler arkaly tassykladyp bilmedi. Şol bir wagtda halkara hukukguramalary Türkmenistany din azatlygyny çäklendirýän ýutlaryň hatarynda goýýarlar, türkmen häkimiýetleriniň ýaş adamlaryň sakgalyny zor bilen syrdyrmak, aşa dindarlykda güman edilýän adamlary arak içmäge mejbur etmek ýaly bikanun çärelere baş urýandygy barada habarlar çykýar.
Ikinji tarapdan, türkmen hökümetiniň metjitleriň ymamlaryna aýlyk berýändigi, Mäkgä haj zyýaratyna gitjekleri mugt uçar bilen üpjün edýändigi aýdylýar.