Awazada Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady

Illýustrasiýa suraty

23-nji maýda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky “Awaza” syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri her ýylyň maý aýynda geçirilýän halkara Gaz kongresi “Türkmengaz” döwlet konserni we Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy tarapyndan guramalaşdyrylyp, oňa 70-den gowrak kompaniýa gatnaşýar.

Bu kongresiň çäginde Türkmenistanyň nebit-gaz toplumlarynyň ýolbaşçylarynyň, dünýäniň iri nebit-gaz kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, maliýe edaralarynyň ýokary derejeli resmileriniň we ekspertleriň çykyş etmegine garaşylýar.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gaz kongresine gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda bu ýere gelen “hünärmenleriň başga-da ençeme derwaýys meseleler bilen birlikde tebigy gazyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny we gaz geçirijileriň eksport mümkinçiliklerini, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek barada pikir alyşjakdygyny” aýtdy.

Mundanam başga, kongresde “Galkynyş” gaz käninde nobatdaky gaz proýektleri durmuşa geçirmek hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy barada maslahat edilmegine garaşylýar.

Umumy uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz käninden Hindistanyň Penjap ştatyndaky Fazilka şäherine çenli çekilip, ýylda 33 milliard kubmetr türkmen gazyny akdyrmagy göz öňünde tutulýar.

Ýöne halkara ekspertleri Owganystanyň howpuslzyk ýagdaýlary we Aşgabadyň häzirki maliýe kynçylyklary wagtynda, 10 milliard amerikan dollary möçberinde bahalanýan proýekte serişde tapmak kynçylygy sebäpli TOPH-yň amala aşmak planlaryna şübhe bildirýärler.

Häzirki wagtda, Türkmenistan tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýänem bolsa, ony eksport etmekde diňe bir alyja, ýagny Hytaýa garaşly bolmagynda galýar.

Esasy girdejisi tebigy gazyň eksportyna bagly Türkmenistan öz gazyny üç ugur boýunça Hytaýa, Russiýa we Eýrana satýardy. 2016-njy ýylyň başynda dörän gaz dawasy sebäpli, Moskwa türkmen gazyny satyn almagy bes edensoň, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Aşgabadyň Eýrana akdyrýan gazyny hem kesmegi bilen, Türkmenistan gaz müşderilerinden ikisini ýitirdi.