Aşgabadyň Parahat-6 etrapçasyndaky 69-njy jaýda dörän ýangynda bir göwreli ene we onuň 6 ýaşyndaky ogly heläk boldy diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.
Читайте также на русском
Neşir özüniň 20-nji maýda beren maglumatynda gürrüňi edilýän ýangynyň 19-njy maýda günortan sagat 13:00 töweregi Aýtakow köçesiniň ugrundaky dokuz gatly jaýyň üçünji gatynda dörändigini belleýär.
“Waka şaýat bolanlaryň aýtmagyna görä, ýangynyň netijesinde ýokarky gatlarda ýaşaýan ýaşaýjylaryň arasynda ejir çekenler bar. Ýangynyň tüssesi üçünji gatdan dessine ýokarky gatlara ýaýraýar. Ýangyn söndüriji gullugynyň halas ediş işgärleri 9 gatly jaýyň sekizinji gatyndan bir göwreli aýaly we onuň 6 ýaşyndaky ogluny çykarýarlar. Olaryň ikisi hem keselhanada aradan çykýar” diýip, neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp habar berdi.
Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary hem tassyklaýarlar, ýöne olar ýangynda adam ýitgisiniň bolandygy ýa-da bolmandygy barada häzirlikçe özlerinde anyk maglumatyň ýokdugyny aýdýarlar.
“Il içinde ‘adam ýitgisi’ boldy diýen gürrüň häzirlikçe ýok. Ýangyn beýleki kwartiralara geçmänkä wagtynda öçürdiler diýýärler. [Adam] ýitgisi bolaýanda-da, ony diňe bir-iki günden soňra adamlaryň agzyndan myş-myş ýaýrap, şonuň üsti bilen aňaýmasaň, aç-açan, resmi aýdylýan hiç zat ýok” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.
Ýaşaýjylaryň we ýangyn söndüriji gullugyň käbir işgärleriniň Azatlygyň ýerli çeşmelerine aýtmagyna görä, ýangynyň döremegine elektrik togunyň gysga çakyşmasy sebäp bolupdyr. Ýöne Azatlyk Radiosyna bu barada häzirlikçe Aşgabat şäheriniň häkimliginden ýa-da ýangyna garşy göreş gullugyndan resmi maglumat almak başartmady.
Galyberse-de, Aşgabatda bolup geçýän ýagdaýlar barada maglumat bermäge niýetlenen “Aşgabat” gazetinde ýa-da ýörite “Aşgabat” teleýaýlymynda hem bu dörän ýangyn heläkçiligi barada hiç zat aýdylmaýar. Muňa derek, paýtagtyň owadan ýerleri barada wideo reportažlar görkezilip, maglumatlar taýýarlanýar.
Synçy Bugaýew ýangyn howpsuzlygy we ýangyna garşy göreşmek barada hökümet maslahatlarynda ýygy-ýygydan gürrüň edilse-de, paýtagtda ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň täze gurulýan jaýlarda berjaý edilýändigini, şäher ilatynyň takmynan 70-75%-niň ýaşaýan böleginde bolsa, meselä talabalaýyk üns berilmeýändigini aýdýar.
“Soňky 4-5 ýyllykda häkimiýetler köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky öýlerde oturdylan sowadyjy enjamlary mejbury aýyrdansoň, ýaşaýjylar tomus aýlarynda yssy howadan goranmak üçin sowadyjylary täzeden jaýlaryň girelgelerinde oturdyp başlady. Bu ýangyn howpsuzlygyna gabat gelmeýär. Muňa gözegçilik hem edilmeýär” diýip, Bugaýew belledi.
Dünýä ilatynyň ýurtlara görä ömrüniň dowamlylygy boýunça statistiki hasabatlary çap edýän “World Life Expectancy” saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan ýurtda ýangyn hadysasynda wepat bolýanlaryň sany boýunça 172 ýurduň hatarynda Madagaskar, Merkezi Afrika we Benin ýaly döwletleriň edil yzynda 36-njy ýerde ýerleşdirilýär.
Bütindünýä saglyk guramasy, Bütindünýä banky we beýleki käbir halkara guramalaryň maglumatlaryna salgylanylýan hasabatda Türkmenistanda her 100 müň adamdan 9 töweregi adamyň ýangyndan heläk bolýandygy habar berilýär.