Aşgabatda üç ‘ýaremezançy’ çagany awtoulag kakdy, olaryň ikisi öldi

Aşgabadyň köçeleriniň birinde bolan köçe-ýol heläkçiligi. Arhiwden alnan surat

15-nji maýda giçlik Aşgabadyň “10 ýyl abadançylyk” we Ankara köçeleriniň çatrygynda bir awtoulag 10-11 ýaşlaryndaky üç sany gyz çagany kakyp heläkläpdir diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Читайте также на русском

Neşiriň öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 17-nji maýda beren maglumatyna görä, çagalaryň biri wakanyň bolan ýerinde, ýene biri Tiz Kömek ulagynda heläk bolýar. Çagalaryň üçünjisi häzirki wagt keselhananyň reanimasiýa bölüminde saklanylýar.

Bu barada 16-njy maýda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary hem habar beripdiler. Şonda Azatlyk Radiosyna bu maglumaty garaşsyz çeşmelere we türkmen häkimiýetlerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmandygy üçin, bu barada köpçülige habar bermekden saklanypdy.

Şonda habarçymyz Soltan Açylowa oraza aýynyň başlanmagy bilen çagalaryň öýme-öý aýlanyp, “ýaremezan” aýtmaklarynyň paýtagtdaky ýaşaýjylaryň birnäçesi üçin pajygaly waka bolup gutarandygyny aýdyp, şeýle diýipdi:

“Aşgabadyň ‘10 ýyl abadançylyk’ we Ankara köçeleriniň çatrygynda sagat 20:15 töweregi daşary ýurt markaly bir awtoulag 10-11 ýaşlaryndaky üç gyza awtoulag bilen kakdy. Waka şaýat bolan ýaşaýjylar sürüjiniň ýaş oglandygyny, onuň ýokary tizlik bilen ulagyny sürüp gelendigini we swetoforda pyýadalaryň geçmegi üçin ýaşyl çyra ýananda, awtoulagyny saklap ýetişmändigini aýdýarlar” diýip, Açylowa gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol gyzlaryň biriniň wakanyň bolan ýerinde dessine aradan çykandygyny, beýleki iki çaganyň Tiz Kömek ulagynda hassahana alnyp gidilendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Ýogalan gyzjagazyň hossarlarynyň gelmegine garaşyp, ol gyzjagaz bir sagat ýaly ýerinden gozgalman, polisiýanyň gözegçiliginde ýoluň üstünde ýatan ýerinde saklanypdyr. Heläkçilige düşen gyzjagazlar Parahat 4 etrapçasynyň ýaşaýjylary eken” diýip, habarçymyz waka şaýat bolanlara salgylanyp, gürrüň berdi.

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Azatlyk Radiosyna bu waka, şeýle-de üçünji çaganyň saglyk ýagdaýy we awtoulag sürüjisiniň ykbaly barada häzirlikçe Aşgabadyň häkimliginden ýa-da polisiýasyndan haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

“Hronika Türkmenistan” neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, heläkçiligiň sürüjiniň ýalňyşy esasynda bolandygyny, ýöne onuň heniz tussag edilmändigini habar berýär.

Türkmenistanyň dürli künjeginde bolýan ýol heläkçilikleri barada Azatlyk Radiosyna wagtal-wagtal maglumatlar gelip gowuşýar.

Şu ýylyň 14-nji aprelinde ýerli wagt bilen öýlän sagat bäş töwereginde, Türkmenistanyň Çüli jülgesiniň golaýynda awtobusyň ýol heläkçiligine uçramagy zerarly azyndan 17 adam wepat boldy.

Ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri heläkçiligiň esasy sebäplerini awtobusyň çakdan aşa ýüklenen bolmagynda we howa şertleriniň ýaramazlygynda görýärler. Gara ýoluň typançak bolmagy sebäpli içi ýolagçylardan hyryn-dykyn awtobusyň sürüjisi ulaga erk edip bilmän, ýoluny ýitiripdir. Netijede, awtobus agdarylyp, ýoluň gyrasyndaky çukura gaçypdyr diýip, Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary habar beripdiler.

Şu ýylyň 9-njy fewralynda bolsa, Aşgabat-Balkan asfalt ýolunda mikroawtobus bilen ýeňil awtoulagyň ýol heläkçiligine uçramagy netijesinde, azyndan dört adam öldi we başga-da 10-a golaýy ýaralandy. Bu ýol heläkçiligi Türkmenbaşy şäherinden ortaça 80 kilometr uzaklykda ýerleşýän Belek şäherçesiniň golaýynda bolupdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar we media serişdelerinde ýurtda bolýan köçe-ýol heläkçilikleri barada maglumat berilmeýär. Bu barada türkmen häkimiýetleri hem kelam agyz söz aýtmaýarlar. Şeýle-de, ýurtda her ýyl näçe ýol heläkçiliginiň bolýandygy we munuň näçe adamyň aýatdan ötmegine sebäp bolýandygy baradaky statistiki maglumatlar hem ilat köpçüligine elýetersiz bolmagynda galýar.