'Türkmen gurluşykçylaryna birnäçe aý bäri zähmet haky tölenmeýär'

Gurulýan bina, Aşgabat

Türkmenistanda hususy gurluşyk kärhanalarynda işleýän işgärleriň ençemesi birnäçe aýlap öz zähmet haklaryny alyp bilmeýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we ýerli synçylaryň sözlerine görä, häzire çenli puluny alyp bilmedik gurluşyk işgärleriň arasynda öňki Aýtakow häzirki Oguzhan köçesinde ýerleşýän 12 gatly jaýyň we öňki Sowhoznaýa köçesinde ýerleşýän 12 gatly jaýyň gurluşygyna gatnaşanlaryň ençemesi bar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew agzalan jaýlaryň gurluşygyny “Ajaýyp bina” atly kärhananyň ýerine ýetirendigini habar berdi: “Içileriň aglaba bölegi özleri bilen doly hasaplaşylmandygyny aýdyp zeýrenýärler. Şu günlerem işläp ýörenlerden aýlygyny almak üçin kärhananyň ýolbaşçysyna 'men aýylygymy 4 aý bäri alyp bilemok' diýende, ol köpçüligiň öňünde 'sen ýaly adam bize gerek däl. Aýlygyňy bereris, mümkinçilik bolanda' diýip, häzir geç-de, işden gidýändigiň barada arza ýaz diýdirler we firmanyň sürüjisi bolup işlän işgärini işden kowup goýberdiler".

Azatlyk Radiosy “Ajaýyp bina” atly kärhananyň özünden häzirlikçe düşündiriş alyp bilmedi.

Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Türkmenistanda gurluşykçylar bilen hasaplaşmadyk kärhanalaryň sany onlarça bolup, olaryň algydarlary esasan 20-35 ýaş aralygyndaky welaýat ýaşaýjylarydyr.

Türkmenistanda ýerli gurluşyk kärhanalarynyň öz işgärleri bilen hasaplaşygyny yza çekmegine degişli ýagdaý 2016-njy ýylyň ortalaryndan bäri yzygiderli häsiýete eýe bolýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň birnäçesi, hususan-da, geçen ýylyň tomsunda Aşgabat-2017 halkara sport ýaryşynyň öňüsyrasynda gurlup ulanylyşa berlen obýektleriň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylaryň hem şu günki güne çenli aýlygyna garaşýandygyny gürrüň berdiler.

“Aýlyklaryna bir ýyl bäri garaşýan welaýat ýaşaýjylary paýtagtdaky kärhana wagtal-wagtal jaň edip, puluny soranda olara ‘garaşyň bereris’ diýip, hoş söz berýärler”, diýip Azatlygyň türkmenistandaky söhbetdeşi gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýerli gurluşyk kärhanalary esasan döwletiň tabşyrygyny ýerine ýetirýärler. Olaryň öz işgärleri bilen hasaplaşygyna degişli problemalar barada resmi taýdan maglumat almak elýeterli däl. Emma gurluşyk kärhanalarynyň jogapkär işgärleriniň adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen aýtmagyna görä, gurluşyk pudagynda işleýän kärhanalara geçen ýylky Aşgabat-2017 oýunlary üçin uly möçberde töleg tölemeli edilipdir, şonda töläp bilmedik kärhanalaryň birnäçesi ýapylypdyr. Şeýle-de, çeşmämiziň bellemegine görä, döwletiň özi gurulýan desgalar üçin kärhanalar bilen wagtynda hasaplaşmaýar.

Mundan öň Türkmenistanyň gurluşyk kärhanalarynyň öz işgärleri bilen hasaplaşmandygyny türkiýeli işçiler habar beripdi. Geçen ýylyň aýagynda türk işçileri Ankaradaky türkmen ilçihanasynyň öňünde protest geçiripdi. Fewral aýynda olaryň ençemesi Azatlyk Radiosynda özleri barada berlen maglumatlardan soň, üç türkmen gurluşyk firmasyndan biri bilen problemanyň çözülmegi barada ylalaşyga gelinendigini habar berdiler.

Şonda mälim bolşuna görä, “Ajaýyp bina” atly türkmen gurluşyk firmasynyň baş müdiri 5-nji fewralda Stambula baryp, algysy bolan türk işçileri bilen ylalaşyga gol çekilipdir. Türk işçileriniň tölenmedik zähmet haklarynyň belli bir bölegi boýunça hasaplaşyk edilipdir.

Soňky döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan gurluşyklara türkmen kärhanalary giňden gatnaşýarlar. Olaryň esasan ýurduň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalarydygy aýdylýar. Ýurtda gurluşyk kompaniýalaryň sany barada resmi maglumatlar elýeterli däl. Emma telekeçileriň özleri gurluşyk pudagynda ýüzlerçe türkmen kärhanasynyň işleýändigini aýdýarlar.