Hajyýew: Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri ýurtda erkin işleýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň ýurtda erkin işleýändigini we olaryň ýurda erkin girip-çykýangyny aýtdy. Hajyýew bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa hüjüm edilmeginden iki gün öň, ýagny 7-nji maýda BMG-niň Ženewadaky edarasynda guramanyň Adam hukuklary geňeşiniň Ähliumumy syny boýunça Işçi toparynyň öňünde çykyş etdi.

Читайте также на русском

“Siz Azatlyk Radiosy we beýleki zerur bolan websaýtlar bilen hyzmatdaşlyk edýän we işleşýän adamlardan sorap görüň. Siz olaryň ýurtdan erkin çykýandygyny we yzyna dolanyp gelýändigini, Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlar barada maglumatlary, şol sanda tankydy maglumatlary çap edýändiklerini görersiňiz. Olar çäklendirilmeýär ýa-da yzarlanmaýar” diýip, Hajyýew aýtdy.

Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi dogrusyndaky milli hasabatynyň diňlenişiginde eden bu çykyşyna garamazdan, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň basyşlara we hüjümlere sezewar edilmegi dowam edýär.

Has takygy, Hajyýewiň eden çykyşyndan iki gün soň, ýagny 9-njy maýda irden Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa ýene hüjüme sezewar boldy we saklandy.

68 ýaşyndaky Açylowa “Ýeňiş baýramy” mynasybetli Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Ýadygärlikler toplumyndaky Baky ot ýadygärligine gül goýmak dabarasyny surata düşürmäge baranda, onuň daşyny raýat eşigindäki 15 çemesi adam gabap, onuň surat almaly däldigini aýdýarlar we haýbat atýarlar.

“Soňra ýörite gullugyň işgärleri meniň düşüren suratlarymyň öçürilmegini talap edip başladylar we kameramy aljak boldular. Şondan soň olaryň iki sanysy, hersi bir goltugymdan tutup, meni aşyklygyna süýräp alyp gaýtdylar we ak maşynyň içine dykdylar Haçanda men mundan ýüz öwürenimde, olar elimden sumkamy zorluk bilen alyp, kameradaky ähli düşüren suratlarymy öçürdiler” diýip, Açylowa gürrüň berdi.

Žurnalist gürrüňi edilýän adamlaryň özüne “suratlary öçürmeseň, onda sumkaňda narkotik serişdesi bar diýip, tussag ederis” diýip, haýbat atandygyny, şeýle-de özünden Azatlyk Radiosy bilen işleşmegi bes etmegi talap edendigini sözüniň üstüne goşdy.

Belläp geçsek, bu Soltan Açylowanyň özüni Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň işgärleri diýip tanyşdyran, şeýle-de nämälim adamlar tarapyndan saklanmagy, basyş ýa-da fiziki hüjüm edilmegi bilen baglanyşykly ilkinji waka däl. Açylowa 2016-njy ýylyň ahyryndan bäri 10-a golaý gezek hüjüme sezewar boldy.

Mundanam başga, türkmen häkimiýetleri tarapyndan ençeme ýyllaryň dowamynda basyşlara sezewar edilen Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň ençemesi öz işini bes etdi ýa-da türmä basyldy.

2015-nji ýylyň iýul aýynda türmä basylan Saparmämmet Nepesgulyýew hem şolardan biri bolup, oňa şol ýylyň 31-nji awgustynda neşeli derman serişdelerini saklamakda aýyplama bildirip, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän iri halkara guramalary we Azatlyk Radiosy bu aýyplamalaryň galpdygyny we žurnalistiň öz işi üçin türmä basylandygyny aýdýarlar.

2016-njy ýylyň 3-nji dekabrynda bolsa, Daşoguz welaýatynyň ýörite gulluklary Azatlyk Radiosynda Mekan Täşliýew lakamy bilen çykyş eden Hudaýberdi Allaşowy tussag etdi. Allaşowyň tussaglyk döwründe gynalandygyny waka şaýat bolanlar habar beripdi. Allaşow aradan takmynan iki ýarym aý geçensoň, ýagny 15-nji fewralda şertli tussaglyk hökümi bilen suduň jaýyndan azatlyga goýberilipdir, diýip Azatlygyň welaýatdaky çeşmeleri habar beripdi. Häzirki wagt Azatlyk Radiosynyň Allaşow bilen habarlaşmak synanyşyklary başa barmaýar.

Halkara hukuk toparlarynyň metbugat azatlygy baradaky hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär. “Serhetsiz reportýorlar” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça 2018-nji ýylda ýaýradan hasabatynda, Türkmenistany 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirip, ýurdy “dyngysyz giňeýän gara girdap” hökmünde häsiýetlendirdi.