Delide Türkmenistanyň 28 raýaty bikanun gyzyl söwdasynda tutuldy

Hindistanyň Indira Gandi adyndaky halkara aeroportyň howpsuzlyk işgäri. Illýustrasiýa suraty

Hindistanyň Indira Gandi adyndaky halkara aeroportynyň gümrük departamentiniň howa aňtaw birleşigi 19 kilogram gyzyly kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda aýyplap, Türkmenistanyň 28 raýatyny, şol sanda 22 zenany tussag etdi. Bu barada Hindistanyň media serişdeleri habar berýär.

Читайте также на русском

“The Indian Express” neşiri özüniň 6-njy maýda beren maglumatynda agzalýan türkmenistanlylaryň anna güni aýry-aýry iki wakada tussag edilendigini we ele salnan gyzylyň 60 million hindi rupisine, ýagny ortaça 890 müň amerikan dollaryna barabardygyny aýdýar.

“Gümrük gullugynyň komissary Amandip Singh tussag etmeleri tassyklady. Çeşmelerimiziň aýtmagyna görä, aeroportynyň aňtaw gullugyna ‘Türk howaýollary’ kompaniýasyna degişli uçarda 23 adamdan ybarat bir toparyň Deli şäherine geljekdigi barada ýörite maglumat gowşupdyr” diýip, agzalýan neşir ýazýar.

Resmileriň aýtmagyna görä, Türk howaýollary kompaniýasynyň “T-5539” uçuş belgili uçary aeroporta gonanda, howa aňtaw birleşiginiň agzalary ýolagçylary barlap, 23 türkmenistanlyny tussag edýär. Olaryň geçiren jikme-jik barlaglaryndan soňra, türkmen raýatlarynda üst-üstüne dakylan ýüzüklerden, bileziklerden we zynjyrlardan ybarat gyzylyň üsti açylýar.

“Olar komissaryň kömekçisi S.K.Pandeý tarapyndan soraga çekildi we olaryň mundan öň hem Deli şäherine gelendiginiň üsti açyldy. Öňki gezekde olar 7 kilogram çemesi gyzyly kontrabanda ýollar bilen geçirip, biznesmene satypdyrlar” diýip, neşir tussag edilen türkmenistanly 23 adam soraga çekilýän mahaly, gümrük gullugynyň resmilerine Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasynyň “TK716” uçuş belgili uçarynda ýene-de bäş sany türkmen raýatynyň bikanun ýollar bilen Deli şäherine gyzyl getirýändigi barada maglumatyň gelip gowşandygyny aýtdy.

Maglumata görä, şondan soň howa aňtaw gullugynyň işgärleri bu raýatlary hem saklap, olaryň gyzyly bikanun ýollar bilen geçirmäge synanyşýandygyny anyklaşdyrýarlar.

Hindistanyň habar beriş serişdelerinde bu iş boýunça derňewleriň dowam edýändigi aýdylýar, ýöne tussag edilen türkmen raýatlaryň ykbaly barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Bu mesele boýunça Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.

Belläp geçsek, bu bikanun gyzyl söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda tussag edilmegi bilen bagly ilkinji waka däl.

Şu ýylyň fewral aýynda Azerbaýjanyň haqqin.az neşiri Bakuwyň Halkara deňiz portunyň gümrük gullugynyň gaçak görnüşde Azerbaýjana gyzyl geçirmekçi bolan türkmen raýatlaryny saklandygy barada habar beripdi.

Maglumata görä, “Bagtyýarlyk” ýolagçy paromy bilen Bakuwa gelen türkmen raýatlary Muhammet Çaryýew, Bibimalin Moşyýewa we Oguljennet Pälwanowa dagy 993 gramlyk altyny deklarasiýasyz, ýagny beýannamada hasaba aldyrmazdan Azerbaýjanyň çägine bikanun görnüşde geçirmekçi bolanda serhetde saklandylar.

Şeýle-de, şol aýda Belarusyň Içeri işler ministrliginiň Minsk şäheri boýunça baş edarasy 26 we 36 ýaşlaryndaky türkmenistanly iki doganyň 2-nji fewralda 10 sany göwher daşyny satmakçy bolanda ele salnandygyny habar berdi. Agzalýan edaranyň resmi websaýtynda berlen maglumata görä, olar gymmatbaha daşlary 950 amerikan dollaryna satmak isläpdirler.

Şonda belarus Içeri işler ministrliginiň Minsk şäheri boýunça baş edarasy tussag edilen türkmenistanly iki raýata garşy Belarusynyň Jenaýat kodeksiniň gymmatly metallaryň ýa-da daşlaryň söwdasynyň düzgünini bozmak boýunça 223-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim edipdi.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary türkmenistanly raýatlaryň daşary ýurtlarda tussag edilmegi dogrusyndaky maglumatlar barada dymyp gelýärler. Bu barada ýurduň resmi media serişdelerinde hem ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.