Aýal-gyzlara egin-eşigi we kosmetik serişdeleri üçin jerime salynýar

Illýustrasiýa suraty

Ýakynda Azatlyk Radiosynda Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işleýän zenanlaryň we okuwçy gyzlaryň daşky egin-eşiklerine resmiler tarapyndan çäklendirmeleriň girizilendigi baradaky habarlaryň ýaýramagynyň yzýany, bu çäklendirmeleri berjaý etmedik zenanlaryň işden kowulmagy, hem-de jerimelere sezewar edilmegi ýaly faktlaryň bardygy barada hem maglumatlar peýda boldy.

Читайте также на русском

Özüni Şemşat diýip tanyşdyran aşgabatly zenanyň aýtmagyna görä, Altyn asyr gündogar bazaryna haryt satyn almaga baranda, ony bazara giräýen ýerinde polisiýa işgäri saklap, saçynyň, gaşlarynyň, kirpikleriniň hem-de dyrnaklarynyň näme sebäpden reňke boýalandygy barada sorag edipdir.

Şeýle-de ony, düşünişmek bahanasy bilen, polisiýanyň bazar meýdançasynda ýerleşýän edara jaýyna alyp barypdyr.

“Näme, döwlet syýasatyna garşy bolýarmysyň? Aýal-gyzlaryň saçlaryny, dyrnaklaryny, gaşyny, kirpigni boýamaly däldigi barada berlen görkezmeler saňa degişli dälmi?” diýlen sorag ilkinji sorag bolupdyr.

Soňra polisiýa işgärleri onuň ýeňleriniň gysgadygyny hem-de köýnegniň endam-janyna syrlaşyp durmagynyň gelşiksizdigini aýdyp, aýal-gyzlara degişli görkezmäniň berjaý edilmändigi üçin, jerime tölemeli boljakdygy bilen haýbat atypdyrlar.

Şemşat özüniň bu görkezmelerden habarynyň ýokdugyny aýdyp, gelejekde şeýle geýimleri geýmejekdigine, gaşlaryny, dyrnaklaryny boýamajakdygyna söz beripdir. Emma polisiýa işgärleri onyň jerime tölemelidigini, ýogsa bu ýerden goýberilmejekdigini aýdypdyrlar. Netijede ol bialaç talap edilen 150 manat puly stoluň üstünde goýupdyr.

“Jerimäni alandyklary barada maňa hiç bir çek bermediler. Jerimäni tölemesem, düzgüni bozýanlygym barada protokol düzüp, iş ýerime hem ugradyljakdygy barada aýdansoň, men jerime bilen sypsam razy boldym” diýip, Şemşat aýdýar.

“Jerimäni töläp, ol ýerden gaýtmakçy bolanymda polisiýanyň işgärleri maňa bazaryň içine aýlanman, göni öýüme dolanmalydygym barada hem tabşyryk berdiler” diýip, ol bazardan gerek harytlaryny hem alyp bilmändigini sözüne goşýar.

Şeýle jerimelere sezewar bolýan zenanlaryň bir ýa iki däldigini hem ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

Ele düşen zenan öý hojalykçy bolup çyksa, onda oňa duýduryş berip, gaýtadan şeýle geýinmezligi tabşyryp goýberýärler. Eger-de ele düşen zenan haýsydyr bir edara-kärhanada işleýän bolsa, onda oňa işden kowulmak ýa iş ýerinde çäre görmek ýaly gorkuzmalar bilen, onuň jerime tölemegi talap edilýär diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran bir aşgabatly zenanyň aýtmagyna görä, iş orunlaryny ellerinden alyp, soňra ol iş orunlaryny täze işgärlere satmak üçin, bu girizlen çäklendirmelerden peýdalanýan ýolbaşçylaryň sany hem artypdyr.

Aşgabadyň banklarynyň birinde özlerine şeýle timarlary berip, işe baran zenanlaryň birnäçesiniň işden boşadylandygyny hem ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

Türkmenistanda talyplardan, mekdep okuwçylaryndan birmeňzeş milli eşikleri geýip okuwa we çärelere barmaklyk ozaldan hem berk talap edilýärdi. Indi bolsa olara hem reňkli kosmetik serişdeleri ulanmazlyk, saçlaryny boýamazlyk ýaly gadagançylyklar artdyryldy.

Şol bir wagtda-da, talyplara we mekdep okuwçylaryna hökmany geýmeli diýlip, olardan pul alnyp, birmeňzeş tikilýän milli egin-eşikleriň juda ýakymsyzlygy hem aýdylýar. “Gyşyna sowuk, tomsuna ýakyp barýan matalardan milli eşik tikinmeklik talap edilýär. Bu bolsa ýaş gyzlaryň saglyklaryna juda ýaramaz täsir edýär” diýip, talyp we mekdep okuwçy gyzlary aýdýarlar.

Zenanlaryň geýimlerine, olaryň daşky görnüşlerine, keşbine çäklendirme girizmegiň dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşinden yza galmak bolup durýandygyny aýdýan ýaşaýjylar hem kän.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Aşgabadyň polisiýa departamenti bilen habarlaşyp, kommentariý almak başartmady.