Aýal-gyzlara egin-eşigi we kosmetik serişdeleri üçin jerime salynýar
Ýakynda Azatlyk Radiosynda Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işleýän zenanlaryň we okuwçy gyzlaryň daşky egin-eşiklerine resmiler tarapyndan çäklendirmeleriň girizilendigi baradaky habarlaryň ýaýramagnyň yzýany, bu çäklendirmeleri berjaý etmedik zenanlaryň işden kowulmagy, hem-de jerimelere sezewar edilmegi ýaly faktlaryň bardygy barada hem maglumatlar peýda boldy.