Türkmenistanda ýene bir gezek Bedew baýramy bellenildi we il-günüň adyndan sowgat berlip, döwlet baştutanynyň atlarynyň sany köpeldildi.
Öňki ýyllardan tapawutlylykda, Bedew baýramy bu gezek “milli” baýram diýlip bellenildi, sebäbi prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni bu baýramyň adyny üýtgetmek, ony “Türkmen bedewiniň milli baýramy” diýip atlandyrmak hakyndaky karara gol çekdi.
Читайте также на русском
TDH-nyň maglumatyna görä, bu karar “Türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen” bilen kabul edildi.
Emma ýerli synçylar, şol sanda ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Bedew baýramynyň adatça häzirki döwlet syýasatyny mahabatlandyrmak üçin ulanylýandygyny, hakykatda türkmeniň ahal-teke, ýomut atlary üçin edilmeli işleriň entek juda kändigini aýdýarlar.
Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ýerli synçy Bedew baýramynyň bu gezek hem "ýurtdaky iň kän atly adamyň athanasyndaky saýlama ahal-teke atlarynyň sanyny bikanun köpeltmek, türkmen atlaryny bahanalap, ykdysady krizisiň fonunda at oýnadýan prezidentiň şahsyýet kultuny ýokary götermek üçin peýdalanylandygyny" belledi.
“Bu Bedew baýramy däl, Berdimuhamedow baýramy, ol ýene ykdysady kynçylyklaryň fonunda at oýnatdy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 65 ýaşly aşgabatly Azatlyk radiosyna aýtdy.
Türkmen telewideniýesi Bedew baýramy mynasybetli 28-nji aprelde guralan dabaralaryň - at çapyşyklarynyň, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik adamlarynyň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak bilen bagly çäreleriň dowamynda prezidente gaýta-gaýta alkyş aýdylyşyny görkezdi.
Welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň, Aşgabat şäheriniň ilatynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, atşynaslaryň adyndan sowgat berlen atlar gowşurylanda, ilki sowgat atyň ady dabara bilen yglan edilip, soňra sowgat aty gowşurýan ýaşulularyň aýdýan alkyşly sözlerinden,ýörite goşgy-gazal öwredilen çagalaryň alkyşly goşgularyndan hoşal bolan Berdimuhamedow özüne berlen peşgeşler üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Prezident Berdimuhamedowa mundan öňki Bedew baýramlarynda hem ençeme gezek at sowgatlary berildi, emma döwlet eýeçilgindäki metbugat onuň atlarynyň sanynyň näçä ýetendigini, ol atlara nähili ýagdaýda, kimiň we nämäniň hasabyna ideg edilýändigini aýdyňlaşdyrmaýar.
Mundan öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu gezek prezidente sekiz atyň ýany bilen it hem sowgat berildi, ýagny atşynaslaryň adyndan berlen sowgadyň gapdalyndaky sandykdan alabaý itiniň güjügi hem çykdy.
Soňra Berdimuhamwedow atşynaslaryň sowgat beren Ak ýol atly atynyň “küştdepdi” tansyny hem ýerine ýetirip bilýändigini aýdyp, muny barlap görmegi teklip etdi.
TDH Berdimuhamedowyň çapyksuwaryň egin-eşiginde, ak reňkli Ak ýol bedewine atlanyp, eline güjük alyp, ata erk etmegiň “ajaýyp ussatlygyny” görkezendigini habar berýär.
Neşiriň tassyklamagyna görä, “Ak ýol atynyň ady” ýurtdaky “bagtyýarlyk döwri” bilen bagly. Resmi habaryň dowamynda ak reňk we onuň manysy, türkmenleriň bu reňke "gadymy döwürlerden bäri mukaddeslik hökmünde garaýşy" hakynda uzyn nutuk sözlendi.
Bedew baýramynda jemi jemlenen gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan Berkakarlyk atly atyň eýesine, at çapyşyklarynda we döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlara prezidentiň adyndan baýraklar, pul sylaglary gowşuryldy.
Şeýlelikde, Bedew baýramy prezident Berdimuhamedowy alkyşlaýan aýdym-sazlar bilen başlanyşy ýaly, alkyşly aýdymlar bilen hem jemlendi. TDH ol aýdymlarda “türkmenistanlylaryň başdan geçirýän belent buýsanç we bagtyýarlyk duýgularynyň wasp edilendigini” nygtady.
TDH-nyň habarlaryndan tapawutlylykda, garaşsyz habar serişdelerinde Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi, işsizligiň ýokary derejelere baryp ýetmegi bilen bir hatarda, azyk harytlarynyň barha gymmatlaýandygy, manadyň dollaryň garşysyndaky kuwwatynyň barha pese gaçýandygy habar berilýär.