Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji apreldäki hökümet maslahatynda “ähli guramalaryň we kärhanalaryň durnukly maliýe ýagdaýyna berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny” belledi.
Şeýle-de prezident ýurduň hereket edýän salgyt kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty diňledi.
TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow “dünýä tejribesinde synagdan geçen we halkyň milli aýratynlyklaryna laýyk gelýän maliýe ýygymlarynyň täze görnüşlerini girizmegi teklip edýär”.
Şeýle-de neşir prezidentiň “häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, býujete goşmaça salgyt we beýleki ýygym serişdeleriniň gelip gowuşmagyna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamagy” tabşyrandygyny habar berýär.