Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň goňşy Özbegistana eden iki günlük resmi sapary düýn tamamlandy.
Sapara gysgaça seretsek, 23-nji aprel güni türkmen prezidenti Daşkende bardy. Mirziýoýew kärdeşini özüniň döwlet kabulhanasynda garşylady. Prezidentleriň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Soňra gepleşikler taraplaryň wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagynda giňişleýin formatda dowam etdi.
Iki günlük resmi saparyň dowamynda myhman prezidentiň hormatyna Daşkentde içinde ahal-teke atlarynyň heýkelleri oturdylan “Aşgabat” seýilgähi açyldy, Horezm welaýatynda türkmen liderini Özbegistanyň sungat işgärleri milli türkmen lybaslarynda garşy aldy, ol ýerde howlusynda türkmeniň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylan türkmen-özbek “Dostluk öýi” açyldy.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy prezidentleriň Horezme sapar eden güni Ürgençde hereketiň çäklendirilendigini, özbegistanly talyplaryň köçede ýagyşly howada sagatlap garaşdyrylandygyny habar berdi.
Özbek prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, iki ýurduň arasynda transport we üstaşyr ulgamlarda, oba hojalygy pudagynda, ylym we tehnikany ösdürmekde, kärdeşler arkalaşyklary boýunça, şeýle-de region ara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde we şuňa meňzeş beýleki ugurlarda 17 resminama gol çekildi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky gatnaşyklar boýunça hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça 15 sany resminama gol çekilendigi habar berildi. Ýokary derejeli duşuşyklarda jemi 33 resminama gol goýuldy.
Eýsem, gol çekilen köpsanly ylalaşyklardan hem-de, umuman, bu saparyň netijelerinden nämelere garaşmaly diýen sorag bilen Merkezi Aziýa boýunça eskpert Brýus Panniýere ýüzlenilende, ol: “Gysgaça, hiç zada!” diýip jogap berdi.
Ekspert bu saparyň esasan jogap duşuşygy bolandygyny aýdyp, hökümet başyna geçensoň Mirziýoýewiň Türkmenistana üç gezek resmi sapary amala aşyrandygyny ýatlatdy.
“Mirziýoýew geçen ýylyň dowamynda Türkmenistana üç gezek sapar etdi. Şol sebäpden, Özbegistana sapar etmek Berdimuhamedow üçin gaýragoýulmasyz boldy. Elbetde, iki prezidentiň duşuşmagy oňlarlykly hadysa. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde oňyn ädim” diýip, ekspert duşuşyklaryň mazmunyna salgylandy.
“Saparyň netijelerine ser salnanda, gol çekilen ylalaşyklar esasan bilim pudagynda ýa-da sport boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek we şuňa meňzeş meseleler barada gol goýlan şertnamalardyr. Bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda taryhy pursatlar däldir” diýip, ekspert saparyň netijeliligine şübhe bildirdi.
“Näme üçin saparyň dowamynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň “D bölüminiň” gurluşygy barada maslahat edilmedi. Belki-de, ara alyp maslahatlaşandyrlar, ýöne men bu meseläniň gozgalyp-gozgalmandygy bilen ýörite gyzyklandym. Onuň duşuşyklarda agzalyp geçilendigi barada aýdylan maglumatlara duş gelmedim. Türkmen-Hytaý gaz geçirijisiniň “D bölümi” hakykatdanam Türkmenistan üçin peýdaly bolup bilerdi. Geçen ýyl Özbegistan bu gaz geçirijiniň öz üstünden geçýän böleginiň gurluşygyny yza süýşürensoň, taslama durmuşa geçirilmän saklanýar. Gaz geçirijiniň iň gysga bölegi Özbegistanyň üstünden geçmeli. Özbegistan özüniň türkmen-hytaý gaz geçirijisiniň “D bölüminiň” gurluşygyna başlamaga taýýardygyny mälim etmedi. Bu taslamanyň üsti bilen 30 milliard kub metr arassa türkmen gazy Hytaýa satylardy” diýip, Brýus Panniýer belledi.
Žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, özbek prezidenti Mirziýoýew Özbegistanyň bahasy 8-10 milliard dollara barabardygy aýdylýan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşyp biljekdigini aýtdy. Halkara metbugatynda özbek prezidentiniň TOPH barada eden çykyşyna üns çekildi.
Ýöne Merkezi Aziýa boýunça ekspert Özbegistanyň TOPH-yň gurluşygyna gatnaşmagyna şübheli garaýar.
“Biz [Özbegistanyň bu taslama gatnaşmagy beýlede dursun] TOPH-yň özüniň gurluşygynyň durmuşa geçip geçmejekdigini doly bilemizok. Muňa köpler şübheli garaýar. Taslamanyň Owganystandan geçýän bölegi doly owgan hökümetiniň eýeçiliginde däl. Şonuň üçin Özbegistan häzir wada beriberýär, ýöne birden taslamanyň gurluşygyna başlanaýsa, Özbegistanyň etjek goşandyny göreris” diýip, ekspert belledi.
Berdimuhamedowyň Özbegistana eden iki günlük resmi saparynyň dowamynda, serhediň iki ýakasynyň ýaşaýjylara-da, iki ýurduň arasyndaky wiza düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegine garaşypdyrlar.
Azatlyk Radiosy bu barada serhediň özbek tarapyndan taryhçy Nemat Polwonow bilen 23-nji aprelde söhbetdeş bolanda, ol adamlaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gelim-gidime edilýän gözegçiligiň gowşadylmagyna umyt bildirýändigini aýdypdy.
“Serhediň üstünden päsgelçiliksiz gelim-gidim bolsa, alyş-çalyş bolsa...[gowy bolardy]. Sebäbi biziň gelip çykyşymyz bir, dinimiz bir, dilimiz bir... Halklar birek-biregi mydama gowy görýär. Biz uly umyt bilen garaşýarys!” diýip, ol aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň serhediň türkmen tarapyndaky çeşmesi 25-nji aprelde Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde habarlaşanda, saparyň adaty halkyň tamasyny ödemändigini aýtdy. “Ýönekeý halka hiç hili peýdasy bolmady” diýip, ol gürrüňdeşlikde iki ýurduň arasyndaky wiza režiminiň ýatyrylmandygyna ünsi çekdi.