Kazan federal uniwersitetinde ýokary bilim alýan onlarça türkmenistanly talyp okuw tölegleri bilen bagly meseleler sebäpli kynçylyklara duçar bolýar. Has takygy, olaryň ene-atalarynyň Türkmenistanyň döwlete degişli banklaryndan, baryp şu ýylyň fewral aýynda tölän okuw töleglerini türkmen banklary henizem agzalýan ýokary okuw jaýyň hasabyna geçirenok. Bu barada şeýle kynçylyklary başdan geçirýän bir talyp atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyga habar berdi.
Читайте также на русском
“Okuw töleglerini tölemedik talyplar halkara studentleriň kabinetinde özleriniň 1-nji maýa çenli okuw töleglerini geçirjekdikleri barada düşündiriş ýazdy. Eger-de şol görkezilen senä çenli Türkmenistanyň döwlet banklary tölenen okuw töleglerimizi geçirmese, bizi okuwdan kowýarlar” diýip, talyp gürrüň berdi.
“Ene-atalarymyz baryp fewral aýynda Türkmenistanyň döwlet banklarynda okuw jaýymyzyň tölegleri bilen bagly bank amallaryny ýerine ýetirdiler. Ene-atalarymyz pulumyzy banka tölediler, ýöne Türkmenistanyň banklary özlerine tölenen okuw töleglerimizi ýokary okuw jaýynyň hasabyna henizem geçirenok” diýip, ol aýtdy.
Şeýle-de, okuw çykdajylarynyň möçberi barada gürrüň eden talyp, “jemi bir ýyl üçin 1800 dollar tölemeli. 1-nji ýarym ýyllyk üçin 900 dollar töläpdik, indi ikinji ýarym ýyllyk üçin 900 dollar tölemeli” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Özlerine berlen soňky möhletiň 1-nji maýdygyny ýatladan talyp, türkmen banklaryndan alan VISA kartlary boýunça dowam edýän bökdençliklere-de degip geçip, olaryň “käwagt işlese, köplenç işlemeýändigini” aýtdy.
“Kazan federal uniwersitetiniň Naberežnoçelninskiý institutyndan azyndan 32 adam “otçisleniýe” ediler” diýip, talyp maglumat berdi.
Kazan federal uniwersiteti agzalýan meseleleri teswirlemekden ýüz öwürdi.
Agzalýan ýokary okuw jaýynyň resmi websaýtynda, Orsýetiň wiza talap etmeýän GDA ýurtlaryndan gelip okaýan talyplaryň okuw tölegleriniň möçberiniň üstümizdäki 2018/2019 okuw ýylynda, Russiýa Federasiýasynyň raýatlarynyň töleýän tölegleri bilen deňleşdiriljekdigi bildirilýär.
Türkmenistandaky ykdysady ysgynsyzlygyň ýitelmegi bilen soňky döwürlerde daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplary okaýan ýurtlarynda maliýe kynçylyklaryna sezewar boldular.
Ýatladyp geçsek, mundan ozal, has takygy fewral aýynyň ikinji on günlüginde Ukrainada okaýan türkmenistanly talyplar türkmen banklaryndan alan kartlarynda bar bolan maliýe serişdelerini bankomatlarda nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini aýdyp habarlaşypdylar.
“Biz kartymyzdan düýbünden pul çekip bilemizok. 10 günden bäri günde [pul çekmek üçin] banka barýas, ýöne bankyňyza jaň ediň diýilýär” diýip, galagoply ýagdaýlary başdan geçirýän türkmen talyplary baryp fewral aýynda habar beripdiler.
Şeýle-de, aprel aýynyň başynda, Belarusyň Döwlet medisina uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary Türkmenistandan ýurduň banklary arkaly ugradylan okuw tölegleriniň Belarusdaky ýokary okuw jaýynyň bank hasabyna wagtynda geçmeýändigi üçin, özlerine okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny aýdyp maglumat beripdiler.
Şonda: “Biziň okuw töleglerimiz 20-nji fewralda Türkmenistandaky banklara geçirildi, ýöne türkmen banklary bu tölegleri Belarusdaky ýokary okuw jaýymyzyň hasabyna geçirmändir. Uniwersitetimiz tölegleriň 1-nji aprele çenli geçirilmegini talap edipdi” diýip, türkmenistanly anonim talyp gürrüň beripdi.
Şondan soň aradan iki hepdä golaý wagt geçensoň, apreliň ortalarynda Orsýetde okaýan onlarça türkmen talyby birmeňzeş kynçylyklary başdan geçirýändiklerini aýdyp, gizlinlik şertlerinde habarlaşdylar. Belarusdaky we Kazandaky talyplardan tapawutlylykda olar, esasan, türkmen banklaryndan alan MasterCard bank kartlarynda bar bolan pullaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýändiklerini, munuň netijesinde, maliýe kynçylyklaryna duçar bolýandyklaryny, hatda şol sebäpden okuw töleglerini töläp bilmän, özlerine okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny aýdyp çykyş edipdiler.
Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň sezewar bolýan maliýe kynçylyklary 2017/2018-nji akademik okuw ýylynda has-da ýitileşdi. Döwlet resmileri öňe sürülýän kynçylyklary ykrar etmeýär. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde-de agzalýan kynçylyklar barada dil ýarylmaýar.