Daşoguzda Çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň sany "90% azaldy"

Balkanabat. Çagalar bagy.

Daşoguz welaýatynyň çagalar baglarynda okuw tölegleri 10 esse gymmatlansoň, çagalar baglaryna gatnaýan okuwçylaryň sany ep-esli azaldy.

“Okuw tölegleri 10 esse gymmatlansoň, welaýatda çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň sany 90 % dagy azalandyr” diýip, welaýatda ýurduň demirgazyk regionyndaky ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan habarçymyz habar berdi.

Ol ýerli ýaşaýjylaryň welaýatyň körpeler üçin niýetlenen bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan işlerden juda nägile bolýandygyny gürrüň berdi.

Çagalary okuwa gatnaýan ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, çagalar baglarynyň terbiýeçileri öz işlerine sowuk-sala çemeleşýärler, hatda olar çagalaryň şahsy gigiýenasyna-da seretmeýärler diýip, habarçymyz aýdýar.

Şeýle-de, habarçymyzyň ýerli ýaşaýjylara salgylanyp gürrüň bermegine görä, çagalar baglarynda körpelere berilýän naharlaryň hili pes bolmagynda galýar.

“Körpeler çagalar baglarynda aç bolýandylaryny aýdyp, okuwa gatnamakdan ýüz öwrüp başlapdyrlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Boldumsazdaky bir çagalar bagynda bolýan hadysalary ene-atalara salgylanyp suratlandyran habarçymyz: “Işgäler çagalary gorkuzyp ukladýarlar, özleri bolsa çagalaryň iýjek iýmitlerini öýlerine daşaýarlar” diýdi.

Daşoguz welaýatyndan maglumat beren habarçymyz çagalar baglaryna gatnaýan we san taýdan ozalky ýyllara garanyňda 90% azalan çagalaryň arasynda sarygetirme we beýleki keselleriň hem ýygy göze ilip başlandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ol Boldumsazyň bu çagalar bagyndaky ýagdaýyň welaýatyň başga-da köp sanly çagalar baglaryna degişlidigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýatladyp geçsek, çagalar baglarynyň okuw tölegleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen geçen ýylyň oktýabr aýynda Mary welaýatynda-da perzentlerini okuwdan alyp galan ene-atalaryň kynçylyklary barada maglumatlar peýda bolupdy.

Galyberse-de, mundan ozal çagalar baglarynyň okuw tölegleriniň 8 manatdan 80 manada çykarylmagy zerarly, perzentlerini çagalar baglaryna gatnadýan daşoguzly zenanlaryň welaýatyň administratiw merkezinde 10-njy oktýabrda geçiren kiçi gerimli protest çäreleri barada Türkmenistan bilen baglylykda seýrek ýüze çykýan habarlar peýda bolupdy.

Şonda Daşoguz şäherinde aglabasy aýallardan ybarat bolan topar ilki arzyny diňletmek üçin welaýat bilim müdirligine ýöriş çäresini gurnapdy. Welaýat bilim bölüminde bir resminiň "şäher häkimligine gidip, arzyňyzy ýetiriň" diýen maslahatyndan soň, nägilelik ýörşini gurnaýan köpçülik Daşoguz şäher häkimligine tarap hereket edipdi. Ýöne “OMON” güýçleri protestçileriň daşyny gabap, olaryň öňüni baglapdy.

Türkmenistanyň döwlet mediasynda ýurtda täzelikde gurlup ulanylmaga berilýän çagalar baglary baradaky reportažlar yzygiderli efire berilýär. Ýöne olarda çagalar baglarynyň ýokarlananan tölegleri, ene-atalaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat berilmeýär.