Türkmenistanda awtobusyň ýol heläkçiligine uçramagy zerarly azyndan 17 adam wepat boldy

Çagalaryň dynç alyş merkezi, Çüli

Şenbe güni 14-nji aprelde Türkmenistanda ýol heläkçiligi zerarly azyndan 17 adam wepat boldy.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, ýol hadysasy 14-nji aprelde ýerli wagt bilen öýlän sagat bäş töwereginde Çüli jülgesiniň golaýynda bolupdyr.

Bu meşhur dynç alyş zolagy paýtagt Aşgabatdan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Ýerli çeşmeleriň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, bazar güni irden pidalaryň sany 17 adama ýetipdir. Ýaralananlar barada takyk maglumat ýok.

Ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri awariýanyň esasy sebäplerini awtobusyň çakdan aşa ýüklenen bolmagynda we howa şertleriniň ýaramazlygynda görýärler. Şenbe güni bu ýerde ýagyş ýagypdyr. Gara ýoluň taýpançak bolmagy sebäpli içi ýolagçylardan hyryn-dykyn awtobusyň sürüjisi ulaga erk edip bilmän, ýoluny ýitiripdir. Netijede, awtobus agdarylyp, ýoluň gyrasyndaky çukura gaçypdyr.

Ilkinji netijelere görä, ýol heläkçiligine uçran awtobus Hunday kysymly ulag bolup, onuň içindäki ýolagçylaryň sanyny entek anyklap bolmady. Şaýatlaryň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, heläk bolanlaryň ençemesi keselhana eltilipdir.

Çüli jülgesi Aşgabadyň Arçabil etrabyna degişli. Bu etrapda ýaşaýyş nokatlar ýok, ýerli ilat 2000-nji ýyllaryň başynda bu ýerden göçürilipdi. Ýaşaýyş jaýlaryň ýerine bu ýerde uly jemgyýetçilik toplumlary guruldy.

Çüli zolagynda pudaklara degişli dynç alyş merkezler we çagalaryň dynç alyş öýleri ýerleşýär. Häzirki wagtda Çülä esasan dürli pudaklaryň işgärleri, şeýle-de köp bolmadyk syýahatçy we alpinist toparlar gatnaýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar serişdeleri adatdakysy ýaly bu ýol heläkçiligi we köp sanly adam pidalary barada hem habar bermediler. Ýol heläkçiliginiň bolan ýeriniň daşy bu makalanyň çap edilen wagtynda entek bagly bolmagynda galýardy.