Türkmenistanda 'açylan' jenaýatlar azalýar, alnan paralaryň, ogurlanan pullaryň möçberi aýdylmaýar

Aşgabat, awtobus duralgasyndaky adamlar.

Türkmenistanda üsti açylandygy aýdylýan ykdysady jenaýatlaryň möçberi azalýar, şol bir wagtda-da üsti açylan jenaýatlarda döwlete ýetirilen zyýanyň we emeldarlaryň elden-ele geçiren para-pullarynyň möçberi aýdylmaýar.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň başlygy Mämmethan Çakyýewiň bu wezipeden boşadylyp, hökümet başlygynyň orunbasarlygyna bellenen güni, 11-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda beren hasabatyna görä, soňky döwürde üsti açylan ykdysady jenaýatlaryň sany öňki hasabatlardaky bilen deňeşdirilende azrak görünýär.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreş geçen ýylyň maý aýynda, Aşgabatda bir milliarddan gowrak amerikan dollaryna gurlan täze uçar menziliniň gurluşygynda ýol berlendigi aýdylýan kemçilikler, hökümet başlygynyň orunbasary Batyr Ereşowyň gümürtik ölümi bilen baglylykda başlandy.

Hökümete ýakyn çeşmeleriň maglumatyna görä, Batyr Ereşow korrupsiýa derňewleri bilen baglylykda özüni heläkledi, ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýew tussag astyna alyndy. Şondan soň türkmen telewideniýesi onlarça emeldaryň türmä basylandygyny habar berdi, kanun goraýjy edaralarda bir topar kadr çalşygy geçirildi.

Prezident Berdimuhamedow Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky döwlet gullugyny döretmek bilen, eýeleýän wezipesine garamazdan, korrupsiýa baş goşan döwlet emeldarlarynyň ählisine berk çäre görüljekdigini gaýta-gaýta wada berdi. Emma muňa garamazdan, ýerli synçylar korrupsiýa garşy göreşiň başlanan wagtyndakydan kem-kem gowşadylandygyny, üsti açylandygy aýdylýan jenaýatlaryň bolsa barha azalýandygyny belleýärler.

Ministrler kabinetiniň 11-nji apreldäki mejlsinde berlen hasabata görä, aýry-aýry ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen barlaglar korrupsiýanyň geriminiň örän giňdigini ýene bir gezek tassyk etdi.

Mysal üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary E.Rejebow 2015 — 2017-nji ýyllarda komitetiň garamagyndaky edaralar üçin enjam satyn almak barada şertnama baglaşanda, döwletiň kanuny bähbitlerini düýpli bozup, ynanylan emlägi bikanun harçlapdyr diýip, Çakyýewiň hasabatynda aýdylýar.

Oba we suw hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň başlygy Meret Geldiýew bolsa, oba hojalyk pudagynda ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşylanda, olaryň ýolbaşçylaryndan para alypdyr.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň Lebapda suwuklandyrylan gaz öndürýänönümçilik edarasynda hem korrupsiýa faktlarynyň üsti açyldy. Naýypdaky suwuklandyrylan gazyň saklaylýan we ýüklenilýän terminalynyň başlygyÝ.Bazarow daşary ýurt kompaniýalaryndan para alypdyr diýip, Çakyýew aýtdy.

Elbetde, Bazarow bu işi ýekelikde etmändir we onuň jenaýat şärikleriniň hem birnäçesiniň jogapkärçilige çekilendigi habar berilýär.

“Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Parahat nebit kärhanasynyň başlygy N.Muhammetorazow, garamagyndaky ýangyç guýujy beketleriň operatorlary G.Annakulyýew, M.Geldiýew, M.Beknazarow, A.Bäşimow hem-de W.Maşkarin dagy bilen deslapdan dilleşip, ýangyç goýberiji nokatlarda ýörite kem guýujy enjamlary ornaşdyrmak bilen, satylan her 10 litr ýangyçdan 0,8 litr kem guýupdyr.

Çakyýewiň bu sözleri Azatlygyň çeşmeleriniň ýangyç stansiýalarynda sürüjileriň “kisesine girilýändigi” barada beren maglumatlaryny tassyk edýär.

Mary galla önümleri kärhanasynyň Tagtabazar etrabyndaky 7-nji kabul ediş bölüminiň wezipeli işgärleri bolsa,galla tabşyrýan daýhanlaryň hasylyny yzygiderli kem ölçäp, daýhanlaryň kisesine girip gelipdir.

Senagat ministrliginiň “Türkmendaşlary” önümçilik birleşiginiň Kelete daş-çagyl kän müdirliginiň başlygy Ç.Toýçyýew bolsa, satylan daşlaryň käbir töleglerini kärhana girdeji etmändir diýip, hasabatda aýdylýar.

Bu sanawy ýene dowam etdirmek mümkin. Çakyýew Bereket kän müdirliginiň başlygy K.Hojamberdiýewiň, Köneürgençdäki Awtoulaglar kärhanasynyň ýangyç we ýaglaýyş enjamlary bölüminiň başlygy D.Ataýewiň "eden bikanun işleri" hakynda hem durup geçýär.

“Türkmen-Türk” paýdarlar täjirçilik bankynyň karzlary bermek we dolandyrmak müdirliginiň başlygy Ş.Saparlyýew bolsa, dört sany hususy telekeçä önümçilik maksatly karz serişdelerini alyp berendigi üçin olardan para almakda aýyplanýar.

11-nji aprelden bäri Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugyna täze direktor, M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýär. Prezident Berdimuhamedow oňa“degişli derňew çärelerini yzygiderli dowam etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi”.

Emma Azatlygyň çeşmeleri, ýerli synçylar korrupsiýa garşy göreşiň örän gowuşgynsyz we has aşaky derejelerde alnyp barylýandygyny, onuň täsiriniňýönekeý adamlaryň durmuşyna özgerişlik getirerden pesdigini belleýärler.

Halkara korrupsiýa hasabatlarynda Türkmenistan köplenç iň korrumpirlenen ýurtlaryň arasynda agzalýar.