Türkmenistanyň prezidenti korrupsiýa garşy göreşmek baradaky döwlet maksatnamasynda bellenilen ähli çäreleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada sişenbe güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde çykyş etdi.
Maslahatyň dowamynda Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory jikme-jik maglumatlary bermese-de, gullugyň ähli işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi boýunça görülýän çäreler barada hasabat beripdir.
Berdimuhamedow-da öz gezeginde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary beripdir.
Emma döwlet mediasynda Mämmethan Çakyýewiň hasabatynda bolşy ýaly, prezidentiň “anyk” tabşyryklarynyň-da mazmuny we häsiýeti barada hiç hili maglumat berilmedi.
Şol bir wagtda, maý aýynyň başynda korrupsiýa garşy yglan edilen giň möçberli göreşiň çäklerinde, soňky döwür ýokary derejeli resmileriň nobatdaky tapgyrynyň tussag edilendigi barada maglumatlar gowuşdy.
Geçen aýyň başynda, Senagat ministrliginiň “Türkmen Demir önümleri” kärhanasynyň başlygy Merdan Babaýew, onuň orunbasary Döwran Allakulyýew, Dokma senagaty ministrliginiň Ahal welaýat birleşiginiň başlygynyň orunbasary Allanazar Ýazberdiýew, Daşoguz şäher häkimliginiň ýanyndaky “Daşoguzhyzmat” hojalyk hasaplaşygy kärhanasynyň başlygy Kerimbaý Mätnazarow dagy korrupsiýa we parahorlyk aýyplamalarynda aýyplanyp, döwlete ýetiren aýratyn uly möçberlerdäki zyýanlary üçin tussag edilendigi habar berlipdi.
Mundan owal-da, korrupsiýa aýyplamalary bilen prokuratura we içeri işler edaralarynda köpçülikleýin arassalaýyş işleri geçirildi.
Maý aýyndaky korrupsiýa galmagaly, Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, prezidentiň “Aşgabat-2017” oýunlaryny geçirmek üçin telekeçilerden we gurply adamlardan serişde toplamak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezligi hem-de prokuratura işgärleriniň käbiriniň öýi dökülende millionlap dollaryň tapylmagy bilen turupdyr.
Ýerli çeşmeler ozalky wise-premýer Batyr Ereşowyň tarpa-taýyn ölümini hem alnyp barylýan derňewler bilen baglanyşdyryp, onuň özüni heläkländigini, işden aýrylan ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň bolsa türmä basylandygyny aýtdylar. Emma resmi Aşgabat syzyp çykan bu maglumatlara hiç hili reaksiýa bildirmedi.
Ýöne synçylar ýurtdaky turan korrupsiýa galmagalynyň, içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç berilmegi, Ykdysady jenaýatlara garşy ýörite gurama döredilmegi bilen, hakykatdanam belli bir derejede korrupsiýa garşy göreş häsiýetine ösüp geçendigini, emma kanunçylygyň hemmeler babatda deň ulanylmaýandygyny belleýärler.
Galyberse-de, halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistanda korrupsiýanyň giňden ýaýrandygy nygtalyp geçilýär.