Türkmenistanlylar "ogry bankomatlardan" zeýrenýärler

Bankomatdan pul çykarýan müşderiler.

Türkmenistanda plastik bankomatlaryň tehniki näsazlyklary we käte müşderileriň puluny köýdürmegi netijesinde “ogry bankomatlar” diýen aňlatma döredi.

Читайте также на русском

Azatlygyň çeşmeleri bankomatlaryň “pul iýmeginiň” ýa-da müşderiniň puluny köýdürmeginiň soňky bir ýylda gürelendigini, bankomatlaryň ilki oturdylan ýyllarynda beýle ýagdaýyň bolmandygyny habar berýärler.

Azatlyk radiosyna soňky gowşan maglumata görä, şeýle ýagdaý 10-njy aprelde, Aşgabadyň “10 ýyl Abadançylyk” köçesinde hem boldy; “Türkmenistan” bankynyň “Mir-4” etrapçasynda ýerleşýän şahamçasyna degişli bankomatda birbada iki müşderi öz puluny köýdürdi.

Müşderileriň biri 800, beýlekisi 620 manadyny köýdürdi. Olaryň biri öz plastik kartyny “Daýhanbankda” açdyran bolsa, beýlekisi “Türkmenistan” bankynda açdyrypdyr” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi habar berdi.

Bu adamlaryň ikisi hem arz edip baranda, “arzaňyzy goýup gidiň, bäş günden, bir hepdeden habar tutuň, näme bolanyny anyklarys” diýen sowuk jogaby aldy” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan beýleki ýaşaýjylaryň hem birnäçesi bankomatlaryň käbiriniň “pul iýmek” häsiýetiniň bardygyny tassyk etdi.

Eýsem, bankomatlar adamlaryň puluny nähili köýdürýär?

Azatlygyň çeşmesi bilen söhbetdeş bolan adamlaryň sözlerine görä, bank hasabynda bar bolan serişdesiniň möçberini görüp, puluny nagtlaşdyrjak bolýan adamlar käte bankomatyň öňünde köpräk garaşmaly bolýarlar. Bu gowy alamat däl. Eger operasiýa şowly geçýän bolsa, bir minutdan uzaga gitmän ekranda puluň möçberi peýda bolýar.

Emma käbir könelişen, tehniki taýdan gowy hyzmat edilmeýän bankomatlarda bolsa, “Siziň buýurmaňyz amal edilýär” diýen ýazgydan soň adamlar 3 minut çemesi garaşýarlar we ahyrynda ekranda “maliýe operasiýasyny geçirmek üçin berlen wagt tamam boldy, siziň buýurmaňyz amal edilmedi” diýen ýazgy peýda bolýar. Müşderiler pul çykarjak bolup, ýene birki gezek synanyşýarlar we ýene şol bir jogaplary alýarlar.

Ýöne mesele diňe munda hem däl. Müşderiler soň başga bankomatlardan pul çykarmaga synanyşýarlar we diňe şondan soň pullaryny köýdürendiklerini bilip galýarlar. Sebäbi ikinji bankomatda olaryň nagtlaşdyrmakçy bolýan pulunyň hasabynda bar bolan serişdeden kändigi baradaky ýazgy peýda bolýar. Soň olar hasaplaryndaky serişdäni barlap, öňki bankomatdan çykarmakçy bolan, emma çykaryp bilmedik serişdeleriniň eýýäm öz hasaplarynda ýokdugyny bilip galýarlar.

Netijede, ör-gökden gelen müşderiler degişli ýere ýüz tutýarlar we olara kart alan bankyna barmak we arza ýazmak maslahat berilýär.

Şeýle-de çeşme arza ýazan adamlaryň hemmesiniň soň köýdüren puluny alyp bilmeýändigini aýdýar.

Eger arz edýän adam dogumly, öz hakyny gorap biljek adam bolsa, onuň puly 25 gün, bir aý çemesi wagtdan “tehniki näsazlyk boldy” diýen jogap bilen yzyna berilýär, emma arzaçy gowşak adam bolup görünse, oňa “biz barladyk, bankomatyň ýanyndaky wideokameranyň ýazgysy seniň pul alandygyňy görkezýär, sen bizi aldap, iki gezek pul aljak bolýarsyň” diýip jogap berýärler.

Türkmenistanda plastik kartlar arkaly pul nagtlaşdyrmak düzgüni 3,5-4 ýyl çemesi ozal girizildi we häzirki ulanylýan bankomatlaryň tas hemmesi diýen ýaly şol wagtlarda oturdyldy. Bank işgärleriniň biriniň Azatlygyň çeşmesine aýtmagyna görä, bu bankomatlara edilýän tehniki hyzmat “juda ýabygorly” bolmagynda galýar. Bankomatlara tehniki hyzmat edýän hünärmenler bu ýagdaýy zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligi, olaryň daşary ýurtlardan ýeterlik möçberde satyn alynmazlygy bilen düşündirýärler.

Bankomatlaryň pul iýmegi häli-şindi bolýan ýagdaý, men ýörite gyzyklanyp görsem, şeýle wakalar Mary, Daşoguz, Balkanabat şäherlerinde bolýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Şeýle-de, apreliň başynda girizilen düzgüne görä, ýaşy 65-e ýetmedik pensionerleriň hem pensiýa pullary bankdan berilmän, plastik kartlara geçirilýär.

Bankomatlaryň “pul iýmek” gylygyndan habarly pensionerler häzirden “plastik kart diýen artyby nireden tapdylar?” diýip, uly alada galýarlar.