Berdimuhamedow dört wise-premýerine berk käýinç we duýduryş yglan etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň dört wise-premýerine berk käýinç we duýduryş yglan etdi.

"Türkmenistan Altyn Asyr" websaýtynyň maglumatyna görä, 6-njy aprelde türkmen lideri bu baradaky karara gol çekip, "wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmändigi we işde goýberen kemçilikleri" üçin wise-premýerler Baýram Annameredow Gurbandurdyýewiçe we Maksat Babaýew Mämmetsaparowiçe berk käýinç yglan etdi.

Şeýle-de wise-premýerlere ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi üçin soňky duýduryş hem berildi.​

Belläp geçsek, Baýram Annameredow ýurduň ulag we aragatnaşyk we Maksat Babaýew nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýär.

Mundanam başga, Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, öz ýolbaşcylyk edýän ministrliklerine we pudak edaralaryna gözegçiligi gowşadandygy üçin Dädebaý Amangeldiýew Saparowiçe we Kerim Durdymyradow Hajyýewiçe duýduryş yglan etdi.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugynyň maglumatyna görä, Amangeldiýew gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy ulgamlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýär. Durdymyradow ýurduň senagat pudagyna gözegçilik edýär.

Türkmen metbugatynda berk käýinç we duýduryş yglan edilen resmileriň “işde goýberen kemçilikleri” barada jikme-jik maglumat agzalmaýar.

Maglumat üçin ýatlatsak, prezident Berdimuhamedow aýry-aýrylykda 2-nji fewralda we geçen ýylyň 17-nji noýabrynda Amangeldiýewe berk käýinç we soňky duýduryşyny beripdi.

Şeýle-de, geçen ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen lideri ýurduň ýangyç-energetika toplumynda ösüşleriň bolandygy baradaky sanlar bilen tanyş bolsa-da, “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän pudaklarynda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin” wise-premýer Maksat Babaýewe hem käýinç yglan edipdi.